Soňky
Press reliz
09 dekabr 2024
USAID we BSGG Türkmenistanda inçekesele garşy göreş we öňüni alyş çärelerini güýçlendirýärler
Has köp öwrenme
Press reliz
08 noýabr 2024
BMG BÝK raýatsyzlygyň çözülmegi bilen Türkmenistany gutlaýar
Has köp öwrenme
Press reliz
04 noýabr 2024
USAID we BSGG Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýärler
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 maý 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.
Waka
18 oktýabr 2024
Klimatyň Üýtgemegine Garşy Göreşýänleriň Öň Hatarynda Daşoguzly Ogulsuraýyň Alyp Barýan Işleri Barada
Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty Aral deňziniň meselesi bilen baglylykda ýüze çykýan hem-de klimatyň üýtgemeginiň täsirine möwç alýan düýpli kynçylyklara sezewar bolýar. Ygalyň azalmagy, suwuň ýetmezçiligi we topraklaryň dargamagy ýerli ilatyň durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirýär we sebitiň duýgur ekologik ulgamlaryny dargadýar. Muňa garamazdan, şonça kynçylyklaryň arasynda ynamdarlygyň we mizemezligiň nyşany hökmünde çykyş edýän bir adam bar: bu adam - ekologik howplaryň howsalaly şertlerinde oba ilatynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmeklige ömrüni bagyş eden Ogulsuraý Ataýewa. Daşoguz welaýatynda zenan tarapyndan dolandyrylýan “Eko-Durmuş” atly ilkinji we ýeketäk jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy bolmak bilen, Ogulsuraý diňe bir klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen çäklenmän, oba aýallarynyň mümkinçiliklerini we bilimlerini giňeldýär hem-de durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli çykyş edýär. Onuň ýadawsyz tagallalary ýerli ilaty üýtgeýän klimata uýgunlaşmaga we has durnukly geljegi döretmäge ruhlandyrýar.Ildeşleriniň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolundaOgulsuraýyň geçen ýoly aňsat däldi. Ol 2015-nji ýylda klimatyň üýtgemeginiň weýran ediji netijeleriniň şaýady boldy we öz ildeşleri üçin “Eko-Durmuş” atly döwlete dahylsyz guramany esaslandyryp, ýerli ilatyň maýasyny güýçlendirmek işine ömrüni bagyş etmegi makul bildi. Zenanyň ýolbaşçylyk etmegindäki guramanyň bar bolan klimatik meseleleri çözmäge ukyplydygyna şübhelenen käbir ýerli ýaşaýjylaryň ilkibaşda ynamsyzlyk bildirendigine garamazdan, “Eko-Durmuş” guramasy hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrüldi. Gurama, halkara taslamalar, döwlet edaralary, gaýry jemgyýetçilik guramalary we hususy pudak bilen işini utgaşdyryp, oba ýaşaýjylaryna klimatyň üýtgeýän şertlerinde, aýratyn hem Aral çökgünliginiň ýaramaz netijeleriniň ýüze çykýan şertlerinde uýgunlaşma we gülläp ösme üçin gerekli ukyp-başarnyklaryny we bilimleri edinmäge mümkinçilik bermeklige ähli tagallalaryny gönükdirdi. “Eko-Durmuş” guramasy işewürligi bellige aldyrmak we dolandyrmak üçin zerur bolan milli kanunçylyk babatyndaky amaly tejribäni özleşdirmäge mümkinçilik döredýär, şeýle hem olary öňdebaryjy oba hojalyk tejribeleri we daşky gurşawy goramak meselelerinde okadýar. Durnukly we organiki ekerançylygy öňe ileriletmek bilen, hökümete dahylsyz gurama sebitde klimatik taýdan durnukly azyk ulgamlaryny döretmekde esasy wezipäni ýerine ýetirdi. Munuň özi, azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi bilen çäklenmän, eýsem daşky gurşawyň we biologik köpdürlüligiň saklanmagyna hem ýardam berdi. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna we damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Munuň özi suwuň ulanylyşynyň netijeliligini hem-de sebitde oba hojalygynyň öndürijiligini artdyrdy. Ogulsuraýyň ýolbaşçylygyndaky “Eko-Durmuş” guramasy agdyklyk edýän gender stereotiplerine gönüden-göni duçar boldy. Ekologiýa taýdan arassa kärhanalaryň kömeginiň hasabyna aýallara girdeji almaga mümkinçilik döretmek bilen, bu gurama aýallaryň maşgalada esas ekleýji bolup bilmeýändigi baradaky düşünjäni puja çykardy. “Oba aýallarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de durnukly tejribelere ýardam bermek - bu diňe bir durmuş şertlerini gowulandyrmak däl; bu umumylyklary özgertmek we klimatyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr. Biz her bir aýalyň gülläp ösmäge mümkinçiligi boljak geljegi bilelikde döredip bileris”, diýip Ogulsuraý aýdýar.“Eko-Durmuş” guramasynyň okadyş maksatnamalaryndan bähbit tapanlaryň biri bolan Jumagül - hökümete dahylsyz guramanyň täsiriniň aýdyň mysalydyr. Ol “Eko-Durmuş” guramasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde önümleriň ýüzüne bezeg gaşlaryny basmak boýunça telekeçilik işini üstünlikli ýola goýdy hem-de öz önümlerini ýerli bazarda, şeýle hem Internet üsti bilen satýar. Munuň özi Jumagülüň ykdysady ýagdaýyny düýpli gowulandyrdy. Ogulsuraýyň ýolbaşçylygynda “Eko-Durmuş” guramasy sebitiň ýaşlarynyň arasynda innowasiýalara we telekeçilige ýardam bermekde hem möhüm orny eýeledi. Hökümete dahylsyz gurama organiki dökünleri öndürmek we sagdyn iýmitlenme boýunça hyzmatlary etmek ýaly innowasion işewürlik pikirleriniň döredilmegine we ösdürilmegine goldaw berdi. “Eko-Durmuş” guramasy öz işine ýaňy başlaýan telekeçilere halypaçylyk edýär, olara öz işini ýola goýmak we ýöretmek üçin zerur bolan bilimleri we serişdeleri berýär. Munuň özi ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeldip we ilki bilen Daşoguz welaýatynyň ykdysady durnuklylygyny ýokarlandyryp, oňyn täsiri döredýär. Ogulsuraýyň öňde goýan maksatlary onuň şahsy üstünliginden ýokary boldy. “Eko-Durmuş” guramasy jemgyýetçilik toparlarynyň jebisleşmegi üçin umumy meýdança öwrüldi. Gurama, hyzmatdaşlary bilen bilelikde, ekologik ýarmarkalary we festiwallary guraýar, ýaşlary klimatik hereketlere çekýär we durnukly ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini öňe sürýär. Bu çäreler daşky gurşaw üçin jebislilik we köpçülikleýin jogapkärçilik duýgusynyň kemala gelmegine ýardam berdi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk: Öňegidişlige gönükdirilen özara hyzmatdaşlyk Ogulsuraýyň ýolunda esasy hyzmatdaş bolan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy onuň üstünlik gazanmagynda möhüm orny eýeledi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy “Eko-Durmuş” guramasynyň başlangyçlarynyň täsirini güýçlendirmekde aýgytlaýjy boldy. Dürli maksatnamalarynyň we maliýe mümkinçilikleriniň hasabyna BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Daşoguz welaýatynda has durnukly we bolelin durmuşda ýaşaýan jemgyýeti gurmak üçin gerekli serişdeleri we bilermenlik bilimlerini berdi. “Eko-Durmuş” guramasynyň wezipesi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň durnukly ösüşe we Aral deňziniň türkmen bölegindäki esasy ekologik ulgamlary gorap saklamaklyga gönükdirilen tagallalary bilen utgaşýar. Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Köpsanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýokary tebigy gymmatlylygy bolan ýer serişdeleriniň we ekologik ulgamlarynyň goralyp saklanmagy we durnukly dolandyrylmagy” atly taslama işjeň gatnaşmagyň hasabyna, Ogulsuraý öz gymmatly bilimini we tejribesini ýerli ýaşaýjylar bilen üstünlikli paýlaşýardy. Bu hyzmatdaşlyk oňa, öz taslamalaryna bütindünýä öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp we adamlaryň durnukly ösüş babatyndaky döwrebap çemeleşmelere ygtyýary üpjün edip, öz işiniň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hasabyna “Eko-Durmuş” guramasy, oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we, şeýlelik bilen, oba aýallarynyň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyny gowulandyrmak üçin ýerden peýdalanmagyň we suw serişdelerini dolandyrmagyň durnukly usullaryny durmuşa ornaşdyrmaklyga gönükdirilen öňdebaryjy okadyş maksatnamalaryna, gerekli maliýeleşdirmä we halypaçylygyň gymmatly mümkinçiliklerine ygtyýar gazandy. Bu serişdeler, aýallara gönükdirilen başlangyçlary öňe sürüp, aýallaryň sesleri klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýerli meýilnamalaryň aýrylmaz bir bölegi bolar ýaly, guramanyň tagallalaryny düýpli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Ogulsuraý barada berlen gürrüň - bu diňe bir şahsy üstünligiň beýany däl, eýsem köpçülikleýin durnuklylygyň we maksada gönükdirilenligiň mysalydyr. Munuň özi ýerlerde möhüm we uzak möhletli üýtgeşmeleri gazanmak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň subutnamasydyr. Ogulsuraýyň ýolbaşçylygyndaky “Eko-Durmuş” guramasynyň işi klimatik çökgünligiň weýran ediji netijelerine garşy hereket etmekde ýerli başlangyçlaryň güýjüni aýdyň görkezýär. Ýol dowam edýär Aral deňziniň türkmen sebitiniň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişliklerinde Ogulsuraý, geljekki nesiller üçin durnukly geljege bolan ymtylmasyndan ugur alyp, öz ýoluny dowam etdirýär. Onuň ýüregi ýerli ýaşaýjylara diňe bir bar bolan şertlere uýgunlaşmakda däl, eýsem üýtgeýän gurşawda gülläp ösmekde kömek etmek hyjuwyndan we gujur-gaýratdan doly. Ogulsuraý şeýle diýýär: “Biz ýene ençeme ýyllap Aral deňziniň heläkçiliginiň zyýanly netijelerini duýarys, ýöne bu hakykat biziň geljegimizi kesgitlemeli däldir. Her bir tygşytlanan suw damjasy, her bir ekilen bag, her bir täze özleşdirilen tejribe we bilim bilen baýlaşan ilatyň her bir agzasy bize adamlaryň ýaşaýyş üçin göreşýän geljegini däl-de, gülläp ösýän geljegini kemala getirmäge ýardam berýär. Bu biziň neslimiz - durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem-de ýagty geljege bolan mizemez ynama daýanýan neslimizdir”.
1 of 5
Waka
16 awgust 2024
"Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn"
Mariko Holl (Mariko Hall), BMGBIÝK-yň daşarky gatnaşyklar boýunça hünärmeni, we Baljan Oşakbaýewa (Balzhan Oshakbayeva), hukuk goragy boýunça hünärmen.Anna, durmuşynyň köp böleginde, özüni Russiýanyň raýaty hasap edýärdi. Anna 1990-njy ýyllaryň başynda, haçan-da ol 5 ýaşynda wagty, Aşgabada geldi. Raýatlygy baradaky soraglara, ol hemişe men Russiýanyň raýaty bolup durýaryn diýip, jogap berýärdi.We diňe birnäçe ýyl mundan ozal, haçan-da olar ejesi bilen Russiýanyň ilçihanasyny zyýarat edenlerinde, onda Russiýanyň raýatlygynyň ýokdugyna şaýatlyk edýän resminamalar ýüze çykdy. Anna, onuň diňe Russiýanyň raýaty däl-de, eýsem dünýäniň hiç bir ýurdunyň raýaty däldigini – onuň apatrid bolup durýandygyny, birden aňdy. "Haçan-da meniň raýatlygymyň ýokdugy barada öwrenenimde, men şeýle bir aljyradym,” – diýýär Anna.Dürli nesiller üçin raýatlygyň bolmazlygynyň netijeleriHaçan-da Anna ýaňy garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistana geleninde, entek çaga wagty ony çagalar bagyna ýerleşdirdilerm soňra bolsa Aşgabatda başlangyç we orta mekdebini tamamlady. Ol türkmen dilini öwrendi we täze öýde öwrenişdi, ýöne şol bir wagtyň özünde, özüni Russiýanyň raýaty diýip hasaplaýardy.Haçan-da uly ýaşly bolup, ol dogluş hakynda şahadatnamasyny ýitirende, şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň ýoklugy sebäpli meselelere duçar bolanda hem, bu ýagdaý onda üýtgeşik bir ynjalyksyzlyk döretmedi. Anna resmi däl ýagdaýda işleýärdi, ilki bilen 25 ýaşy dolýança çenli ofisiant bolup, soňra bolsa dürli işler, mysal üçin arassaçylyk işleri bilen meşgullanýardy.“Raýatlyk hakynda resminamalaryň ýoklugy sebäpli, mende meseleler döreýärdi, emma men muňa düýpli ähmiýet bermeýärdim”, - diýýär Anna. “Men, diňe mende çagalarym bolanda, muňa ähmiýet berip başladym”.Haçanda Annanyň iki çagasy dogulanda, olary bellige alyp bilmediler, sebäbi onuň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan resminamalar onda ýokdy. Şol sebäpden onuň iki çagasy hem raýatlyksyz galdylar.Türkmenistanda raýtlygyň bolmazlygyApatrid – bu hiç bir ýurt tarapyndan raýat hökmünde seredilmeýän adamdyr. 2023-nji ýylyň ortasy ýagdaýy boýunça Türkmenistanda 3 351 sany apatrid ýaşaýardy. Olaryň aglabasy – öňki Sowet Soýuzynyň öňki raýatlary ýa-da olaryň Türkmenistanyň raýatlygyny entek almadyk ýa-da barlygyny tassyklamadyk nesilleri bolup durýarlar. Galanlar apatrid bolup doguldylar ýa-da halkara migrasiýa sebäpli ýa-da beýleki ýurduň raýaty bilen baglaşylan nika sebäpli, raýatlyk hakynda kanunçylygyndaky boşluklar üçin şeýle boldular.Türkmenistanda resmi taýdan tassyklanan statusly apatridlar, şeýle hem hiç hili resminamalar bolmadyk apatridlar – “kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar” diýilip atlandyrylýan şahslar ýaşaýarlar.Raýatlygyň barlgynyň subutnamalary ýa-da hiç hili resmi hukuk statusy bolmazdan, kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar, bilim we lukmançylyk kömegi, zähmet üpjünçiligi we göçme erkinligi ýaly, binýatlyk hukuklaryndan peýdalnmak synanşyklarynda, köplenç kynçylyklara duçar bolýarlar. Olarda nikanyň baglaşylmagyny ýa-da, Anna bilen bolan ýagdaýda ýaly çaganyň dogulyşyny bellige almak mümkinçiligi bolman biler.Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilen apatridlere, hökümet raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasyny berýär. Şeýle resminamanyň barlygy, apatridlere kanuny taýdan ýurduň çäginde bolmaga, kanunalaýyk işlemäge, döwlet hyzmatlaryndan, şol sanda saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.Türkmenistanda şeýle-de, resmi taýdan zähmet üpjünçiligi, durmuş kömek pullary almak (göwrelilik we çaga dogurmak kömek pullary, çaga üçin kömek pullary, pensiýa tölegleri ýaly), muzdsuz lukmançylyk hyzmaty we çagalar üçin bilim mümkinçilikleri üçin, hemişelik ýaşaýan ýere eýeçilik hukugynyň tassyklanmagyny, her bir uly adamdan we öý hojalykdan talap edýän, sowet döwründen miras galan “hasaba alyş” (propiska) ulgamy hereket edýär. Emma, Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk şahslar hasaba alyşy alyp bilmeýärler.“Men bu ýagdaýdan ýadadym”, - diýýär Anna. “Men ýöne resmi tölegli, resmi, abyraýly iş isleýärin”. Annanyň çagalary Türkmenistanda dogulandyklary sebäpli, netijede olar mamalarynyň SSSR-iň möhleti geçen pasporty esasynda raýat hökmünde ykrar edildiler. Muňa garamazdan, ejesinde hasaba alyşyň ýoklugy sebäpli, 16 ýaşly Dmitriý, goşunda hökmany harby gullugy geçip bilmeýär, pasportyny alyp bilmeýär we ýokary okuw mekdebine girip bilmeýär.2024-nji ýylyň ahyryna çenli raýatsyzlygy ýok etmekRaýatsyzlygy ýok etmek boýunça #Ibelong atly 10 ýyllyk bütindünýä çäresiniň başladlymagynyň pursadyndan başlap, Türkmenistan BMG BIÝK-yň goldaw bermegi bilen, 13 000 gowrak adamlaryň raýatlygyny resminamalaýyn tassyklap, raýatsyzlygy azaltmakda we öňüni almakda ägirt üstünlikleri gazandy. Türkmenistan, raýatsyzlyk hakynda BMG-yň eýýäm iki konwensiýasyna goşulan, Merkezi Aziýada ýeketäk ýurt bolup durýar.2020-nji ýylda Türkmenistanda “Raýatlyk ýagdaýynyň namalar hakynda” kanun kabul edildi, oňa laýyklykda ýurtda doglan ähli çagalar, eger-de olaryň ene-atasynyň şahadatnamalary ýok bolsa hem, dogulanlarynda bellige alynyp bilýärler. 2021-nji ýylda Türkmenistanda Apatridiň statusyny kesgitlemegiň amallaryny geçirmegiň Tertibi kabul edildi.Kanunçylykdaky bu kämilleşdirmeler, apatrid statusyny resmi taýdan tassyklatmaga Anna mümkinçilk berdiler. Raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasy bar bolup, Anna Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin arzany berip bildi, we ony – Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasyna laýyklykda – ol şu ýylyň ahyryna çenli almalydyr.“Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn” – diýýär Anna. “Men özümi talaba laýyk adam we jemgyýetiň agzasy hökmünde duýaryn”.
1 of 5
Waka
27 iýun 2024
Geljek üçin dünýä derejesinde duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlarynyň dialogy
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy “Geljegiň Sammidine” bagyşlap “Ýaşlar dialogyny” geçirdi. BMG-niň binasynda geçirilen çärä DÖM-iň ýaş ilçilerini, uniwersitet talyplaryny, aktiwistleri we ýaşlar guramalarynyň liderlerini özünde jemleýän 70-den gowrak türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Olar global meýilnamanyň geljegini kesgitlemek baradaky pikirlerini paýlaşdylar. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp baran bu gepleşigi ýaşlara howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, parahatçylygy gurmak we sanly üýtgeşmeler ýaly dünýäde ýüze çykýan möhüm meseleler boýunça öz pikirleri bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, bu çärä gatnaşyjylar täze saýlanan DÖM-iň ýaş ilçileriniň topary bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary çekmäge ygrarlydygyny görkezýär.“Geljegiň Sammidi, adamzat üçin iň möhüm meseleleri çözmek üçin bir pursatdyr” - diýip jenap Şlapaçenko belledi. “Siziň sesiňiz, siziň pikiriňiz we siziň islegleriňiz bu global kynçylyklary çözmek üçin möhümdir. Şu günki dialog diňe bir söhbetdeşlik däl, ýaşlaryň pikirleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň global gün tertibine girizilmegini üpjün etmekde wajyp ädimdir.” Ol açylyş çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň umumy gün tertibimiz” atly hasabatynda beýan eden we Geljegiň Sammidinde döwlet we hökümet baştutanlary tarapyndan kabul ediljek Geljek barada Ylalaşygyň taslamasynyň esasyny düzýän birnäçe möhüm başlangyçlara ünsi çekdi. Şeýle hem, Global sanly şertnama we geljekki nesiller üçin jarnamany Ylalaşyga goşulan möhüm resminamalar hökmünde belläp geçdi. Jenap Şlapaçenko, ýaş zehinleriň Birleşen Milletler Guramasyna goşulmagy üçin ajaýyp pursat hökmünde BMG Sekretariaty tarapyndan öňe sürlen Ýaş hünärmenler maksatnamasyny hödürledi. Bu başlangyçlaryň her biri has inklýuziw, ahlakly we hyzmatdaşlyga taýýar dünýä gurmakda möhüm rol oýnaýar. Dialog Geljek barada Ylalaşygyň bäş sütüni boýunça Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (UNRCCA), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar gaznasynyň ( ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy gpraýyň guramasynyň (BSGG) we Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy ýaly BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler esasy ugurlaryň mazmuny barada jikme-jik maglumat berdiler we Ylalaşygyň mazmuny işlenip düzülen gollanmalar bilen paýlaşdylar. Çykyşlardan soň ýaşlar bäş topara bölündi we Geljegiň Sammidinde gazanylan global şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar. Olaryň teklipleri jemlenip, Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna ýetiriler.Bu çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň has inklýuziw we täsirli ulgamy döretmekde ýaşlaryň möhüm ornuny görkezdi. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi, geljegiň ýaşlara degişlidigini we geljegiň emele gelmeginde olaryň sesiniň wajypdygyny tassyklady. Geljegiň Sammidi barada: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Geljegiň Sammidi, halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmegi maksat edinýär. Esasy öňde goýýan maksady durnukly ösüşe, halkara parahatçylyga we howpsuzlyga, ylym, tehnologiýa we innowasiýa, ýaşlar we geljek nesiller, şeýle hem global dolandyryşy özgertmek bolup durýar.
1 of 5
Waka
12 iýun 2024
COP29-a taýýarlyk: howanyň üýtgemegine goşant goşýan türkmen ýaşlarynyň ugry Dubaýdan Baku-a tarap
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikde Bütindünýä Daşky Gurşaw Gününe, geçen ýylky Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) jemine we şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek COP29-a taýýarlyk işlerine bagyşlanan çäre geçirdi.Bu çäre, COP28-iň başlyklygynyň Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem COP28-iň netijeleri we ýaşlary COP29-da karar bermek işine çekmek hem gözden geçirildi.Bu çärä BMG-ni[ ýurt boýunça toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň, diplomatik korpuslaryň wekilleri, milli hyzmatdaşlar, ýaş DÖM-iň ilçileri we eko-aktiwistler gatnaşdylar.Duşuşykda çykyş edenler - BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa – bilelikdäki işleriň möhümdigini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky ygrarlylygy güýçlendirmegi nygtadylar. Açylyş dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda durnukly çözgütleri öňe sürmekde we global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bilimiň we diplomatiýanyň orny barada belläp geçdi.Şeýle hem, maslahatda Gülşat Aýydowa ýaşlaryň başlangyçlary üçin strategiki esas döretjek 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (LCOY) beýannamasy bilen tanyşdyrdy. LCOY2023-e gatnaşanlar bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini, öwrenen sapaklaryny we geljekde global klimat sammitlerine gatnaşmak üçin näme edip biljekdigini paýlaşdylar. “Dubaýa aýak basan pursatymyzdan başlap, ýaşlar maslahatynyň joşgunly atmosferasyna çümdük, özara gatnaşyga, öwrenmäge we hyzmatdaşlyga taýýardyk. COY18-de howanyň üýtgemeginiň milli mesele däl-de, global meseledigine düşündim. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen bilelikde işläp, üýtgeşiklik döredip biljekdigimiz mende umyt we ynam döretdi. Bilelikde öwrendik, pikirlerimiz bilen paýlaşdyk, strategiýalaryň üstünde işledik. COY18-de geçirilen seminarlar we pikir alyşmalar maňa howany goramak hereketleriniň has täsirli tarapdary bolmak üçin başarnyklary we bilimleri berdi. Alan bilimimi durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.” – diýip DÖM-iň ýaş ilçisi Maral Allaberdyýewa tejribesini paýlaşdy.Çäräniň esasy wakasy, COY18-e gatnaşan türkmen wekilleriniň tejribelerini we täsirlerini öz içine alýan wideo, şeýle hem COY18-e we COP28-e gatnaşanlaryň alan sapaklaryna baha bermek boýunça oýlanyşykly pikir alyşma boldy.Geçen ýyl, üç sany - Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda we jemleýji Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnalan çäreler Global Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) bilen jemlenipdi. Ol ýerde türkmen ýaşlary öz innowasion çözgütlerini we wagyz-nesihat işlerini görkezdiler. Bu ýyl esasy üns DÖM-iň ýaş ilçilerine, talyplara we eko- aktiwistlere gönükdirildi, olar netijeli durmuşa geçirilmegi üçin öňki maslahatlarda teklip edilen çözgütleriň takyklanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar şu ýyl Baku şäherinde geçiriljek COP29-da karar kabul etmek işlerine ýaşlaryň gatnaşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi dowam ederler. Türkmen ýaşlarynyň öňki COY18-e goşan goşandy oňyn özgerişlere we durnukly geljegi emele getirmäge isleglerini görkezýär.
1 of 5
Waka
15 aprel 2024
Söweşjeň ruhdan hem güýçli
Söweş sungatlarynyň ussatlarynyň ählisinde, uly tutluşygyň öňünden ýerine ýetirýän däbi bardyr. Bu olaryň iýýän ýörite tagamy ýa-da ýaryşlaryň öňünden diňleýän aýdymy bolup biler. Türkmenistanly ussat kikboksçy Mustafanyň däbi bolsa komediýa filmlerine tomaşa etmek bolup durýar.Ol “Söweşden öň men saz diňleýärin we komediýa filmlerine tomaşa edýärin. Men söweş barada hiç hili pikir etmeýärin. Haçan-da men ringe çykanymda, men diňe şol wagtda söweş barada pikir edip başlaýaryn” diýýär.Bu adaty bolmadyk çemeleşme ýaly görünip biler. Emma ol soňky 84 sany tutluşygyň 79-da ýeňiş gazanandygy sebäpli bu usulyň peýdalydygyny aýtmak bolar. Mustafanyň iň uly arzuwy – Türkmenistan üçin halkara derejede çykyş etmek, ýöne muňa bir päsgel bar. BMG BIÝK-yň tarapyndan ykrar edilen bosgun hökmünde onuň türkmen baýdagy astynda çykyş etmek üçin zerur bolan resminamalar Mustafada ýok.Gaçmaga mejbur bolanMustafa takmynan 30 ýyl mundan öň bary-ýogy alty ýaşynda wagty Türkmenistana geldi. Ejesi, kakasy we iki sany uly erkek dogany bilen, olar Owganystandaky giň gerimli zorluklardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçyp gaýtdylar.Mustafa we onuň iki sany erkek dogany başlangyç we orta mekdebi tamamladylar, türkmen we rus dillerini öwrendiler. Türkmenistan olaryň Watanyna öwrüldi. Şeýle hem olar sportuň meşhur milli görnüşleri bilen meşgullandylar, hususan-da, Mustafany kikboks gyzyklandyrdy.Owganystandan gaýdanlarynda olar gaty kiçi hem bolsalar, ol ýerdäki durmuşy we Türkmenistana göçüp gelişleri baradaky wakalar anyk ýadyna düşýär. “Mekdebe gidip başlanymda beýleki çagalara düşünmek, mekdebe uýgunlaşmak maňa kyn düşmedi. Sebäbi meniň häsiýetimde güýçli bolmaklyk bar” diýip, Mustafa aýdýar. Hut şol güýçli bolmaklyk häsiýeti sebäpli hem Mustafa höwesjeň-söweşijiden ussat kikboksçy we tälimçi derejelerine ýetdi.Söweşjeň ruhyMustafa ilkinji gezek bäsleşige 18 ýaşynda gatnaşdy we şondan bäri jemi 16 bäsleşikde ýeňiş gazandy. Yzygider gazanylan ýeňişler sebäpli, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik gazandy. Ýurduň ähli künjeklerinden saýlanan beýleki türgenler ýaly Mustafa hem bäsleşikden öň tutuş bir ýylyň dowamynda türgenleşik geçdi. Emma açylyş dabarasyna bary-ýogy birnäçe gün galanda ol ýaryşlardan mahrum edildi – Musatafanyň Türkmenistanyň raýaty däldigi we bosgun statusyna eýe bolandygy sebäpli, dolandyryjy halkara sport komiteti oňa Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge rugsat berilmeýändigini yglan etdi. “Bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigim üçin gaty gynandym. Ýöne ondan soň men has hem güýçli boldum” diýip, Mustafa belleýär.“Beýik kikboksçy bolmak üçin, fiziki güýçden we çydamlylykdan başga-da köp zatlar talap edilýär. Sportuň bu görnüşi üçin uly hyjuwyň bolmaly. Ondan başga-da gowy adamkärçiligiň, güýçli gylyk-häsiýetiň bolmalydyr we hiç zatdan gorkmaly däl” diýip, ol sözüni dowam etdi. Mustafa öz gynanjyny has yhlasly türgenleşiklere gönükdirdi.79 sany gazanylan ýeňişlerden ol Prezidentiň Kubogyny gazanandygyna aýratyn buýsanýar. “Bäsleşige 350-den gowrak kikboks ussatlary gatnaşdylar. Men hem bu bäsleşige gatnaşdym we Prezidentiň kubogyny gazandym. Men muňa örän buýsandym.” diýip Mustafa aýdýar. – “Soňra bolsa ussat kikboksçy bolandygym sebäpli, maňa kikboks boýunça tehniki türgeniň goşmaça kubogyny hem gowşurdylar”.Mundan başga-da, bäsleşiklere gatnaşmakdan daşary Mustafa ýerli sport klubynyň 150-den gowrak okuwçysyny, şol sanda oglanlary we gyzlary, uly ýaşlylary we beýleki hünärmenleri türgenleýär. Ýaňy-ýakynda onuň okuwçylarynyň biri Fight Nation halkara çempionatynda ýeňiş gazandy.Ýüregiňe ýakyn bolan ýer öýüňdir“Men Türkmenistanda alty ýaşymdan bäri ýaşaýaryn” diýip, Mustafa aýdýar. – “Biz özümizi türkmen hökmünde duýýarys”.“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli. Men Türkmenistanda bu käre eýe boldum. Öz maşgalam üçin pul gazanyp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin”.Men Türkmenistanyň pasportyny almak isleýärin. Men Türkmenistanyň adyndan çykyş edesim gelýär”- diýip, Mustafa aýdýar.Boksuň dolulygyna galtaşmaly sport görnüşi bolup durýandygy we Mustafanyň häzirki wagtda 32 ýaşyndadygy sebäpli, onuň bäsleşiklere gatnaşmagy üçin az wagt galan bolup biler. Emma edil häsiýeti ýaly onuň ygrarlylygy hem örän güýçli bolup, ol umydyny ýitirmeýär. “Men her gün türgenleşik geçýärin we özümi sagdyn ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn. Men öz köp maksatlaryma ýetip bilmesem-de, şägirtlerim bilen bilelikde eýýäm köp sanly ýeňişleri gazandyk. Olar bilen bir hatarda men hem özümi bäsleşikde birinji orny eýelän ýaly duýýaryn” diýip, Mustafa aýdýar.*****************Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG BIÝK tarapyndan ykrar edilen 13 sany bosgun bolup, olar ýurtda milli gaçybatalga ulgamy döredilmezden öň hasaba alnan. Olaryň hemmesi 20 ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ýaşaýarlar, türkmen dilinde erkin gürleýärler we türkmen jemgyýetine uýgunlaşan ýagdaýda ýaşaýarlar. Olaryň käbiri, mysal üçin Mustafa we onuň erkek dogany, Türkmenistanyň raýatlary bilen durmuş gurdylar we olaryň çagalary türkmen raýatlary bolup durýarlar.Ýöne olaryň bosgun statusynyň hökümet tarapyndan ykrar edilmeýändigi sebäpli (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda), 13 adamyň ählisiniň hukuk ýagdaýy kesgitsiz bolup durýar. Bu bolsa olaryň zähmet üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meselelerde päsgelçiliklere duçar bolmagyna sebäp bolýar.BMG-iň agza döwletleri tarapyndan bosgunlaryň goragyny goldamak boýunça ygtyýarlandyrylan gurama hökmünde BMG BIÝK, Türkmenistanyň hökümetini bosgunlaryň raýatlyk üçin arza bermegine mümkinçilik döretmek, esasy hukuk we hyzmatlaryň olar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek, gujak açyp garşy alan ýurduň ösüşine olaryň hem goşant goşmagyna mümkinçilik bermek arkaly ýurtdaky bosgunlaryň ýaşaýyşyny utgaşdyrmaga çagyrýar. 2023-nji ýylda Türkmenistan 2 sany bosguna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi. BMG BIÝK bu mesele boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär, şeýle-de göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýär.
1 of 5
Press reliz
13 dekabr 2024
USAID we BSGG Türkmenistanda inçekesele garşy göreş we öňüni alyş çärelerini güýçlendirýärler
USAID-yň taslamasynyň goldawy bilen has gysga we doly peroral bejeriş usullar girizildi, bu bolsa derman serişdelerine durnukly inçekesel bilen kesellän adamlaryň bejergisini 18 aýdan 6-9 aýa çenli gysgaltdy. Bu diňe bir bejergä ygrarlylygy ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, hassalaryň durmuşynyň hilini ep-esli ýokarlandyryp, zyýanly täsirleri hem azaltdy.BSGG we USAID-iň goldawy bilen inçekeseli hasaba alyş we hasabat ulgamy (TB-RRIS) girizildi, bu inçekesel hadysalaryna we bejerginiň gidişine gözegçilik etmäge, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin maglumatlara esaslanýan kararlary bermäge mümkinçilik berýän sanly ulgamdyr.Mundan başga-da, USAID-yň taslamasynyň goldawy bilen we BSGG-niň görkezmesine laýyklykda, Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, derman serişdelerine durnukly inçekesel we gepatit C boýunça bilelikdäki bejeriş teswirnamalary täzelän ýurtdyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri has gysga we doly peroral bejeriş usullaryny öňe sürmek we bu usullaryň Merkezi Aziýada ulanmak mümkinçiligi boýunça operasion gözleg işlerini geçirdiler. USAID-iň maliýe goldawy we BSGG-niň hünärmenleriniň ýolbaşçylygy netijesinde Türkmenistanyň inçekesel boýunça teswirnamalary BSGG-niň inçekeseli barlamak, öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça iň soňky tekliplerine laýyk gelýär. Bu yzygiderli täzeleniş prosesi, Türkmenistanyň inçekesel boýunça maksatnamasynyň iň oňat ülňilere laýyk gelmegini we bejergide üstünlik gazanmak mümkinçiligini ýokarlandyrmagyny üpjün edýär.Mundan başga-da, USAID-yň we BSGG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäginde ýerli derejede inçekesel bilen kesellän hassalara goldaw hyzmatlaryny bermek we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrunda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin çäreler geçirilýär, bu bolsa ýerli saglyk işgärleriniň ilatyň ejiz gatlaklaryna merkezleşdirilen ideg hyzmatlaryny bermek ukybyny ýokarlandyrýar we şeýlelik bilen milli we sebitleýin öňdebaryjy tejribäniň arasynda baglanyşyk döredýär.Bu çäreleriň hemmesi, milli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ukybyny ýokarlandyrmaga we tutuş ýurtda inçekesel bilen kesellemek howpuny pese düşürmäge goşant goşýar.2025-nji ýyla çenli USAID we BSGG Türkmenistanda derman serişdelerine durnukly inçekesel bilen kesellän hassalarynyň 80% -ine has gysga bejeriş usullaryny hödürlemegi maksat edinýär. Sebitdäki hyzmatdaşlyk we mümkinçilikleri ýokarlandyrmak bilen goldanýan bu halkara hyzmatdaşlygy, Türkmenistany Merkezi Aziýada inçekesele garşy göreşmek ugrunda öňdebaryjy ýurt hökmünde görkezýär we durnukly saglyk ulgamlaryny gurmakda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny görkezýär.***USAID-iň, Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän “Türkmenistanda inçekesele we derman serişdelerine durnukly inçekesele garşy göreşmek boýunça tagallalary tizleşdirmek” atly taslamasy, esasanam derman serişdelerine durnukly inçekeseliň öňüni almak, ýüze çykarmak we bejermek arkaly inçekesele garşy göreşmek ugrundaky tagallalary milli derejede güýçlendirýär. Bu başlangyç, Inçekesele garşy göreşmek ugrundaky milli maksatnamany goldaýan we USAID-iň Global inçekesel strategiýasy 2023–2030 bilen birleşip, jemgyýetde tiz anyklaýyş we BSGG-niň inçekesele garşy göreşmek ugrundaky hyzmatlarynyň giňelmegine ýardam edýär.
1 of 5
Press reliz
14 noýabr 2024
BMG BÝK raýatsyzlygyň çözülmegi bilen Türkmenistany gutlaýar
2024-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat – 10 ýurtdan wekiller şu gün Aşgabat şäherinde, Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna hem-de bu maksada ýetilmeginde sebitiň netijelerini dabaralandyrylmagyna bagyşlanan Ministrleriň maslahatynda ýygnanyşdylar.“Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy” atly Aşgabatda geçirilýän ministrleriň maslahaty, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarlygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi tarapyndan gurnaldy. Merkezi Aziýa raýatsyzlykmeselelerini çözmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýerleri eýeleýär. Gyrgyzystan Respublikasy we Türkmenistan bolsa, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözen dünýäde ýeketäk ýurtlar bolup durýarlar.Maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili bu maksada ýetmek boýunça ýurduň tagallalary babatda jikme-jik gürrüň berdi hem-de bütin dünýäde adamlaryň raýatlygynyň bolmagyny üpjün etmek üçin beýlekileri goşulmaa çagyrdy. Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan dogluşlaryň ähliumumy bellige alynmagyny üpjün etmek üçin raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunyň we “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň” kabul edilendigi, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahsyň statusyny kesgitlemegiň jikme-jik amalyň döredilendigi babatda bellenildi.Galan 1146 sany raýatlygy bolmadyk şahslara pasportlary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, bu bolsa ýurtdaky raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmegiň amalyny tamamlamaga mümkinçilik berdi.Türkmenistanyň bütin dünýäde raýatsyzlygyň öňüni almak we raýatlygy bolmadyk şahslary goramak üçin esasy resminamalar bolup durýanwe 1954-nji ýylyň “Apatridleriň statusy hakynda” Konwensiýa hem-de 1961-nji ýylyň “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýa goşulmagy onuň aýratynlygy bolup durýar. Hukuk goragyň jähtleri boýunça jogapkärçilik çekýän BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunçaÝokary Komissarynyň kömekçisi, hanym Ruwendrini Menikdiwela gazanylan üstünlik bilen, Türkmenistany gutlady. “Biz, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna we durnukly ösüş amalyndan gyrada galmazlygyň üpjün edilmeginde onuň üýtgewsiz meýilliligine ýokary derejede baha berýäris” – diýip belledi. “Soňky onýyllykda sebitiň döwletleri düýpli ösüş gazandylar, we dünýädäki raýatsyzlygyň her bir üçünji ýagdaýy Merkezi Aziýada çözüldi. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlaryny çözen, dünýäde birinji kiçi sebit bolup biljegi çak edilýär”. Bütin dünýäde milýonlarça adamlara doly derejede öz hukuklaryndan peýdalanyp bilýän we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän raýatlykdan ýüz öwrüldi. Sebäbi diňe döwletler raýatlygy berip bilýärler ýa-da raýatlygy tassyklap bilýärler, raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda hökümetleriň hyzmatdaşlygynyň çözüji ähmiýeti bardyr.Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikleri geljekki nesiller üçin uly orny eýelejek bitewi jemgyýetler üçin çözgütleriň toplumy bolup durýar. Her bir nobatdaky nesil raýatlygy bolmadyk şahsyň statusynda dogulmagynyň ýerine, eýýäm raýatlygy berilenlerden miras hökmünde raýatlygy alarlar, bu bolsa müňlerçe adamlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we jemgyýete ornaşmaklaryny gowulandyrýar. Häzirki wagta çenli Merkezi Aziýada 30 000 gowrak adam raýatlygy bolmadyk şahslar bolup galýarlar, bu bolsa hemişelik ylalaşylan tagallalaryň we işe meýilliligiň zerurlygyna şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk şahslaryň aglabasy garaşsyz döwletleriň raýatlygyny heniz almadyk ýa-da ony tassyklatmadyk Sowet Soýuzynyň öňki raýatlarydyr ýa-da olaryň nesilleridir.Raýatsyzlyga garşy göreş boýunça tagallalar we borçnamalar #IBelong (#MenDegişli) kampaniýasynyň anyk üstünliklerine we ösüş depginine esaslanyp, 14-nji oktýabrda BMG BÝK tarapyndan başladylan, Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşiginiň çäklerinde dowam etdiriler.Türkmenistan täze Birleşige goşulan Merkezi Aziýada birinji ýurt bolup, bu meselede hem halkara liderligini görkezdi. Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigiBMG BÝK 2014-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna, raýatsyzlygy aradan aýyrmak maksady bilen meýilliligi, hereketleri we raýdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen 10 ýyllyk #IBelong kampaniýasyny başlatdy. Soňky 10 ýylda bu kampaniýa döwletleriň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, BMG-niň agentlikleriniň, akademiki edaralaryň, şeýle hem sebit guramalarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalaryň bilelikdäki tagallalary saýasynda raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda düýpli ösüş depginini gazandy. 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagy bilen BMG BÝK Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşigini başlatdy.Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigi – dürli gyzyklanýan taraplary birleşdirýän, täze köptaraplaýyn binýatdyr. Onuň ýörelgesi “her bir adamyň kemsitmeden raýatlyga hukugy bolan raýatsyzlykdan azat dünýäni” döretmekden ybaratdyr. Birleşik raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin döwletleri, raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalary, BMG-niň agentliklerini, raýat jemgyýetiniň guramalaryny hem-de sebit hökümetara we parlamentara guramalary birleşdirýär. Bu birleşik okuw, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk üçin binýat hökmünde gulluk eder. Şeýle-de, raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan syýasy meýilliligi pugtalandyryp, kanunçylykda, syýasatda we tejribede nogsanlyklary ýüze çykaryp we olara täsir edip, üýtgetmeleri girizmäge höweslendirer we çaltlandyrar.Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky hünärmenlere ýüz tutup bilersiňiz:Bankok şäherinde Tiý Çang, chung@unhcr.orgAlmaty şäherinde Aýýa Siýaz, siyaz@unhcr.orgAlmaty şäherinde Mariko Hol, hallma@unhcr.org
1 of 5
Press reliz
13 dekabr 2024
USAID we BSGG Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýärler
BSGG-niň we USAID-iň “Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek ugrunda tagallalary tizleşdirmek” baradaky bilelikdäki taslamasynyň bir bölegi bolan bu syn, Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça indiki Milli strategiki meýilnamasyny (2026–2030) işläp düzmekde esas bolup hyzmat eder. Esasy çäreler, Aşgabat şäherinde, Ahal we Mary welaýatlarynda inçekeseli bejeriş edaralaryna baryp görmek we inçekesel boýunça maglumatlary yzarlamagyň hilini gowulandyrmak üçin “Inçekeseli hasaba alyş we hasabat ulgamyna” (TB-RRIS) baha bermekden ybarat boldy.BSGG-niň hünärmenleri derman serişdelerine durnukly we köp sanly derman serişdelerine durnukly inçekesel bilen baglanyşykly wakalary öwrenip, tapgyrlaýyn syn geçirdiler we inçekesele gözegçilik etmekde ilkinji lukmançylyk sanitar kömeginiň ornuna baha berdiler. BSGG-niň inçekesel boýunça sebitleýin geňeşçisi doktor Askar Ýedilbaýew Türkmenistanyň alyp barýan tagallalaryna ýokary baha berdi we netijeleriň inçekeseliň strategiki taýdan öňüni almaga we BSGG-niň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga ýardam etjekdigini aýtdy.BSGG-niň we USAID-iň hasabatynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine we hyzmatdaşlara Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga we bütin sebitde saglygy gowulandyrmakda goldaw berjek amaly teklipler şöhlelendiriler. Şeýle-de bu missiýa, ilkinji lukmançylyk sanitar kömeginiň inçekesele garşy göreşde tutýan ornuny gözden geçirmegi, Aşgabat şäherindäki hassahanalara we Ahal welaýatynyň Geokdepe etrabyndaky köp ugurly hassahanalaryna baryp görmegi öz içine aldy.Missiýanyň netijesi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we degişli gyzyklanýan taraplara inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça alnyp barylýan tagallalary goldamak üçin beriljek umumy hasabatda ýerleşdiriler.***USAID-iň, Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän “Türkmenistanda inçekesele we derman serişdelerine durnukly inçekesele garşy göreşmek boýunça tagallalary tizleşdirmek” atly taslamasy, esasanam derman serişdelerine durnukly inçekeseliň öňüni almak, ýüze çykarmak we bejermek arkaly inçekesele garşy göreşmek ugrundaky tagallalary milli derejede güýçlendirýär. Bu başlangyç, Inçekesele garşy göreşmek ugrundaky milli maksatnamany goldaýan we USAID-iň Global inçekesel strategiýasy 2023–2030 bilen birleşip, jemgyýetde tiz anyklaýyş we BSGG-niň inçekesele garşy göreşmek ugrundaky hyzmatlarynyň giňelmegine ýardam edýär.
1 of 5
Press reliz
17 sentýabr 2024
Büzmeýiniň ýaşlarynyň durnukly geljek üçin eko başlangyçlary
Maslahata Azerbaýjan Respublikasynyň ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalow, Beýik Britaniýanyň ilçisi jenap Stiwen Konlon, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, şeýle hem BMGÖM-iň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri we milli ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasyndan soň ilkinji sessiýa başlady we DÖM-iň ýaş ilçileri ozalky maslahatlaryň netijelerini, tejribelerini we gazanylan üstünlerini paýlaşdylar, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky teklipleri hödürlediler. Ikinji sessiýada gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler. Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Soňra Arkadag şäherinde innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulag infrastrukturasynyň howanyň üýtgemegine täsiri we ulag pudagynda durnukly ösüş tehnologiýalary, uglerod aýak yzlaryny azaltmak üçin innowasion çözgütler ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýanyň ahyrynda her bir iş topary Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarlady. Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler.Maslahat türkmen ýaşlaryny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge we ýurduň geljegi üçin durnukly çözgütleri işläp düzmekde möhüm ädim boldy.
1 of 5
Press reliz
12 sentýabr 2024
Türkmenabatda geçirlen Ýaşlar maslahatynda howanyň üýtgemegi boýunça meselelere ýaşlaryň goşandy
Bu maslahat döwrüň daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýaşlara işjeň gatnaşmagyň ýollaryny tapmak üçin Lebap welaýatynyň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemledi. Maslahata Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Stiwen Konlon, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, 17 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, BMGÖM-iň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.Maslahat gutlag sözleri bilen başlady we BMGÖM-iň wekiliniň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny baradaky çykyşy bilen dowam etdi. Ol bu meselede halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. DÖM-iň ýaş ilçileri geçenki maslahatlaryň netijelerini hödürlediler, öz tejribelerini we daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky tekliplerini paýlaşdylar.Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler we howanyň üýtgemegi we Aral krizisiniň täsiriniň çäginde Lebap welaýatynyň biodürlüligini we ekosistemalaryny goramagyň ähmiýeti, ekologik bilim we durnukly ösüş maksatnamalary, talyplaryň daşky gurşawy goramak baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin maksatnamalary işläp düzmek we daşky gurşaw gymmatlyklaryny emele getirmekde mugallymlaryň orny ýaly möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarlanyljak netijeler barada gürrüň berdiler.Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler. Türkmenabat şäherinde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty Türkmenistanyň ýaşlarynyň global klimat meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezýän ekologiýa pudagynda bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma boldy.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11