Soňky
Wideolar
03 aprel 2026
Näme üçin Birleşen Milletler Guramasy Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär? Aýdylmadyk hekaýa | BMG-niň täze dokumental filmi
Has köp öwrenme
Press reliz
01 aprel 2026
Türkmenistan we BMG durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Has köp öwrenme
Waka
27 mart 2026
Sanly tehnologiýalar Türkmenistanda inçekesel bejergisine çemeleşmeleri nähili üýtgedýär
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Press reliz
01 aprel 2026
UN Human Rights Central Asia Conducts Human Rights Lecture Series for Youth in Ashgabat
The lecture series brought together students at the National SDG Center from the Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan and the International University for the Humanities and Development, who are studying international law and related disciplines.Through interactive discussions led by OHCHR Human Rights Officer, Erkin Isakulov, participants explored the foundations of international human rights law, the concept of human rights, UN human rights protection mechanisms, non-discrimination, and the rights of persons with disabilities, as well as the role of young people in promoting equality and dignity for all.Practical examples and open dialogue encouraged students to connect international standards with local realities and to reflect on the relevance of human rights in their everyday lives and future professional roles.This initiative is aligned with the global human rights education approach promoted by UN Human Rights. It aims to strengthen knowledge of international human rights standards, empower young people to think critically, and encourage their active engagement in building inclusive and rights-based societies.UN Human Rights Central Asia plans to continue the lecture series as part of its broader efforts to promote human rights education in Turkmenistan.
1 of 5
Press reliz
01 aprel 2026
Türkmenistan we BMG durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Duşuşyk Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýerine ýetirilişi boýunça Üçünji Meýletin milli synyna taýýarlyk işleriniň başlanmagyna, onuň netijeleriniň 2027-nji ýylyň iýul aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) çäginde geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenmegine, şeýle hem ýaşlar syýasaty we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň meselelerine bagyşlandy. Duşuşygy açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Strategik maslahatlar geňeşi görnüşindäki Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky dowamly dialogyň ähmiýetini belläp geçdi. Ol bu görnüşiň ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeliligini subut edendigini nygtady.Gatnaşyjylar Meýletin milli synyň taýýarlanylmagynyň ýurduň DÖM-e ýetmekde gazanan ösüşini bahalandyrmakda, DÖM-i milli syýasata has giňden ornaşdyrmakda, şeýle hem halkara öňdebaryjy tejribeleri milli hasabatlylyk ulgamynda ulanmakda möhüm tapgyrdygyny bellediler. Şeýle-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we milli hasabat beriş mehanizmlerini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalar Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini öňe ilerletmekde güýçli we netijeli hyzmatdaşlygyň bardygyny görkezdi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko öz çykyşynda BMG ulgamynyň Türkmenistanyň Üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamaga doly taýýardygyny tassyklady. “Bilelikde biz Meýletin milli syny taýýarlamak boýunça uly tejribe topladyk we BMG ulgamy bu işi ýene-de goldamaga taýýar. Soňky ýyllarda gazanylan giň maglumat binýadyny göz öňünde tutup, indiki synyň Türkmenistanyň kabul eden ähli DÖM-ini öz içine almagyny teklip edýärin. Şeýle hem BMG-niň Statistika bölümi tarapyndan tassyklanan DÖM görkezijileriniň halkara usulyýetini ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi möhüm hasaplaýaryn. Bu milli hasabatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň DÖM indeksindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder”, — diýip aýtdy.Mejlisiň dowamynda ýaşlaryň ösüşini we olaryň gatnaşygyny ösdürmäge gönükdirilen, milli ýaşlar syýasaty ileri tutulýan ugurlaryna hem-de “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibine laýyk gelýän bilelikdäki maksatnamalar, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly howa üýtgemelerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet bu maksatnamalary goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Gatnaşyjylar taslama tekliplerini kämilleşdirmek üçin goşmaça duşuşyklary geçirmäge ylalaşdylar.Iki taraplaýyn resminamalara gol çekilmegiDuşuşygyň anyk netijesi hökmünde taraplar 2026-njy ýyl üçin birnäçe Ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekdiler. Bu resminamalar milli edaralar bilen BMG agentlikleriniň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Gol çekilen resminamalar şulary öz içine alýar:Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen UNFPA-nyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen UNFPA-nyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy;Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2026-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnamasy.Bu ylalaşyklar saglygy goraýyş, bilim, jemgyýetçilik ösüş we döwlet maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär hem-de milli ileri tutulýan ugurlaryň we Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, durnukly ösüşi ilerletmäge, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we ýurduň halkara borçnamalaryny goldamaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
1 of 5
Press reliz
31 mart 2026
Visit of the CEDAW Vice-Chairperson to Turkmenistan
On 25 March, Ms. Mikko conducted a briefing at the Ministry of Foreign Affairs, organized in partnership with UN Human Rights Central Asia (OHCHR), on the next steps for implementing recommendations from both the CEDAW Committee and the Universal Periodic Review (UPR) relating to gender equality. Together with national counterparts and OHCHR, she reaffirmed the Committee’s readiness to provide technical cooperation and expert support to assist Turkmenistan in implementing the CEDAW recommendations.On the same day, Ms. Mikko also participated in the UN development partners’ thematic group on human rights and gender, hosted by the EU Delegation in Turkmenistan. Development partners were briefed on the follow-up to the implementation of the CEDAW recommendations issued to Turkmenistan in 2024, as well as on the latest conclusions of the 70th session of the Commission on the Status of Women (CSW70), held in New York in March. On 26 March, Ms. Mikko participated in an Inter-Parliamentary Dialogue, organized by the Mejlis jointly with the United Nations Population Fund (UNFPA), which brought together representatives of parliaments from Eastern Europe and Central Asia, national institutions and international organizations. Discussions focused on strengthening legislative frameworks and accelerating progress in advancing gender equality and preventing gender-based violence.“The CEDAW Convention is legally binding for all 189 States parties, including the countries of Central Asia. I hope that in the near future Turkmenistan, like other countries in Eastern Europe and Central Asia, will adopt dedicated legislation on gender-based violence against women,” Ms. Mikko emphasized, reaffirming the Committee’s role in supporting States parties in fulfilling their obligations. The visit took place within the framework of a UK-funded project implemented by OHCHR, aimed at strengthening the protection of women’s rights in Turkmenistan, including the rights of women with disabilities. About CEDAW The Committee on the Elimination of Discrimination against Women (CEDAW) is a body of independent experts that monitors the implementation of the Convention on the Elimination of All Forms of Discrimination against Women, a key international treaty advancing women’s rights worldwide. Turkmenistan ratified the Convention in 1997 and continues to engage with the Committee in fulfilling its international human rights obligations. Find out more about the latest CEDAW Concluding Observations, received by Turkmenistan on 14 February 2024 HERE
1 of 5
Press reliz
26 mart 2026
Turkmenistan strengthens engagement in regional cooperation on climate adaptation and cryosphere issues
These changes reflect broader climate processes across Central Asia, including the degradation of the cryosphere. Although Turkmenistan is largely located in an arid zone, the country depends on transboundary water resources originating in mountainous areas. Glacier melt continues to play a key role in sustaining river flow, particularly during the summer months when water demand for agriculture is at its peak.In response to these challenges, Turkmenistan is strengthening its engagement in regional and national initiatives aimed at climate adaptation and sustainable water management. Under the GEF–UNDP–UNESCO Cryosphere Project, “Strengthening the Resilience of Central Asian Countries by Enabling Regional Cooperation to Assess Glacio-nival Systems to Develop Integrated Methods for Sustainable Development and Adaptation to Climate Change,” the country is contributing to the development of the National Adaptation Plan (NAP) and the Subregional Joint Action Programme (SJAP). These processes aim to enhance resilience to climate risks, strengthen scientific monitoring, and expand regional cooperation.Knowledge exchange remains a key component of the project. Experts from Turkmenistan actively participate in conferences and workshops organized under the project, sharing national experience and approaches to cryosphere research. In September 2025, at a regional conference in Tashkent, Turkmen experts presented scientific papers, including “Key Features of the Cryosphere in Turkmenistan under Climate Change” (P.A. Kepbanov, G.O. Khamrayev) and “Training of Meteorologists on Cryosphere Issues at Magtymguly Turkmen State University” (G.O. Khamrayev, P.A. Kepbanov).At the national level, awareness is also increasing. Media outlets, including the central newspaper Neutral Turkmenistan, have published articles highlighting the importance of glaciers for regional water resources and the implications of their retreat.Turkmenistan is expected to continue its active engagement in regional dialogue under the project, including participation in the upcoming Regional Ecological Summit in Astana, Kazakhstan, where key project outcomes, including the Subregional Joint Action Programme, will be presented.
1 of 5
Press reliz
18 mart 2026
“Disability inclusion makes sense for everyone”: UN Human Rights promotes awareness of the Convention on the Rights of Persons with Disabilities in Turkmenistan
This work reflects the call of UN High Commissioner for Human Rights Volker Türk to ensure that persons with disabilities and their representative organizations are meaningfully involved in shaping policies and infrastructure that affect their lives. On 10–13 March, OHCHR held two seminars “Introduction to the Convention on the Rights of Persons with Disabilities” for state authorities and civil society organizations, including organizations of persons with disabilities. Around 40 participants discussed different approaches to disability and explored the rights enshrined in the CRPD, including the right to participation, the right to work, and the right to an adequate standard of living. The seminars also created space for dialogue on practical steps to advance inclusion and accessibility in Turkmenistan in line with international standards. The seminars were facilitated by OHCHR expert Askar Turdugulov from Kyrgyzstan, who shared his personal and professional experience as a disability rights advocate.The seminars were implemented as part of a project funded by the UK Government in Turkmenistan. ***********************************Turkmenistan ratified the CRPD in 2008 and last reported to the Committee on the Rights of Persons with Disabilities in 2015. In its Concluding Observations, the Committee issued recommendations to strengthen the protection and promotion of the rights of persons with disabilities in the country. The Committee called on Turkmenistan, among other things, to promote universal design for all buildings and public services, information and social communication media, transport and services open to the public, in both urban and rural areas.Learn more: Convention on the Rights of Persons with Disabilities: Convention on the Rights of Persons with Disabilities | OHCHR Concluding Observations
1 of 5
Waka
27 mart 2026
Sanly tehnologiýalar Türkmenistanda inçekesel bejergisine çemeleşmeleri nähili üýtgedýär
Köp ýyllaryň dowamynda inçekesel hassalaryna berilýän kömeginiň standarty saglygy goraýyş edarasyna her gün baryp görmekdi, şol ýerde şepagat uýasy hassanyň bellenen dermanlary kabul edýändigini şahsy gözegçilik edýärdi. Bu bejerginiň berjaý edilmegine gözegçilik etmäge kömek etdi, ýöne bu örän kyndy.Häzirki wagtda inçekesel bejergi maksatnamalary döwrebap gurallary - akylly gerdejik gutularyny (smart-pillbox) we bejergi üçin wideo kömekli platformalary (VST) ulanmaga başlaýar. Bu täze usullar has çeýe we hassalaryň zerurlyklaryna ileri tutulýar. Saglyk öýüne ýa-da inçekesel hassahanasyna barmagyň ýerine, adamlar indi öýde goldaw alyp bilerler, bu bolsa tutuş amaly has ýönekeýleşdirýär we has amatly edýär.Bu tehnologiýalar näme?Akylly gerdejik gutusy (smart-pillbox) dermanlary saklamak üçin elektron enjamdyr. Ol inçekesel dermanynyň indiki möçberini kabul etmeli wagty gelende duýduryş berýär. Ulgam gutynyň açylan wagtyny takyk ýazyp alýar we bu maglumatlary saglygy goraýyş edarasyndaky şepagat uýasyna iberýär. Bu bolsa ýurduň dürli künjegindäki lukmanlara we şepagat uýalaryna hassanyň dermanlaryny kabul edýändigini ýa-da kabul etmeýändigini uzakdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.Wideo kömekli bejergi (VST) gözegçilik edilýän bejerginiň döwrebap alternatiwasydyr. Näsaglar, adatça, dermanlaryny saglygy goraýyş edarasynda her gün alýan bolsalar-da, VST saglygy goraýyş işgärlerine işgärlerine bu amala uzakdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.Amatlylyk, netijelilik we gatnaşykSanly gurallara geçmek bejergi alýanlar we bejergi berýänler üçin uly artykmaçlyk berýär.Näsaglar üçin bu, esasan, wagty we mertebesini saklamak mümkinçiligidir. Iň esasysy, her gün saglyk öýüne ýa-da inçekesel hassahanasyna gitmek zerurlygyny aradan aýyrýar."Bu nähili rahatlykdy - indi kimdir biri meniň dermanlarymy içýändigimi görüp bilsin diýip, ýol üçin bir sagatdan gowrak wagt sarp etmeli däldi" diýip, 44 ýaşly Anjela aýdýar. "Öňler şeýledi: çagalary irden mekdebe taýýarlap, mekdebe gidýärdim. Şol wagt ýollarda ulaglar köp, hemmeler işe howlukýar. Saglygy goraýyş edarasyna ýol bir sagatdan gowrak, käte iki sagatdan hem köp wagt alýardy - örän amatsyzdy. Ol ýerde men bellenen ähli gerdejikleri birbada ýuwudyp, işlerimi etmek üçin öýe gaýdyp gidýärdim. Bilşiňiz ýaly, inçekeseli bejermek kyn, dermanlar güýçli we ýaramaz täsirleri bar. Öýe barýarkam köplenç özümi erbet duýýardym we tutuş gün zaýalanýardy: stress, dartgynlyk we hiç zada ýetişemokdym. VST-niň kömegi bilen hemme zat üýtgedi: çagalary mekdebe rahatlyk bilen alyp gidip, gaýdyp gelip, dogry ertirlik naharyny iýip, öýde dermanlarymy içip bilýärin. Lukman hatda möçberi irden we günortan bölmäge rugsat berdi. Men özümi has janly duýýaryn we öý işleri we uzakdan işlemek üçin güýjim bar." Mundan başga-da, bu tehnologiýalar hassalara örän zerur bolan gizlinligi üpjün edýär. Köpler üçin saglygy goraýyş edarasyna gündelik baryp görmek keselini açyk yglan etmek ýalydyr. Wideo goldaw we akylly gerdejik gutulary öýde gizlin bejergi almaga mümkinçilik berýär, bu bolsa inçekesel bilen baglanyşykly stigma garşy göreşmekde uly kömek edýär.20 ýaşly talyp Mährijemal akylly gerdejik gutusynyň bejergisini gizlin saklamaga nähili kömek edendigini düşündirýär: "Mesele meniň kesel kesgidimi gizlemeýänligimde däl. Köp adamlar meniň daýymyň inçekesel bilen keselländigini we maňa hem doganyma hem onuň ýokuşandygyny bilýärler. Emma men her gün hassahana barýarkam goňşularyma ýa-da tanyşlaryma duş gelip, olaryň çekinjeňligini görmek islemeýärin. Käwagt adamlaryň maňa gynanýan ýaly ýa-da diňe inçekeselden başga näme hakda gürleşmelidigini bilmeýän ýaly bolýar. Bu bolsa meniň özüme bolan ynamyma hemişe täsir edýär. Akylly gerdejik gutusy meniň üçin şeýle ýagdaýlardan gaça durmagyň bir usulyna öwrüldi - ol maňa bejergimde ynamymy we durnuklylygy saklamaga kömek etdi. Şeýle hem, men sagalmagyma üns berip bilýärin, şonuň üçin mümkin boldugyça çalt uniwersitetde okuwyma dolanyp bilerin."Sanly gurallaryň saglygy goraýyş işgärleri üçin wagtyny boşatmagy hem möhümdir. Olar indi irdenlerini otaglarynda hassalary garaşyp geçirmeli däl.Şepagat uýasy Oguljennet şeýle paýlaşýar: "Men öňler tutuş irdenimi otagymda hassalary garaşyp geçirýärdim. Indi men günortan VST ýazgylaryny çalt gözden geçirip, boş wagtymy hakykatdanam maňa mätäç hassalara sarp edip bilýärin".Barlaglar şeýle tehnologiýalaryň bejergä ygrarlylygy we üstünligi ýokarlandyryp biljekdigini hem görkezýär. Päsgelçilikler we kynçylyklarElbetde, sanly gurallar panaseýa däl. Iş ýüzünde olaryň ornaşdyrylmagy hem belli bir kynçylyklary döredýär.Mysal üçin, 63 ýaşly Şöhrat: "Gerdejik gutusy gowy zat. Emma men ony nähili ulanmalydygyny ýa-da işleýändigini nädip barlamalydygyny düşünmeýärin. Hassahana gitmek meniň üçin has rahat. Ol ýerde men ähli zady dogry kabul edýändigimi anyk bilýärin we islendik goşmaça täsirleri başdan geçirsem ýa-da başga bir zat meni biynjalyk edýän bolsa, diri adam bilen maslahatlaşyp bilýärin" diýip boýun alýar.Milli inçekesele garşy göreş maksatnamasynyň işgärleri - lukmanlar we şepagat uýalary - her gün hassalara kömek edýärler: tehnologiýany nädip ulanmalydygyny düşündirýärler we VST-leri ýa-da akylly gerdejik gutularyny ulananda ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklary çözýärler. Şeýle-de bolsa, käbir hassalar hassahana baryp, saglygy goraýyş işgärleri bilen şahsy gatnaşykda bolmagyň köne, tanyş modelini halaýarlar. Tejribe görkezýär: akylly gerdejik gutulary we wideo goldaw däp bolan ulgamyň ornuny tutmaýar, eýsem täze, ýokary netijeli guraldyr. Şeýle-de bolsa, olar paýhasly ulanylmaly. Bu tehnologiýalaryň esasy gymmaty, olaryň şahsylaşdyrylan bejergini almaga mümkinçilik bermeginde — stigmany azaltmagynda, wagty we serişdeleri tygşytlamagynda we ahyrsoňy öz bejergisini dolandyrmak isleýänlere ygtyýar bermeginde.Saýlamalary giňeltmekGibrid ulgam iň netijeli bolup biler. Tehnologiýa taýdan başarnykly hassalar üçin VST we akylly gerdejik gutusy durmuşy has ýeňilleşdirip biler. Ýaşuly hassalar ýa-da däp bolan bejeriş usullaryna öwrenişenler saglygy goraýyş edaralaryna baryp, saglygy goraýyş işgärleri bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklap bilerler.Lukman Ýazgüliň belleýşi ýaly: "Inçekesel bejergisini alýan hassalar islendik ýagdaýda aýlyk barlaglara gelýärler. Bu lukmana bejergini gözegçilik etmäge, dermanlaryň ýaramaz täsirlerini ýa-da beýleki saglyk meselelerini barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu duşuşyklarda olar hemişe öz aladalaryny - stres, maşgala kynçylyklary, islendik zady - ara alyp maslahatlaşyp, gerek bolsa maslahat ýa-da goldaw alyp bilerler."Inçekesel bejergisiniň geljegi sanly gurallar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşyk arasyndaky saýlaw däl. Bu tehnologiýany hassalara we lukmanlara ygtyýar bermek, olara bilelikde iň gowy netijä ýetmäge kömek etmek bilen baglanyşyklydyr.
1 of 5
Waka
12 mart 2026
8-nji mart mynasybetli geçirilen aşpezlik ussatlyk sapagy deňlik we bilelikdäki jogapkärçilik barada güýçli habary berdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistandaky BMG ulgamy - BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapachenko, BSGG-niň wekili doktor Egor Zaýtsew we UNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy jenap Kemal Goşlyýewiň gatnaşmagynda ýörite aşpezlik ussatlyk sapagyny geçirdi. Täze we döredijilikli tagamlaryň taýýarlanylyşy dowam edýän mahaly, bu ussatlyk sapagy gender deňligi, bilelikdäki jogapkärçilik hem-de has adalatly we inklýuziw öýleri we jemgyýetleri döretmek üçin zerur bolan gündelik hereketler barada manyly gepleşikleri ösdürmegi maksat edindi. Şeýle hem çäre DÖM 5 - Gender deňligi, DÖM 3 Sagdyn durmuş we abadançylyk we DÖM 2 Açlygy ýok etmek ýörelgelerini öňe sürdi we gender rollarynyň maşgala saglygy hem-de iýmitleniş bilen berk baglanyşyklydygyny görkezdi. Wajyp maksatly baýram Çäre başyndan bäri diňe aşpezlik bilen çäklenmän, giň manyly pikir alyşmak üçin meýdança hökmünde meýilleşdirildi. Gatnaşyjylar zenanlaryň hukuklary barada pikir alyşmak, dowam edip gelýän stereotiplere garşy durmak we öý işlerine erkekleriň gatnaşmagynyň ähmiýetini bellemek üçin ýygnandylar. Tagamlaryň taýýarlanylmagynda erkekleriň öňe çykarylmagy ýörite saýlanyp alyndy — bu nahar taýýarlamagyň diňe belli bir jynsa degişli iş däldigini, eýsem hemmäniň bilelikdäki jogapkärçiligidigini görkezmek üçin edildi. Gender deňligine ýetmek üçin hemmeleriň, esasanam gündelik durmuşda ýaran we hyzmatdaş bolmaly erkekleriň işjeň gatnaşmagyny talap edýändigi barada pikir hem nygtaldy. Öýde deňlik bilen maşgala saglygynyň arasyndaky baglanyşyk barada hem aýdyldy: öý hojalygy we maşgala jogapkärçilikleri has adalatly paýlaşylanda, maşgalalar has uly abadançylyk we durnuklylyk duýýarlar. Iýmit dialogyň ýoly hökmünde Aşpezlik onuň güýçli simwolik manysy sebäpli ýörite saýlanyp alyndy. Köp öýlerde nahar taýýarlamak henizem “zenanlaryň işi” hökmünde görülýär, bu bolsa tölegsiz öý işlerinde bar bolan giňişleýin deňsizlikleri görkezýär. Erkekleriň öňe çykmagyna mümkinçilik bermek bilen, ussatlyk sapagy gatnaşyjylara bu kadalary açyk ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Naharlaryň taýýarlanýan pursadynda gatnaşyjylar iýmitiň sagdyn bolmagyny üpjün etmek ýa-da çagalaryň abadançylygyny alada etmek ýaly ideg işleriniň köplenç näme üçin zenanlaryň üstüne düşýändigini hem-de erkekleriň has işjeň gatnaşmagynyň maşgala saglygyny nähili güýçlendirip biljekdigi barada pikir alyşdylar. BSGG we UNFPA guramalarynyň ýolbaşçylary hem jemgyýetçilik garaýyşlarynyň maşgala saglygynyň netijelerine nähili täsir edýändigi barada pikirlerini paýlaşdylar. Deňlige tarap ädim Açyk dialog, bilelikde nahar taýýarlamak we çuňňur pikir alyşmak arkaly 8-nji mart aşpezlik ussatlyk sapagy gündelik durmuşdaky adaty işi jemgyýetçilik kadalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwürdi. BMG-niň dürli agentliklerinden işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen çäre gender deňligini ösdürmekde we has sagdyn hem goldaw beriji maşgalalary döretmekde erkekleriň möhüm ornuny görkezdi. Türkmenistandaky BMG ýylyň dowamynda öz wagyz işlerini dowam etdirýärkä, şeýle çäreler ýönekeý bir hakykaty ýatladýar: gender deňligi bilelikdäki jogapkärçilikden başlanýar we her bir adamyň — zenanlaryň, erkekleriň, gyzlaryň we oglanlaryň — bu işde öz orny bar. ŞU ÝERDE GÖRÜŇ
1 of 5
Waka
05 fewral 2026
2-nji görnüşli diabet: Mahmudyň hekaýasy we yzygiderli barlaglar näme üçin möhüm
Irki anyklaýyş Men 40 ýaşymda we Sarahsdan. Öňki iş ýerimde geçirilýän yzygiderli saglyk barlagy wagtynda mende diabet keseliniň bardygy tötänleýin anyklady. Özümi doly sagdyn duýýardym we hiç hili arz-şikaýatym ýokdy. Emma ganymyň barlagy şekeriň derejesiniň ýokarlanandygyny görkezdi - 6.8. Meni endokrinologyň ýanyna ugratdylar. Lukman munuň kadadan ýokarydygyny we üç aýyň dowamynda "ortaça" şekeriň derejsininň nähili bolandygyny görkezýän – glisirlenen gemoglobin üçin goşmaça barlagyň gerekdigini aýtdy. Geň galdyran zat, onuň üçin Aşgabada gitmegiň hem zerurlygy ýokdy, ony Sarahsdaky saglyk öýünde-de barlamaga mümkinçilik bardy. Glisirlenen gemoglobin derejäm hem kadadan ýokarydy.Lukman ähli barlag netijelerimi gözden geçirenden soň, "Sizde 2-nji görnüşli diabet bar" diýdi. Bu meniň üçin şok boldy. Hawa, men diabet barada bilýärdim, ejemde diabet bar. Ýöne mende ol bolup bilmez diýip pikir edýärdim.Elýeterli bejergi Lukman meniň şowludygymy düşündirdi - diabetim irki tapgyrda anyklandy. Emma ol maňa keseli bejerip bolmaýandygyny, diňe gözegçilik astynda saklap bolýandygyny duýdurdy. Bagyrymyň we böwreklerimiň ýagdaýynyň gowydygy barlanylandan soň, derrew maňa metformin derman serişdesi ýazylyp berildi.Men dermanlary öz hasabyma satyn almaly bolaryn öýtdüm. Emma munuň hem zerur däldigi mälim boldy. Men Sarahs saglyk öýünde hasaba alyndym we her aý metformini mugt alyp başladym. Men ony günde iki gezek, bellenen tertipde içdimwe henizem içýärin.Goşmaça gözegçilikOndan daşary, mende gipertoniýa keseliniň hem bardygy anyklanyldy, men ondan asla bihabardym. Kardiolog dermanlary ýazyp berdi, olary hem saglyk öýi mugt berýär. Indi meniň gan basyşym hem durnukly. Hawa, böwreklerimiň saglykýagdaýyny barlamak üçin ýerli saglyk öýünde gandaky şekerimi, kreatininimi we albuminimi yzygiderli barlamaly bolýaryn. Şeýle hem, ol ýerde men her alty aýda bir gezek holesterinimi barlaýaryn. Lukman meniň ýaşaýyş durmuşymy we diagnozymy göz öňünde tutup, diabetde gan damarlarynyň diwarlarynda holesterin galyndylarynyň has çalt emele gelýändigini we onuň bilen baglylykda infarkt we insult howpunyň ýokarlanýandygyny düşündirdi. Emma bularyň hemmesini çalt barlap bolýar - paýtagta ýa-da daşary ýurda gitmegiň zerurlygy ýok.Şu günki günde men eýýäm üç ýyl bäri diabet bilen ýaşaýaryn. Men ony gözegçilikde saklaýaryn! Men derman içýärin, dogry iýmitlenmmäge synanyşýaryn, gandaky şekerimi yzygiderli barlaýaryn we lukmanyň ýanyna ýygy-ýygydan barýaryn. Men özümi keselimiň tussagy däl-de, sagdyn adam ýaly duýýaryn. Men işläp, maşgalamy üpjün edip bilýärin. Men dargap, tozup gitmegiň ýerine, kiçi oglum bilen göwnümizi açyp, şatlanyp bilýärin. Biz hatda şu tomusda deňiz kenaryna dynç almagada gitdik!Elýeterli ýerdeMeniň mysalymyň bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan başga adamlarada kömek eder diýip umyt edýärin. Iň esasy zat – kesel bilen ýeke galmazlyk. Saglyk öýüne baryň, hünärmenler bilen maslahatlaşyň - olar maňa kömek edişleri ýaly sizede kömek ederler. Köp adamlar indi islendik etrapdaky saglyk öýlerinde ähli barlag görnüşlerini diýen ýaly geçirip bolýandygyndan habarsyz. Her etrapda döwrebap barlaghanalar bar we olar reagentler bilen üpjün edilen.Men indi ähli goňşularymy saglyk öýümize iberýärin. We olaryň köpüsi eýýäm barlaglardan geçdiler: käbirleriniň gandaky şekeri ýokary, käbirleriniň bagyry näsag, käbirleriniň ýüreginde mesele bar. Olar şol ýerde bejergä başladylar, derman alýarlar - hatda olary satyn almak hem gerek däl – we özlerini öňküden has gowy duýýarlar. Bu bir bagt dälmi? BMGÖM we Türkmenistan: Saglygy goraýyş ulgamyny bilelikde pugtalandyrmakTürkmenistanda BMGÖM Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga we anyklaýyş we ýokary hilli dermanlara elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu başlangyçlaryň çäginde ýurduň ähli ýerinde - welaýat merkezlerinden başlap, uzak etraplara çenli kliniki barlaghanalar enjamlaşdyrylýar we dürli barlaglar üçin reagentler satyn alynýar. Şeýle hem, ýokanç we ýokanç däl keselleri - ýürek-damar, newrologik, endokrinologik, onkologik we ömürboýy bejergini talap edýän seýrek keselleri bejermek üçin dermanlar bilen üpjün edilýär.Wagtynda bejergi almaga we öňüni alyş çärelerini geçirmäge mümkinçiliginiň bolmagy adamlara saglygyny, zähmet ukybyny we ýaşaýşynyň hilini saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa bilime, işe we jemgyýete beýlekiler bilen deň derejede üns bermäge mümkinçilik döredýär. Döwlet üçin bu maýyplygyň azalýandygy, durmuş tölegleriniň azalýandygyny we kynçylykly bejergileriň gymmat bahaly çykdajylarynyň azalýandygyny aňladýar. Sagdyn adamlar işlemegini, salgyt tölemegini we ykdysadyýeti ösdürmegini dowam etdirýärler we olaryň netijesinde öňüni alyşa goýlan her bir maýa goýum birnäçe esse peýda getirýär."Keselleriň öňüni almaga we irki anyklanylyşyna esaslanýan ähliumumy saglygy goraýyş üpjünçiligi – bu sagdyn jemgyýete we güýçli ykdysadyýete goýlan binýatlaýyn maýa goýumdyr, bu ýerde maýa goýlan her bir serişde raýatlaryň öndürijiliginiň hasabyna köpelip gaýdyp gelýär. Innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky üstünlikli tejribelere daýanyp, BMGÖM we Türkmenistan durnukly saglygy goraýyş ulgamyny gurmak ugrunda hyzmatdaşlygyny dowam etdirerler. Saglygy goraýyşy Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy üçin durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürmek maksady bilen, biziň bilelikdäki ünsümiz keselleriň anyklanylyşynyň we bejergisiniň ähliumumy elýeterliligini giňeltmäge, hyzmatlaryň sanly ulgama geçirilmegine we saglygy goraýyş ulgamynyň işgär mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir", - diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belleýär.
1 of 5
Waka
27 ýanwar 2026
Maryda erkeklik baradaky düşünjelere täzeçe garaýyş
Biziň hekaýamyz erkeklik häsiýeti we XXI asyrda erkek bolmagyň näme aňladýandygy baradadyr. Bu hekaýa gender deňliginiň ilerledilmegi, mümkinçilikleriň giňeldilmegi hem-de hemme adamlaryň, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak ugrunda häzirki zaman ýaş ýigitleriň we gyzlaryň jemgyýetçilik kadalaryny nähili üýtgedýändikleri barada gürrüň berýär.Biz Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly sport tälimçisi Nedir barada gürrüň bermek isleýäris. Ol Türkmenistanda «erkek bolmak» we «erkeklik» düşünjelerine täzeçe garaýan türkmen erkekleriniň täze nesline wekilçilik edýär. Çagalygyndan bäri Nedirde erkeklik häsiýeti bilen baglanyşykly çäkli garaýyş bardy: erkek adam — maşgalany ekleýji, goragçy we karar kabul edýän ýeke-täk kişi. Ýerli sport mekdebinde sambo boýunça tälimçi bolup işläp, ol fiziki güýjüň hökmürowanlyk edýän dünýäsinde ýaşady we ýetginjeklere «erkek bolmak» — bu iň güýçli adam bolmakdyr diýip öwredýärdi.Emma türgenleşiklerine gyzlaryň hem gelip başlamagy onuň garaýşyny üýtgedip başlady. Olara göreşmegi, duýgularyny saklamagy we ýeňiş gazanmagy öwredip, ol özüniň köne düşünjeleriniň sarsýandygyny duýdy. Nedir özüniň bäş sany gyz okuwçysynyň söweş sungatynda — ozaldan «erkekleriň dünýäsi» hasaplanýan ugurda — milli we halkara derejelerde üstünlik gazanandygyna buýsanýardy. Hut şol wagt ol güýçli we çydamly bolmagyň haýsydyr bir jynsa bagly däldigine göz ýetirdi. Nediriň durmuşyndaky öwrülişikli pursat, onuň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) bilelikdäki taslamasy bolan “Ýaşlar, sport we gender deňligi” atly maksatnama goşulmagy bilen başlandy. Bu başlangyç Britaniýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen UNFPA-nyň sebit taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu maksatnama Nedire özünde döreýän duýgulary beýan etmek üçin dogry sözleri tapmaga kömek etdi. Aşgabatly we Lebaply sport halypalar we meýletinçiler bilen bilelikde okuw maslahatlaryna gatnaşyp, ol adaty tälimçiden jemgyýetiň işjeň agzasyna öwrüldi. Ol köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplaryny kämilleşdirdi, bu bolsa oňa könelişen jemgyýetçilik kadalarynyň her bir adamyň ösüşine nähili päsgel berýändigi barada pikir alyşmalary geçirmäge mümkinçilik berdi.Şu gün Nedir ýaş ýigitlere hakyky güýjüň öz kuwwatlylygyňy görkezmekde däl-de, hyzmatdaşlykda we birek-birege bolan hormatda jemlenýändigini öwredýär. Ol gender deňligini köplenç toparlaýyn sport oýny — «hemmeler üçin ýeňiş» — bilen deňeşdirýär. Onuň pikiriçe, sagdyn jemgyýeti diňe her bir oýunça üstünlik gazanmak üçin deň mümkinçilik berlen ýagdaýynda gurup bolar. Iň uly üýtgeşmeler sport zalynda däl-de, eýsem Nediriň öz öýünde bolup geçdi. Bir wagtlar ol «adaty rollara» ynanan bolsa, indi öý işlerini we çagalara ideg etmegi aýaly bilen deň paýlaşýar. Aýalynyň dynç almagyna we onuň maksatlaryna uly ähmiýet bermek bilen, ol özara hormata esaslanýan maşgalanyň has durnuklydygyna göz ýetirdi. Nedir üçin gap-gaç ýuwmak ýa-da çagalaryna ideg etmek — bu erkeklik häsiýetini ýitirmek däl-de, eýsem liderlik ukybynyň ýüze çykmagydyr.Nedir tälimçiniň işiniň diňe sport meýdançasy bilen çäklenmeýändigine düşünýär. Ol erkekleri deňlik baradaky söhbetdeşlige çekmek arkaly, oglanlaryň we gyzlaryň öz ukyplaryny amala aşyrmak üçin deň mümkinçilikleriniň boljak jemgyýetini kemala getirmäge kömek edýändigine ynanýar. Nedir üçin lider bolmak — parahatçylyk, hormat we umumy ösüşi gazanmak üçin jemgyýetiň bilelikde hereket etmegini gazanmakdyr.Häzirki wagtda “Ýaşlar, sport we gender deňligi” maksatnamasy ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýär. Ýaş türgenleri we tälimçileri gender deňligini hem-de meýletinçiligi ilerletmäge çekmek bilen, bu taslama sportuň güýji arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini we deň mümkinçilikleri öňe sürmegi dowam etdirýän güýçli hereketi döretdi.Nedir — 2023–2025-nji ýyllar aralygynda bu başlangyja Aşgabatdan, Marydan we Lebapdan gatnaşan 45 işjeň meýletinçiniň biridir. Ýaş türgenleri we tälimçileri deňlik ideýalarynyň daşynda jemläp, bu taslama adamlaryň durmuşyna sport meýdançalarynyň daşynda hem täsir edýän hereketiň düýbüni tutdy.
1 of 5
Waka
23 dekabr 2025
Aýsoltan Annamämmedowa: Sanly tehnologiýalardaky Türkmenistanyň ýaş zehini
Tehnologiýa we innowasiýalara hemişe höwesli bolan Oguz Han adyndaky Inženerçilik we Tehnologiýa Uniwersitetiniň dördünji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa ýakynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen "Gelejekki başarnyklar sprinti" halkara bilim başlangyjyna gatnaşmak bilen geljege batyrgaý ädim ätdi. Bu intensiw maksatnama zehinli ýaşlaryň arasynda sanly başarnyklary, innowasion pikirlenişi we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.MEXT Tehnologiýa Merkezi tarapyndan Stambuldaky BMGÖM Sebit Merkezi (UNDP IRH), BMGÖM Türkiýe we Türkiýäniň "Hepsiburada" tehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu başlangyç 2025-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda dünýäniň dürli künjeginden ýaş hünärmenleri emeli intellektiň, sanly ykdysadyýetiň we global zähmet bazarynyň meýillerini öwrenmek üçin bir ýere jemledi.Aýsoltan BMGÖM IRH tarapyndan hödürlenýän alty hepdelik onlaýn okuwlary tamamlandan soň, şahsy maksatnama gatnaşmak hukugyny gazandy. Bu taýýarlyk sapaklarynda halkara bilermenler gatnaşyjylary awtomatlaşdyrma, emeli intellekt, durnuklylyk, üpjünçilik zynjyrlary we global tehnologiýa meýilleri ýaly mowzuklar bilen tanyşdyrdylar. Kurslar onuň hyzmatdaşlygyny we meseleleri çözmek başarnyklaryny güýçlendirdi we sanly innowasiýalarda täze mümkinçilikleri öwrenmäge ylham berdi."Geljekki başarnyklar sprinti meniň üçin täze mümkinçilikler dünýäsini açdy" diýip, Aýsoltan aýtdy. "Bu maňa öňe gitmäge, öwrenmäge we geljegimi kemala getirmäge ynam berdi."Stambulda üç günlük kursda Aýsoltan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemekde özboluşly tejribe toplady. Maksatnamanyň esasy pursatlary Senagat 4.0 tehnologiýalaryny görkezýän Sanly Fabrika gezelenji, ÝB ETS we CBAM barada leksiýalar we tehnologik çözgütleri Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen baglanyşdyrýan ussatlyk sapaklary boldy. Dersler diňe bir onuň tehniki bilimlerini çuňlaşdyrman, eýsem onuň döredijiligini, tankydy pikirlenişini we toparlaýyn iş başarnyklaryny ösdürdi - bularyň hemmesi çalt üýtgeýän sanly dünýäde zerurdyr.Geljekki Iş Akademiýasy bilen Tehniki başarnyklary ösdürmekAýsoltanyň Geljekki başarnyklar sprintine gatnaşmagy BMGÖM-niň Stambuldaky Sebit Merkezi tarapyndan amala aşyrylýan giň sebitleýin Geljekki Iş Akademiýasy taslamasynyň bir bölegidir. Bu başlangyç Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaşlary ýaşyl we sanly geçişe üstünlikli gatnaşmak üçin zerur bolan başarnyklar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Sprint Akademiýanyň intensiw ýüzbe-ýüz moduly bolup hyzmat edýär we emeli intellekt, senagat 4.0 tehnologiýalary, durnukly ösüş we geljekki başarnyklar bilen tejribe hödürleýär.Aýsoltan alty hepdelik onlaýn kurslary tamamlap we Stambulda ýüzbe-ýüz Geljekki başarnyklar Sprint bilim başlangyjyna gatnaşyp, bu sebitleýin ekoulgam çemeleşmesiniň bir bölegine öwrüldi we amaly we geljege laýyk başarnyklary gazandy. Bu maksatnama onuň yzygiderli üýtgeýän zähmet bazarynda ösmegini güýçlendirdi we has uly taslamalary amala aşyrmaga ylham berdi.Türkiýeden, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen kärdeşleri bilen aragatnaşyk saklamak onuň hünär dünýägaraýşyny giňeltdi. Dürli ýurtlardan gelen ýaş hünärmenler bilen pikir alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek onuň tejribesini baýlaşdyrdy."Geljekki başarnyklar Sprinti maňa öwrenmegi, synanyşmagy we mümkinçilikleri ulanmaga dowam etmäge ynam berdi" diýip, Aýsoltan paýlaşýar. "Her täze başarnyk innowasiýalara ýol açýar we meniň hünär ýolumy kemala getirýär." Geljekki başarnyklar akademiýasy bilen öwrenmek we ösdürmekAýsoltan Stambulda gatnaşmakdan başga-da, BMGÖM-niň Geljekki başarnyklar akademiýasy arkaly başarnyklaryny ösdürmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň awgust aýynda Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖMtarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilatyň durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan "Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek" sebitleýin taslamasynyň Türkmenistanyň ýurt bölegi hökmünde başlanan bu dinamiki başlangyç, ýurduň ähli ýerlerinden ýaşlara häzirki zaman zähmet bazary üçin isleg bildirilýän başarnyklara gönükdirilen Coursera platformasyndaky ýokary hilli onlaýn kurslara elýeterliligi üpjün edýär. Aýsoltan häzirki wagtda IBM AI Inženerçilik kursuny, şeýle hem sanly sowatlylyk, programmirleme we hünär ösüşi boýunça programmalary alýar. Bu giňişleýin bilim syýahaty arkaly Aýsoltan diňe bir sanly başarnyklaryny kämilleşdirmän we döredijilik pikirlenişini ösdürmän, eýsem toparlara ýolbaşçylyk edip we möhüm taslamalary durmuşa geçirip bilýän ýokary hünärli web işläp düzüjisi bolmaga taýýarlanýar. "Gelejekki başarnyklar akademiýasy" we "Gelejekki başarnyklar sprinti" tejribesiniň bir bölegi hökmünde ol biolukmançylyk elektronikasyna ünsi jemläp, kiber-fiziki ulgamlary öwrenýär we çalt üýtgeýän sanly giňişlikde uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek we karýera ösüşi boýunça uzak möhletli maksadyny goldaýan IBM AI Inženerçilik kursuny alýar.Ilkinji "Gelejekki başarnyklar akademiýasy" maksatnamasy eýýäm öz netijeliligini subut etdi: 1000-den gowrak ýaşlar we zenan birinji topary tamamlady. Ikinji tapgyr Aýsoltan ýaly ýaş gatnaşyjylary goldamagy dowam etdirýär, olaryň işe ýerleşmek ukybyny, durnuklylygyny we jemgyýete işjeň gatnaşmagyny artdyrýar. Aýsoltanyň maksatlaryna ygrarlylygy diňe bir şahsy maksatlaryny däl, eýsem, Türkmenistanyň ýaşlarynyň tehnologik innowasiýalary ösdürmek we jemgyýetçilik ösüşine goşant goşmak mümkinçiliklerini hem görkezýär."Öwrenýän her täze başarnygym maňa täze zatlary synap görmek üçin has köp ynam berýär. Men kynçylyklary kabul etmäge, pikirleri öwrenmäge we bilimlerimi hakyky üýtgeşmeleri döretmek üçin ulanmaga taýýar."Aýsoltanyň ýoly ýaşlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän innowasiýa başlangyçlarynyň özgerdiji güýjüni görkezýär. BMGÖM "Gelejekki başarnyklar Sprinti" we "Gelejekki başarnyklar akademiýasy" ýaly maksatnamalar arkaly dünýäniň dürli künjegindäki ýaşlara sanly deňsizligi aradan aýyrmaga, isleg bildirilýän başarnyklary ele almaga we durnukly we inkluziw ösüşe goşant goşmaga kömek edýär. Onuň hekaýasy şu günki ýaşlara maýa goýmagyň geljegiň çylşyrymly kynçylyklaryna çözgüt tapmaga ukyply liderleri, innowatorlary we hünärmenleri döretjekdigini görkezýär.
1 of 5
Press reliz
17 mart 2026
UNFPA sagdyn durmuş ýörelgesi we gender deňligi babatda meýletinçiler maksatnamasynyň jemleri boýunça seminar geçirdi
Meýletinçilik maksatnamasy Türkmenistanyň «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunyna laýyklykda bedenterbiýe medeniýetini kemala getirmekden, şeýle hem ýaş ýigitleri we ýetginjekleri maşgalada birek-birege sarpa goýmak gatnaşyklaryny ilerletmäge gönükdirilendir. Iki günlük seminar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda bäş welaýatdan we Aşgabat şäherinden gelen meýletinçiler hem-de tälimçiler geçen döwürde her bir şäherde alnyp barlan işleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärä gatnaşyjylar deňsizlige eltýän oňaýsyz jemgyýetçilik kadalaryny üýtgetmäge meýletinçiler herketiniň goşýan goşandyna seljerme berdiler we sport gurşawynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň netijeliligine baha berdiler.Seminarda welaýatlarda okuwlar geçirilende meýletinçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny we böwetlerini ýüze çykarmak boýunça geçirilen interaktiw sessiýalara aýratyn üns berildi. Toplanan tejribä esaslanyp, seminara gatnaşyjylar deň mümkinçilikler we birek-birege sarpa goýmak medeniýetini ilerletmegiň täze usullaryny işläp düzdüler, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamalaryny taýýarladylar. Bu başlangyçlar ýaş oglanlary gender deňligi meselelerine has işjeň çekmäge gönükdirilendir.
1 of 5
Press reliz
13 mart 2026
Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebit okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy
Hepdäniň dowamynda ýaş diplomatlar nazary sapaklary, amaly maşklaryny, interaktiw ussatlyk sapaklaryny we piker alyşma duşuşyklary öz içine alan baý okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu çäreler gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň diplomatiýa ýörelgelerine, halkara hyzmatdaşlygyna we BMG-niň işine has çuň düşünmegini üpjün etdi. Maksatnamada halkara derejesindäki abraýly hünärmenler çykyş etdiler. Olaryň arasynda Beýik Britaniýanyň öňki ilçisi we Oksford uniwersitetiniň Trinity kollejiniň öňki prezidenti jenap Aýwor Roberts bolup, ol diplomatik protokol we diplomatik etiket boýunça sapaklary geçirdi. Şeýle hem Oksford uniwersitetiniň Jemgyýetçilik halkara hukugy boýunça professory Antonios Tzanakopoulos halkara hukugy we halkara hukuk ulgamy boýunça sessiýalara ýolbaşçylyk etdi.Okuw maksatnamasynyň esasy maksatlarynyň biri Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlarynyň arasynda uzak möhletli professional gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy. Bilelikdäki okuwlar, toparlaýyn maşklar we sebit derejesindäki dialog arkaly gatnaşyjylar geljekde has netijeli hyzmatdaşlyga we diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjek professional gatnaşyklary pugtalandyrdylar. Okuw maksatnamasynyň soňky moduly “Diplomatiýa sungaty” ady bilen geçirildi. Oňa Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdy. Çykyş edenler öz diplomatik tejribelerini, şahsy pikirlerini paýlaşyp, dogruçyllyk, tutanýerlilik, medeni düşünişmek we jemgyýete hyzmat etmek ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle hem ýaş diplomatlaryň sebitde durnuklylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi öňe sürmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdiler.Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň ýaş liderleriň indiki nesline maýa goýmak baradaky has giň ygrarlylygynyň bir bölegidir. Ýaş hünärmenleri amaly gurallar, seljeriş başarnyklary we sebit derejesindäki dialog mümkinçilikleri bilen üpjün etmek arkaly bu okuw Merkezi Aziýada has baglanyşykly, maglumatly we durnukly diplomatik jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar.
1 of 5
Press reliz
12 mart 2026
UNFPA we hyzmatdaşlar maşgaladaky zorlugyň öňüni almak boýunça konsultatiw seminar geçirdiler
Konsultatiw seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň hukuklaryny goramak baradaky halkara we milli hukuk kadalaryny, şeýle hem ejir çekenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin pudagara işleşmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maşgalada zorluga baş goşýan erkekler bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen düzediş işleriniň maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnamalar özüňi alyp barşyňy üýtgetmäge we maşgalada gaýtalanýan zorluk howpuny azaltmaga gönükdirilendir. Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar ýüze çykýan ýagdaýa gözegçilik etmekde, maşgalalary berkitmekde hem-de maşgalada aýal-gyzlaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny öňe sürmekde hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik hyzmatlary gulluklarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. *** Hanym Lori Mann - Hukuk ylymlarynyň doktory (Kolumbiýa uniwersitetiniň hukuk fakulteti). Ol BMG, ÝHHG we Ýewropa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýäniň dürli künjeklerinde hukuk goraýjy edaralar üçin okuw maksatnamalaryny we zorluk ulanýanlar bilen işleşmek ulgamlaryny işläp düzdi. Şeýle hem hanym Mann-yň Türkmenistanda, şol sanda 2026–2030-njy ýyllar üçin Gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli hereketler meýilnamasyny taýýarlamakda bilmen goldawyny bermekde tejribesi bar. Häzirki saparynyň çäginde ol maşgala zorlugyny etmäge ýykgyn edýän adamlar bilen düzediş işlerini geçirmek üçin nusgawy maksatnamany döretmekde tehniki kömek berdi.Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa, Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bolüm müdiri, karakulova@unfpa.org.
1 of 5
Press reliz
11 mart 2026
Zenanlaryň liderligi dürli nukdaýnazardan bellendi
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 10-njy marty — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (DIM-niň HGI) “Zenanlaryň liderligi dürli nukdaýnazardan bellemek” atly ýokary derejeli dialog geçirildi. Çärä diplomatlar, hökümetiň ýokary wezipeli wekilleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar.Duşuşyk Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapachenko tarapyndan alnyp baryldy we zenan ýolbaşçylar bilen ýaş zenan gatnaşyjylaryň arasynda açyk we erkin pikir alyşmak üçin amatly meýdança döretdi. Söhbetdeşlik görnüşinde guralan çäre liderlik, deňlik we ýaş zenanlaryň ýurduň geljegini kemala getirmekdäki orny baradaky açyk dialogy höweslendirdi. Çäräni açyp çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa zenanlaryň we gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň, aýratyn-da bilim, başarnyklary ösdürmek we liderlik mümkinçilikleri arkaly goldamagyň ähmiýetini belledi. Ol ýaş zenanlaryň uly maksatlary goýup, üstünlikli hünär ýoluny saýlamagyny goldamak diňe bir milli ösüşe däl, eýsem has giň gerimli we durnukly jemgyýetiň kemala gelmegine hem goşant goşýandygyny aýtdy. Liderlik baradaky dialoga Pakistanyň ilçisi doktor Faryal Legari, Palestinanyň ilçisi hanym Rana Abu Hijleh, ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Çynar Rustamowa we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Sahakýan gatnaşdylar. Ara alnyp piker alyşmada çykyş edenler liderlige alyp baran şahsy ýoluny ýatlap, diplomatiýada we döwlet hyzmatynda zenan hökmünde ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary hem-de olaryň üstünlik ýoluna täsir eden tejribelerini paýlaşdylar.Söhbetdeşligiň dowamynda liderlige barýan ýol, zenan ýolbaşçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmek, şeýle hem zenan ýolbaşçylygynyň durnukly ösüşi, parahatçylygy we jemgyýetde giňişleýin gatnaşmagy ilerletmekdäki orny ýaly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýaş zenanlaryň täze nesliniň has adalatly geljegi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini aýratyn nygtadylar. Çäräniň ahyrynda jenap Şlapachenko çykyş edenlere we gatnaşyjylara ylham beriji goşantlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýaş zenanlary ynam we tutanýerlilik bilen ýolbaşçylyk rollaryna ymtylmaga çagyrdy.Her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara zenanlar güni zenanlaryň gazanan üstünliklerini baýram edýär, gender deňligini üpjün etmek we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda ösüşi çaltlandyrmaga çagyrýar.
1 of 5
Press reliz
09 mart 2026
BMG Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebit okuw maslahatyny başlady
Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we Türkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapachenko tarapyndan alnyp baryldy. Ýokary derejeli ýolbaşçylar çykyş etdiler, olaryň arasynda:Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri BäşimowaItaliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Luigi FerrariBeýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen KonlonUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Kemal GoşliyewOkuw maksatnamasy Italiýanyň we Beýik Britaniýanyň hökümetleriniň maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Ol BMG-niň ýolbaşçylygyndaky has giň başlangyjyň bir bölegi bolup, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, diplomatik mümkinçilikleri güýçlendirmäge we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň geljekki liderleriniň arasynda özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilendir. Hepdäniň dowamynda ýaş diplomatlar BMG-niň ulgamy, halkara hukugy, durnukly ösüş, ynsanperwerlik işi, gender deňligi, ykdysady seljerme, adam hukuklary we daşky gurşaw diplomatiýasy boýunça bilimlerini çuňlaşdyrarlar. “BMG diplomatik ýolbaşçylaryň indiki neslini güýçlendirmäge ygrarlydyr,” diýip jenap Şlapachenko aýtdy we ýaş diplomatlara goýulýan maýa goýumlaryň uzak möhletleýin sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýandygyny belledi.Merkezi Aziýadaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň, BMG agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hyzmatdaş hökümetleriň wekilleriniň we halkara guramalaryň gatnaşmagynda geçirilýän okuw ýokary derejeli çykyşlary, simulýasiýa maşklaryny, amaly başarnyk boýunça ussatlyk sapaklaryny, diplomatik protokol we etiket boýunça sapaklary, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we mediýa aragatnaşyk modullaryny, Durnukly ösüş maksatlary, ynsanperwerlik ýörelgeleri, maglumatlar we demografiýa boýunça tematik brifingleri, şeýle hem BMG agentliklerine we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezine syýahatlary öz içine alýar. Gatnaşyjylar şeýle hem Sebit boýunça ýaşlar dialogyna gatnaşarlar, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçileri bilen duşuşarlar we medeni hem-de aragatnaşyk çärelerine gatnaşarlar.Okuw 2026-njy ýylyň 13-nji martynda Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek ýapylyş dabarasy bilen tamamlanar. Soňra Ýaponiýanyň Ilçihanasy tarapyndan kabul edişlik guralar.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
30 maý 2025
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11