Soňky
Press reliz
16 iýul 2024
Türkmenistan we BMG ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitýäler: Strategik maslahatlar geňeşiň ikinji mejlisi
Has köp öwrenme
Press reliz
12 iýul 2024
BMG we Türkmenistan DÖM-i maliýeleşdirmegi ösdürmek boýunça duşuşdylar
Has köp öwrenme
Wideolar
01 iýul 2024
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Merkezi Aziýanyň işgärlerine wideo habary
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 maý 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.
![](/sites/default/files/styles/featured_content/public/2020-05/cropped.jpg?itok=l8EARI3t)
Waka
27 iýun 2024
Geljek üçin dünýä derejesinde duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlarynyň dialogy
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy “Geljegiň Sammidine” bagyşlap “Ýaşlar dialogyny” geçirdi. BMG-niň binasynda geçirilen çärä DÖM-iň ýaş ilçilerini, uniwersitet talyplaryny, aktiwistleri we ýaşlar guramalarynyň liderlerini özünde jemleýän 70-den gowrak türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Olar global meýilnamanyň geljegini kesgitlemek baradaky pikirlerini paýlaşdylar. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp baran bu gepleşigi ýaşlara howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, parahatçylygy gurmak we sanly üýtgeşmeler ýaly dünýäde ýüze çykýan möhüm meseleler boýunça öz pikirleri bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, bu çärä gatnaşyjylar täze saýlanan DÖM-iň ýaş ilçileriniň topary bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary çekmäge ygrarlydygyny görkezýär.“Geljegiň Sammidi, adamzat üçin iň möhüm meseleleri çözmek üçin bir pursatdyr” - diýip jenap Şlapaçenko belledi. “Siziň sesiňiz, siziň pikiriňiz we siziň islegleriňiz bu global kynçylyklary çözmek üçin möhümdir. Şu günki dialog diňe bir söhbetdeşlik däl, ýaşlaryň pikirleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň global gün tertibine girizilmegini üpjün etmekde wajyp ädimdir.” Ol açylyş çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň umumy gün tertibimiz” atly hasabatynda beýan eden we Geljegiň Sammidinde döwlet we hökümet baştutanlary tarapyndan kabul ediljek Geljek barada Ylalaşygyň taslamasynyň esasyny düzýän birnäçe möhüm başlangyçlara ünsi çekdi. Şeýle hem, Global sanly şertnama we geljekki nesiller üçin jarnamany Ylalaşyga goşulan möhüm resminamalar hökmünde belläp geçdi. Jenap Şlapaçenko, ýaş zehinleriň Birleşen Milletler Guramasyna goşulmagy üçin ajaýyp pursat hökmünde BMG Sekretariaty tarapyndan öňe sürlen Ýaş hünärmenler maksatnamasyny hödürledi. Bu başlangyçlaryň her biri has inklýuziw, ahlakly we hyzmatdaşlyga taýýar dünýä gurmakda möhüm rol oýnaýar. Dialog Geljek barada Ylalaşygyň bäş sütüni boýunça Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (UNRCCA), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar gaznasynyň ( ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy gpraýyň guramasynyň (BSGG) we Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy ýaly BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler esasy ugurlaryň mazmuny barada jikme-jik maglumat berdiler we Ylalaşygyň mazmuny işlenip düzülen gollanmalar bilen paýlaşdylar. Çykyşlardan soň ýaşlar bäş topara bölündi we Geljegiň Sammidinde gazanylan global şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar. Olaryň teklipleri jemlenip, Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna ýetiriler.Bu çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň has inklýuziw we täsirli ulgamy döretmekde ýaşlaryň möhüm ornuny görkezdi. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi, geljegiň ýaşlara degişlidigini we geljegiň emele gelmeginde olaryň sesiniň wajypdygyny tassyklady. Geljegiň Sammidi barada: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Geljegiň Sammidi, halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmegi maksat edinýär. Esasy öňde goýýan maksady durnukly ösüşe, halkara parahatçylyga we howpsuzlyga, ylym, tehnologiýa we innowasiýa, ýaşlar we geljek nesiller, şeýle hem global dolandyryşy özgertmek bolup durýar.
1 of 5
Waka
12 iýun 2024
COP29-a taýýarlyk: howanyň üýtgemegine goşant goşýan türkmen ýaşlarynyň ugry Dubaýdan Baku-a tarap
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikde Bütindünýä Daşky Gurşaw Gününe, geçen ýylky Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) jemine we şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek COP29-a taýýarlyk işlerine bagyşlanan çäre geçirdi.Bu çäre, COP28-iň başlyklygynyň Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem COP28-iň netijeleri we ýaşlary COP29-da karar bermek işine çekmek hem gözden geçirildi.Bu çärä BMG-ni[ ýurt boýunça toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň, diplomatik korpuslaryň wekilleri, milli hyzmatdaşlar, ýaş DÖM-iň ilçileri we eko-aktiwistler gatnaşdylar.Duşuşykda çykyş edenler - BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa – bilelikdäki işleriň möhümdigini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky ygrarlylygy güýçlendirmegi nygtadylar. Açylyş dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda durnukly çözgütleri öňe sürmekde we global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bilimiň we diplomatiýanyň orny barada belläp geçdi.Şeýle hem, maslahatda Gülşat Aýydowa ýaşlaryň başlangyçlary üçin strategiki esas döretjek 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (LCOY) beýannamasy bilen tanyşdyrdy. LCOY2023-e gatnaşanlar bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini, öwrenen sapaklaryny we geljekde global klimat sammitlerine gatnaşmak üçin näme edip biljekdigini paýlaşdylar. “Dubaýa aýak basan pursatymyzdan başlap, ýaşlar maslahatynyň joşgunly atmosferasyna çümdük, özara gatnaşyga, öwrenmäge we hyzmatdaşlyga taýýardyk. COY18-de howanyň üýtgemeginiň milli mesele däl-de, global meseledigine düşündim. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen bilelikde işläp, üýtgeşiklik döredip biljekdigimiz mende umyt we ynam döretdi. Bilelikde öwrendik, pikirlerimiz bilen paýlaşdyk, strategiýalaryň üstünde işledik. COY18-de geçirilen seminarlar we pikir alyşmalar maňa howany goramak hereketleriniň has täsirli tarapdary bolmak üçin başarnyklary we bilimleri berdi. Alan bilimimi durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.” – diýip DÖM-iň ýaş ilçisi Maral Allaberdyýewa tejribesini paýlaşdy.Çäräniň esasy wakasy, COY18-e gatnaşan türkmen wekilleriniň tejribelerini we täsirlerini öz içine alýan wideo, şeýle hem COY18-e we COP28-e gatnaşanlaryň alan sapaklaryna baha bermek boýunça oýlanyşykly pikir alyşma boldy.Geçen ýyl, üç sany - Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda we jemleýji Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnalan çäreler Global Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) bilen jemlenipdi. Ol ýerde türkmen ýaşlary öz innowasion çözgütlerini we wagyz-nesihat işlerini görkezdiler. Bu ýyl esasy üns DÖM-iň ýaş ilçilerine, talyplara we eko- aktiwistlere gönükdirildi, olar netijeli durmuşa geçirilmegi üçin öňki maslahatlarda teklip edilen çözgütleriň takyklanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar şu ýyl Baku şäherinde geçiriljek COP29-da karar kabul etmek işlerine ýaşlaryň gatnaşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi dowam ederler. Türkmen ýaşlarynyň öňki COY18-e goşan goşandy oňyn özgerişlere we durnukly geljegi emele getirmäge isleglerini görkezýär.
1 of 5
Waka
15 aprel 2024
Söweşjeň ruhdan hem güýçli
Söweş sungatlarynyň ussatlarynyň ählisinde, uly tutluşygyň öňünden ýerine ýetirýän däbi bardyr. Bu olaryň iýýän ýörite tagamy ýa-da ýaryşlaryň öňünden diňleýän aýdymy bolup biler. Türkmenistanly ussat kikboksçy Mustafanyň däbi bolsa komediýa filmlerine tomaşa etmek bolup durýar.Ol “Söweşden öň men saz diňleýärin we komediýa filmlerine tomaşa edýärin. Men söweş barada hiç hili pikir etmeýärin. Haçan-da men ringe çykanymda, men diňe şol wagtda söweş barada pikir edip başlaýaryn” diýýär.Bu adaty bolmadyk çemeleşme ýaly görünip biler. Emma ol soňky 84 sany tutluşygyň 79-da ýeňiş gazanandygy sebäpli bu usulyň peýdalydygyny aýtmak bolar. Mustafanyň iň uly arzuwy – Türkmenistan üçin halkara derejede çykyş etmek, ýöne muňa bir päsgel bar. BMG BIÝK-yň tarapyndan ykrar edilen bosgun hökmünde onuň türkmen baýdagy astynda çykyş etmek üçin zerur bolan resminamalar Mustafada ýok.Gaçmaga mejbur bolanMustafa takmynan 30 ýyl mundan öň bary-ýogy alty ýaşynda wagty Türkmenistana geldi. Ejesi, kakasy we iki sany uly erkek dogany bilen, olar Owganystandaky giň gerimli zorluklardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçyp gaýtdylar.Mustafa we onuň iki sany erkek dogany başlangyç we orta mekdebi tamamladylar, türkmen we rus dillerini öwrendiler. Türkmenistan olaryň Watanyna öwrüldi. Şeýle hem olar sportuň meşhur milli görnüşleri bilen meşgullandylar, hususan-da, Mustafany kikboks gyzyklandyrdy.Owganystandan gaýdanlarynda olar gaty kiçi hem bolsalar, ol ýerdäki durmuşy we Türkmenistana göçüp gelişleri baradaky wakalar anyk ýadyna düşýär. “Mekdebe gidip başlanymda beýleki çagalara düşünmek, mekdebe uýgunlaşmak maňa kyn düşmedi. Sebäbi meniň häsiýetimde güýçli bolmaklyk bar” diýip, Mustafa aýdýar. Hut şol güýçli bolmaklyk häsiýeti sebäpli hem Mustafa höwesjeň-söweşijiden ussat kikboksçy we tälimçi derejelerine ýetdi.Söweşjeň ruhyMustafa ilkinji gezek bäsleşige 18 ýaşynda gatnaşdy we şondan bäri jemi 16 bäsleşikde ýeňiş gazandy. Yzygider gazanylan ýeňişler sebäpli, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik gazandy. Ýurduň ähli künjeklerinden saýlanan beýleki türgenler ýaly Mustafa hem bäsleşikden öň tutuş bir ýylyň dowamynda türgenleşik geçdi. Emma açylyş dabarasyna bary-ýogy birnäçe gün galanda ol ýaryşlardan mahrum edildi – Musatafanyň Türkmenistanyň raýaty däldigi we bosgun statusyna eýe bolandygy sebäpli, dolandyryjy halkara sport komiteti oňa Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge rugsat berilmeýändigini yglan etdi. “Bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigim üçin gaty gynandym. Ýöne ondan soň men has hem güýçli boldum” diýip, Mustafa belleýär.“Beýik kikboksçy bolmak üçin, fiziki güýçden we çydamlylykdan başga-da köp zatlar talap edilýär. Sportuň bu görnüşi üçin uly hyjuwyň bolmaly. Ondan başga-da gowy adamkärçiligiň, güýçli gylyk-häsiýetiň bolmalydyr we hiç zatdan gorkmaly däl” diýip, ol sözüni dowam etdi. Mustafa öz gynanjyny has yhlasly türgenleşiklere gönükdirdi.79 sany gazanylan ýeňişlerden ol Prezidentiň Kubogyny gazanandygyna aýratyn buýsanýar. “Bäsleşige 350-den gowrak kikboks ussatlary gatnaşdylar. Men hem bu bäsleşige gatnaşdym we Prezidentiň kubogyny gazandym. Men muňa örän buýsandym.” diýip Mustafa aýdýar. – “Soňra bolsa ussat kikboksçy bolandygym sebäpli, maňa kikboks boýunça tehniki türgeniň goşmaça kubogyny hem gowşurdylar”.Mundan başga-da, bäsleşiklere gatnaşmakdan daşary Mustafa ýerli sport klubynyň 150-den gowrak okuwçysyny, şol sanda oglanlary we gyzlary, uly ýaşlylary we beýleki hünärmenleri türgenleýär. Ýaňy-ýakynda onuň okuwçylarynyň biri Fight Nation halkara çempionatynda ýeňiş gazandy.Ýüregiňe ýakyn bolan ýer öýüňdir“Men Türkmenistanda alty ýaşymdan bäri ýaşaýaryn” diýip, Mustafa aýdýar. – “Biz özümizi türkmen hökmünde duýýarys”.“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli. Men Türkmenistanda bu käre eýe boldum. Öz maşgalam üçin pul gazanyp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin”.Men Türkmenistanyň pasportyny almak isleýärin. Men Türkmenistanyň adyndan çykyş edesim gelýär”- diýip, Mustafa aýdýar.Boksuň dolulygyna galtaşmaly sport görnüşi bolup durýandygy we Mustafanyň häzirki wagtda 32 ýaşyndadygy sebäpli, onuň bäsleşiklere gatnaşmagy üçin az wagt galan bolup biler. Emma edil häsiýeti ýaly onuň ygrarlylygy hem örän güýçli bolup, ol umydyny ýitirmeýär. “Men her gün türgenleşik geçýärin we özümi sagdyn ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn. Men öz köp maksatlaryma ýetip bilmesem-de, şägirtlerim bilen bilelikde eýýäm köp sanly ýeňişleri gazandyk. Olar bilen bir hatarda men hem özümi bäsleşikde birinji orny eýelän ýaly duýýaryn” diýip, Mustafa aýdýar.*****************Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG BIÝK tarapyndan ykrar edilen 13 sany bosgun bolup, olar ýurtda milli gaçybatalga ulgamy döredilmezden öň hasaba alnan. Olaryň hemmesi 20 ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ýaşaýarlar, türkmen dilinde erkin gürleýärler we türkmen jemgyýetine uýgunlaşan ýagdaýda ýaşaýarlar. Olaryň käbiri, mysal üçin Mustafa we onuň erkek dogany, Türkmenistanyň raýatlary bilen durmuş gurdylar we olaryň çagalary türkmen raýatlary bolup durýarlar.Ýöne olaryň bosgun statusynyň hökümet tarapyndan ykrar edilmeýändigi sebäpli (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda), 13 adamyň ählisiniň hukuk ýagdaýy kesgitsiz bolup durýar. Bu bolsa olaryň zähmet üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meselelerde päsgelçiliklere duçar bolmagyna sebäp bolýar.BMG-iň agza döwletleri tarapyndan bosgunlaryň goragyny goldamak boýunça ygtyýarlandyrylan gurama hökmünde BMG BIÝK, Türkmenistanyň hökümetini bosgunlaryň raýatlyk üçin arza bermegine mümkinçilik döretmek, esasy hukuk we hyzmatlaryň olar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek, gujak açyp garşy alan ýurduň ösüşine olaryň hem goşant goşmagyna mümkinçilik bermek arkaly ýurtdaky bosgunlaryň ýaşaýyşyny utgaşdyrmaga çagyrýar. 2023-nji ýylda Türkmenistan 2 sany bosguna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi. BMG BIÝK bu mesele boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär, şeýle-de göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýär.
1 of 5
![](/sites/default/files/styles/featured_content/public/2024-04/TKM%2C%20Ashgabat%20-%20Refugee%2C%20Mustafa%20%20%289%29.jpg?itok=Kvo3LnHK)
Waka
19 fewral 2024
DÖM-iň Ýaş ilçileri Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşan goşantlary üçin sylaglandy
15-nji fewral 2024 ý. Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçilerini – DÖM-iň ilçilerini sylaglamak dabarasyny gurady. Bu çärede DÖM-iň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçileriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekde gazanan üstünlikleri bellenildi.
DÖM-iň ilçileri bu BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Daşary işler ministrligi we Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki başlangyjy bolup, ol Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmak boýunça işlere türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Her bir ilçi öz jemgyýetiniň işjeň lideri bolup, ol Global maksatlaryň birini saýlaýar we şol maksat barada ýaşlaryň arasynda habardarlylygy artdyrýar.
BMG-niň binasynda geçirilen dabara 60-dan gowrak ýaşlar, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we beýleki gyzyklanma bildirýänler gatnaşdylar. Dabara ýurdy durnukly ösüşe tarap alyp gitmekde saldamly goşant goşan DÖM-iň ilçileriniň öz işine ygrarlylyklaryny hormatlamagyň platformasyna öwrüldi. Dürli başlangyçlar, taslamalar we habardarlygy artdyrmak boýunça işler arkaly bu ilçiler, ähmiýetli jemgyýetçilik we daşky gurşaw meselelerini çözmekde nusgawy görelde boldular.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý ŞLAPAÇENKO: "Bu ýaşlar döwrüň hakyky gahrymanlary bolup, olar kynçylyklardan gorkmaýarlar we ýagty geljege ynanýarlar" -diýdi. "Olaryň ýadawsyz tagallalary, hyjuwy we innowasion çemeleşmesi ýurtda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmakda we jemgyýeti bu maksatlara ýetmek üçin çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrmakda örän möhümdir."
2019-njy ýyldan başlap, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri bolmak maksady bilen “DÖM-iň ilçileri” bäsleşigine Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100-den gowrak höwesjeň gatnaşdy. Häzirki üçünji topar, ýagny 2022-2024-nji ýyllar üçin ilçiler 18 agzadan ybarat bolup, olar iýulda öz işini tamamlar we DÖM-iň ilçileriniň estafetasyny indiki topara geçirmäge taýýarlanýarlar.
Bu günki çäre geljekdäki meýilnamalary hem hem göz öňünde tutdy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy ýakyn wagtda DÖM-iň 2024-2025-nji ýyllar Ýaş ilçiligine saýlawlaryň başlaýandygyny yglan eder. Şol sebäpli hem çäräniň maksady indiki topara goşulmak isleýän ýaş gatnaşyjylaryň arasynda DÖM-iň ilçileriniň işi barada habardarlygy artdyrmakdan ybarat boldy.
Häzirki wagtda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynda okuw tejribesini geçýän hanym Sabrina Guseýnowa özüniň DÖM-iň ilçisi hökmünde gazanan tejribeleri we ilçileriň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp berdi. “DÖM-iň ilçisi bolmak bu hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak tejribe. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmagy, we adamlary bu ugurdaky çärelere işjeň gatnaşmagyny başardyk, şeýle-de bu maksatlara ýetmekde möhüm öňe gidişlik gazandyk. Jemgyýetimde we başga ýerlerde oňyn özgerişlere goşant goşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.”
Bu günki günde DÖM-iň ilçileri Türkmenistandaky halkara guramalar we döwlet edaralary tarapyndan guralýan ýokary derejeleri çärelere gatnaşýarlar. Bu çärelerde ilçiler öz garaýyşlaryny beýan edýärler we durnukly ösüşiň “hiç kimi ünsden düşürmezlik ” ýörelgesini öňe sürýärler. DÖM-iň ilçisi bolmak bu hyjuwly we höwesli adamlar üçin Türkmenistanda we dünýäde has adalatly we abadan gurmaga goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
DÖM-iň ilçileri, ýaşlaryň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan geljegi gurup biljekdiginiň aýdyň mysalydyr. Olaryň ýerine ýetirýän işi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde möhümdir. DÖM-iň ilçileriniň gazanan üstünliklerini buýsanç bilen belläp, BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary olaryň işlerini dowam etdirjek indiki ýaş liderleri goldamagy we olar üçin mümkinçilikleri döretmegi dowam edýär.
1 of 5
Waka
18 ýanwar 2024
Government of Turkmenistan, civil society and humanitarians discuss refugee emergency response
23-nji noýabr, 2024 ý. – Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, raýat jemgyýetiniň we BGM-niň Agentlikleriniň wekilleri adamlar gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda jogap çäreleri boýunça maslahatlaşmak üçin Aşgabatda jemlendiler.
Bu çäre BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (UNHCR) Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýerine ýetirilmeli işleriň ýyllyk meýilnamasy esasynda guraldy. Çäräniň maksady oňa gatnaşyjylary bosgunlary goramagyň halkara ýörelgeleri, serhetleri dolandyrmak we ejiz toparlary kesgitlemek, şeýle-de ynsanperwer işini utgaşdyrmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak ybarat boldy.
Maslahatyň başynda Türkmenistan Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň başlygy Ataýew Gurban, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa çykyş etdiler.
“Soňky on ýyllygyň dowamynda dünýädäki göçmäge mejbur bolan adamlaryň sany 100 milliondan geçdi we olaryň 34,6 million sanysy bosgunlar bolup durýar. “Bu bolsa adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda olara jogap çäreler boýunça mehanizmleriň gerekdigini görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy. – Bu maslahat Türkmenistanyň bosgunlar bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri çözmäge hem-de hökümet, raýat jemgyýeti we halkara guramalaryň arasyndaky utgaşdyrmak işlerine bitewi şekilde çemeleşmäge, şeýle-de halkara standartlary esasynda hereket etmäge ygrarlydygyny görkezýär”.
Bu maslahat BMG-niň UNHCR-ň Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen raýatsyzlygy kesgitlemegiň amallary boýunça geçirilen ýygnagyň ertesi gün geçirildi. Maslahat UNHCR-ň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2023-nji ýyla çenli bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda öz işini üstünlikli tamamlandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 13 sany bosgun we 3351 sany raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýar. UNHCR Türkmenistanyň Hökümetine göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary gorag bilen üpjün etmekde, şeýle-de kyn ýagdaýlar üçin durnukly çözgütleri tapmakda goldaw berýär.
UNHCR-ň Merkezi Aziýada alyp barýan işleri adamlary ýaşaýyş jaýlary üpjün etmegiň ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, bosgunlar baran ýerlerine uýgunlaşmagyna ýardam bermäge, raýatsyzlygy aradan aýyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen.
1 of 5
Press reliz
22 iýul 2024
Türkmenistan we BMG ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitýäler: Strategik maslahatlar geňeşiň ikinji mejlisi
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň esasy maksady milli gyzyklanýan taraplara we BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň agzalaryna BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň 5-7-nji iýulynda Türkmenistana eden sapary barada maglumat bermek, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň ýolbaşçylygyndaky mejlislerinde gazanylan ylalaşyklaryň netijelerini paýlaşmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden 78/266 “Halkara parahatçylyk we ysnyşyk ýyly” atly kararyny durmuşa geçirmek baradaky pikirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.Baş sekretar Antonio Guterresiň Aşgabatdaky saparynyň netijeleri baradaky hasabatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky maslahatlaşmalary güýçlendirmekligiň wajypdygyny we möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň pozisiýalaryny deňleşdirmegiň zerurlygyny belledi. Bu meseleler bilelikdäki tagallalar arkaly hem-de BMG-niň Tertipnamasy esasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, halkara sebitleýin guramalarynyň çäginde parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça gepleşikleri güýçlendirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň dünýädäki howpsuzlygyň ýeke-täk we kanuny kepili hökmünde ornuny ýokarlandyrmak, parahatçylygy saklamak we döwletleriň arasynda ynam döretmek üçin bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň potensialyny güýçlendirmek, Owganystandaky ýagdaý we bu ýurdy sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga goşmakdan ybaratdygyny aýtdy.Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan Global Howpsuzlyk Strategiýasyny, Sirkulyar ykdysadyýete geçiş üçin Global çarçuwany, energiýa we ulag aragatnaşygyny ösdürmek we suw diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda ösüşi maliýeleşdirmek meselesinde Türkmenistanyň ministrler derejesinde halkara maslahaty geçirmäge taýýarlygy baradaky başlangyçlaryny ýene bir gezek gaýtalady. Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, DÖM-iň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak we adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak, şol sanda BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmleri bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen çäreleri görmek borjuny tassyklady. Mejlisiň birinji sessiýasynyň ahyrynda Strategik maslahatlar geňeşiniň agzalary Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Sekeretarynyň Türkmenistana eden saparynyň netijeleri baradaky hasabatyny kabul etmek; Global dolandyryş sammitinde türkmen tarapynyň teklipleridir başlangyçlary häzirki wagtda işlenip düzülýän 2026-2030-njy ýyllar üçin BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky Durnukly Ösüş Hyzmatdaşlyk ugrunda Çarçuwasynyň çaklerinde görkezmek barada ylalaşdylarMejlisiň ikinji sessiýasynda, gatnaşyjylar 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ysnyşyk ýyly” hökmünde bellemek üçin BMG-niň Baş Assembleýasynyň kararyny durmuşa geçirmek babatda Çäreleriň meýilnamasyny düzmek bilen baglanyşykly teklipler we pikirler alyşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň daşary işler, bilim we ylym, ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, şeýle hem BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda Çäreleriň meýilnamasyna goşulmaly anyk teklipler hödürlendi. Gatnaşyjylar BMG tarapyndan teklip edilen ähli başlangyçlary goldadylar. Çäreleriň meýilnamasynyň işini maliýeleşdirmek üçin ýörite milli gaznasynyň döredilmegi ylalaşyldy we onuň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň hökümeti, BMG ulgamynyň edaralary we, mümkin boldugyça, beýleki donorlar tarapyndan üpjün ediler. Duşuşyga gatnaşyjylar meýilnamany jemlemek we 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Strategik maslahatlar geňeşiniň indiki mejlisi tarapyndan tassyklamak üçin bilelikdäki iş toparynyň döredilmegi barada karar etdiler. Duşuşyk Türkmenistan we BMG üçin parahatçylygy, ysnyşygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky umumy borçnamalaryny tassyklamak üçin platforma döretdi. Gatnaşanlar Türkmenistan, sebit we dünýä üçin has asuda we abadan geljegi gurmagy maksat edinýän BMG rezolýusiýasynyň ýerine ýetirilişinde ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny gaýtaladylar.“Türkmenistan we BMG” Strategik maslahatlar geňeşi, Türkmenistan hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we strategiki gepleşikleri ösdürmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi. Geňeş parahatçylykda, ösüşde we ynsanperwer kömeginde umumy maksatlary öňe sürmäge ünsi jemleýär.
1 of 5
Press reliz
17 iýul 2024
BMG we Türkmenistan DÖM-i maliýeleşdirmegi ösdürmek boýunça duşuşdylar
Duşuşyk açylyş sözleri bilen başlady we Türkmenistanyň milli DÖM borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki maksatlara, boşluklara, töwekgelçiliklere we öňegidişlige gönükdirilen DÖM-iň seljermesini öz içine alýan Ýurduň umumy derňewi (ÝUD) hödürlendi.Duşuşyk DÖM-i maliýeleşdirmegiň boşluklaryny seljermeklige bagyşlandy we BMG-niň birnäçe edaralarynyň hünärmenleri öz netijelerini hödürlediler. Azyk ulgamlary we azyk howpsuzlygy üçin teklip edilýän DÖM-iň görkezijilerini we maksatlaryny, DÖM-i çalt toplumlaýyn bahalandyrmany ulanyp, Türkmenistanyň döwlet býudjetini bellemegiň usulyýetini ara alyp maslahatlaşdylar we Merkezi Aziýa ünsi jemläp, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty (UNCTAD) DÖM-iň çykdajylarynyň netijelerini paýlaşdylar. Şeýle hem, DÖM-iň görkezijiliginiň ssenariý boýunça modelirlemesini öz içine alýan seljermesi hem hödürlendi we ýygnak sorag-jogap sessiýasy hem-de Türkmenistanda DÖM-iň ösüşini çaltlaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary görkezýän jemleýji çykyş bilen tamamlandy.Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) maliýeleşdirmek boýunça BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki bilermenler topary gepleşik we hyzmatdaşlyk üçin platforma bolup hyzmat edýär. Bu topar, BMG-niň dürli edaralarynyň, hökümet ministrlikleriniň we raýat jemgyýeti guramalarynyň hünärmenlerini ýygnap, SDG-leri maliýeleşdirmek, çeşmeleri mobilizirlemek, býudjet serişdeleri bölmek, gözegçilik we baha bermek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýar.
1 of 5
Press reliz
14 iýun 2024
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy halkara ylmy konferensiýada durnukly energiýa tejribesini girizmegiň tarapdarydygyny belledi
Bu konferensiýa dünýä hünärmenlerini, döwlet edaralarynyň wekillerini we pudak ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi, olar energetika mümkinçilikleri, täze tehnologiýalar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiki aýratynlyklary ýaly möhüm temalary ara alyp maslahatlaşdylar. Gürrüňdeşligiň esasy ugurlary metanyň we CO2-niň zyňyndylaryny azaltmak, ýaşyl energiýa başlangyçlaryny öňe sürmek, energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek, şeýle hem uglewodorod önümçiliginde CO2 we kükürt dioksidini gaýtadan işlemek boldy.Maslahatyň dowamynda jenap Dmitriý Şlapaçenko metanyň zyňyndylaryny gyssagly azaltmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny we Aşgabatda howa tehnologiýalarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkezini döretmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de, jenap Şlapaçenko Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň metan zyňyndylaryna garşy göreşmek baradaky bilelikdäki başlangyçlaryny belläp, Türkmenistanyň möhüm goşandyny görkezdi. Bu zyňyndylary azaltmagyň ykdysady we daşky gurşaw zerurlyklaryna ünsi çekip, möhüm meseläni çözmek üçin strategiki çäreleri görmegi teklip etdi.Mundan başga-da, jenap Şlapaçenko howa tehnologiýalarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkezininiň durnukly energiýa geçişi öňe sürmekde esasy ornuna ünsi çekdi. Ol merkeziň howanyň tygşytly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny katalizirlemek, hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitde innowasiýalary höweslendirmek mümkinçiligi barada aýtdy.Jenap Şlapaçenko moderator hökmünde çykyş edip, maslahatyň esasy pikirlerini we tekliplerini jemledi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde köpçülikleýin hereketiň möhümdigini aýtdy.Maslahat gyzyklanýan taraplara bilimlerini, öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we has durnukly energiýa geljegini döretmek üçin hyzmatdaşlyk gurmak üçin platforma üpjün etdi. Jenap Şlapaçenkonyň goşandy BMG-niň Türkmenistanyň howanyň üýtgemegini azaltmak we ekologiýa taýdan jogapkär energiýa tejribesini öňe sürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek borjuny görkezdi.
1 of 5
Press reliz
05 iýun 2024
Bilelikde Durnukly geljege tarap: Türkmenistan ekologiýa boýunça maslahat geçirdi
Çäräniň başynda açylyş dabarasy boldy, onda halkara we sebit guramalarynyň wekilleri daşky gurşawy gorap saklamak we durnukly ösüşe ygrarlydyklaryny bellemek bilen gutlag çykyşlary etdiler.Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň we umuman dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki daşky gurşaw meselelerine bagyşlanan pikir alyşmalara we çykyşlara gatnaşdylar. Mowzuklar biodürlüligiň ýitmeginden başlap, plastiki hapalanmalara, howanyň we suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna çenli dürli boldy.BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka bu meseleleriň çözülmeginiň möhümdigini aýtdy we daşky gurşawyň durnuklylygyny gazanmakda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm roluna ünsi çekdi. Inklýuziwligi, adalaty we tebigat bilen sazlaşygy üpjün etmek üçin ykdysadyýetde we jemgyýetde üýtgeşmeleriň zerurdygyny aýtdy.Mundan başga-da, jenap Waletka ýurduň halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmagyny we BMG ulgamy bilen hyzmatdaşlygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.Maslahat ähli gatnaşyjylary Türkmenistanda we beýleki ýerlerde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmaga çagyrmak bilen tamamlandy.
1 of 5
Press reliz
23 maý 2024
Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmek boýunça degişli milli guramalar bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan, Aşgabat - BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) bilelikde “Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmegiň milli strategiýasyna tarap” atly iki günlük okuw seminaryny gurnady. 2024-nji ýylyň 20-21-nji maýynda BMG-niň binasynda geçirilen bu çäre degişli milli taraplary we ösüş boýunça hyzmatdaşlary Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwda başlangyçlaryny durmuşa geçirmek strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmak we işläp düzmek üçin bir ýere jemledi. Seminaryň açylyş güni, ESCAP-yň Söwda, maýa goýum we innowasiýa departamentiň müdiri hanym Rupa Çanda, Türkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň Hukuk kadalaşdyryş bölüminiň başlygy jenap Myrat Myradow çykyş etdiler.Duşuşygyň birinji gününde dürli ministrlikleriň we edaralaryň Türkmenistanda söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen esasy başlangyçlaryna giňişleýin syn geçirildi. Ösüş boýunça hyzmatdaşlar, ýagny Aziýanyň Ösüş Bankynyň, ÝUSAIDyň, GIZ, Halkara Söwda Merkeziň wekilleri, häzirki söwdany ýeňilleşdirmek baradaky edilýän işlere içgin öwrenmegine ýardam edip, bu ugurda öz goşantlaryny görkezdiler.Seminaryň alyp baryjysy, ESCAP-yň Söwda, maýa goýum we innowasiýa departamentiň ykdysady meseleler boýunça hünärmenijenap Tengfeý Wang taýýarlygy bahalandyrmak baradaky hasabatynda bellenen tehniki we hukuk taraplaryna ünsi jemlemek bilen, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde serhetaşa kagyzsyz söwdany ýola goýmak üçin Çarçuwaly ylalaşygy boýunça ara alyp maslahatlaşmalary gurnamaga ýardam etdi.Ikinji gün, gatnaşyjylar harytlaryň gelip çykyş şahadatnamalaryny, fitosanitar şahadatnamalary we synag üçin iň möhüm resminamalary nädip ileri tutmalydygyny öz içine alýan söwda bilen baglanyşykly resminamalary elektron alyş-çalyş etmegiň artykmaçlyklary we taýýarlygy barada has çuňňur öwrendiler. Bu seminar, serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmek we gysga, orta we uzak möhletli maksatlara gönükdirilen Çarçuwaly ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça milli strategiýany işläp düzmek üçin gurnaldy.Seminar toparlaýyn sessiýa bilen tamamlandy, soň toparlaýyn çykyşlar we gysgaça mazmunlar we Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmegiň strategiýalary teklip edildi.Bu waka, Türkmenistanyň söwdany ýeňilleşdirmek we global sanly ykdysadyýetine integrasiýa üçin innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny görkezdi.Türkmenistan 2022-nji ýylyň maý aýynda Aziýada we Ýuwaş ummany sebitinde serhetaşa kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek boýunça Çarçuwaly ylalaşyga goşuldy we durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Taýýarlyga baha bermek baradaky hasabat 2022-nji ýylyň dekabr aýynda çap edildi.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11