Soňky
Press reliz
13 sentýabr 2024
Büzmeýiniň ýaşlarynyň durnukly geljek üçin eko başlangyçlary
Has köp öwrenme
Press reliz
11 sentýabr 2024
Türkmenabatda geçirlen Ýaşlar maslahatynda howanyň üýtgemegi boýunça meselelere ýaşlaryň goşandy
Has köp öwrenme
Press reliz
09 sentýabr 2024
Maryda geçirilen Ýaşlar maslahaty howanyň üýtmegi boýunça meselelere innowasion çözgütler hödürledi
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 maý 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.
Waka
16 awgust 2024
"Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn"
Mariko Holl (Mariko Hall), BMGBIÝK-yň daşarky gatnaşyklar boýunça hünärmeni, we Baljan Oşakbaýewa (Balzhan Oshakbayeva), hukuk goragy boýunça hünärmen.Anna, durmuşynyň köp böleginde, özüni Russiýanyň raýaty hasap edýärdi. Anna 1990-njy ýyllaryň başynda, haçan-da ol 5 ýaşynda wagty, Aşgabada geldi. Raýatlygy baradaky soraglara, ol hemişe men Russiýanyň raýaty bolup durýaryn diýip, jogap berýärdi.We diňe birnäçe ýyl mundan ozal, haçan-da olar ejesi bilen Russiýanyň ilçihanasyny zyýarat edenlerinde, onda Russiýanyň raýatlygynyň ýokdugyna şaýatlyk edýän resminamalar ýüze çykdy. Anna, onuň diňe Russiýanyň raýaty däl-de, eýsem dünýäniň hiç bir ýurdunyň raýaty däldigini – onuň apatrid bolup durýandygyny, birden aňdy. "Haçan-da meniň raýatlygymyň ýokdugy barada öwrenenimde, men şeýle bir aljyradym,” – diýýär Anna.Dürli nesiller üçin raýatlygyň bolmazlygynyň netijeleriHaçan-da Anna ýaňy garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistana geleninde, entek çaga wagty ony çagalar bagyna ýerleşdirdilerm soňra bolsa Aşgabatda başlangyç we orta mekdebini tamamlady. Ol türkmen dilini öwrendi we täze öýde öwrenişdi, ýöne şol bir wagtyň özünde, özüni Russiýanyň raýaty diýip hasaplaýardy.Haçan-da uly ýaşly bolup, ol dogluş hakynda şahadatnamasyny ýitirende, şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň ýoklugy sebäpli meselelere duçar bolanda hem, bu ýagdaý onda üýtgeşik bir ynjalyksyzlyk döretmedi. Anna resmi däl ýagdaýda işleýärdi, ilki bilen 25 ýaşy dolýança çenli ofisiant bolup, soňra bolsa dürli işler, mysal üçin arassaçylyk işleri bilen meşgullanýardy.“Raýatlyk hakynda resminamalaryň ýoklugy sebäpli, mende meseleler döreýärdi, emma men muňa düýpli ähmiýet bermeýärdim”, - diýýär Anna. “Men, diňe mende çagalarym bolanda, muňa ähmiýet berip başladym”.Haçanda Annanyň iki çagasy dogulanda, olary bellige alyp bilmediler, sebäbi onuň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan resminamalar onda ýokdy. Şol sebäpden onuň iki çagasy hem raýatlyksyz galdylar.Türkmenistanda raýtlygyň bolmazlygyApatrid – bu hiç bir ýurt tarapyndan raýat hökmünde seredilmeýän adamdyr. 2023-nji ýylyň ortasy ýagdaýy boýunça Türkmenistanda 3 351 sany apatrid ýaşaýardy. Olaryň aglabasy – öňki Sowet Soýuzynyň öňki raýatlary ýa-da olaryň Türkmenistanyň raýatlygyny entek almadyk ýa-da barlygyny tassyklamadyk nesilleri bolup durýarlar. Galanlar apatrid bolup doguldylar ýa-da halkara migrasiýa sebäpli ýa-da beýleki ýurduň raýaty bilen baglaşylan nika sebäpli, raýatlyk hakynda kanunçylygyndaky boşluklar üçin şeýle boldular.Türkmenistanda resmi taýdan tassyklanan statusly apatridlar, şeýle hem hiç hili resminamalar bolmadyk apatridlar – “kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar” diýilip atlandyrylýan şahslar ýaşaýarlar.Raýatlygyň barlgynyň subutnamalary ýa-da hiç hili resmi hukuk statusy bolmazdan, kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar, bilim we lukmançylyk kömegi, zähmet üpjünçiligi we göçme erkinligi ýaly, binýatlyk hukuklaryndan peýdalnmak synanşyklarynda, köplenç kynçylyklara duçar bolýarlar. Olarda nikanyň baglaşylmagyny ýa-da, Anna bilen bolan ýagdaýda ýaly çaganyň dogulyşyny bellige almak mümkinçiligi bolman biler.Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilen apatridlere, hökümet raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasyny berýär. Şeýle resminamanyň barlygy, apatridlere kanuny taýdan ýurduň çäginde bolmaga, kanunalaýyk işlemäge, döwlet hyzmatlaryndan, şol sanda saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.Türkmenistanda şeýle-de, resmi taýdan zähmet üpjünçiligi, durmuş kömek pullary almak (göwrelilik we çaga dogurmak kömek pullary, çaga üçin kömek pullary, pensiýa tölegleri ýaly), muzdsuz lukmançylyk hyzmaty we çagalar üçin bilim mümkinçilikleri üçin, hemişelik ýaşaýan ýere eýeçilik hukugynyň tassyklanmagyny, her bir uly adamdan we öý hojalykdan talap edýän, sowet döwründen miras galan “hasaba alyş” (propiska) ulgamy hereket edýär. Emma, Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk şahslar hasaba alyşy alyp bilmeýärler.“Men bu ýagdaýdan ýadadym”, - diýýär Anna. “Men ýöne resmi tölegli, resmi, abyraýly iş isleýärin”. Annanyň çagalary Türkmenistanda dogulandyklary sebäpli, netijede olar mamalarynyň SSSR-iň möhleti geçen pasporty esasynda raýat hökmünde ykrar edildiler. Muňa garamazdan, ejesinde hasaba alyşyň ýoklugy sebäpli, 16 ýaşly Dmitriý, goşunda hökmany harby gullugy geçip bilmeýär, pasportyny alyp bilmeýär we ýokary okuw mekdebine girip bilmeýär.2024-nji ýylyň ahyryna çenli raýatsyzlygy ýok etmekRaýatsyzlygy ýok etmek boýunça #Ibelong atly 10 ýyllyk bütindünýä çäresiniň başladlymagynyň pursadyndan başlap, Türkmenistan BMG BIÝK-yň goldaw bermegi bilen, 13 000 gowrak adamlaryň raýatlygyny resminamalaýyn tassyklap, raýatsyzlygy azaltmakda we öňüni almakda ägirt üstünlikleri gazandy. Türkmenistan, raýatsyzlyk hakynda BMG-yň eýýäm iki konwensiýasyna goşulan, Merkezi Aziýada ýeketäk ýurt bolup durýar.2020-nji ýylda Türkmenistanda “Raýatlyk ýagdaýynyň namalar hakynda” kanun kabul edildi, oňa laýyklykda ýurtda doglan ähli çagalar, eger-de olaryň ene-atasynyň şahadatnamalary ýok bolsa hem, dogulanlarynda bellige alynyp bilýärler. 2021-nji ýylda Türkmenistanda Apatridiň statusyny kesgitlemegiň amallaryny geçirmegiň Tertibi kabul edildi.Kanunçylykdaky bu kämilleşdirmeler, apatrid statusyny resmi taýdan tassyklatmaga Anna mümkinçilk berdiler. Raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasy bar bolup, Anna Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin arzany berip bildi, we ony – Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasyna laýyklykda – ol şu ýylyň ahyryna çenli almalydyr.“Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn” – diýýär Anna. “Men özümi talaba laýyk adam we jemgyýetiň agzasy hökmünde duýaryn”.
1 of 5
Waka
27 iýun 2024
Geljek üçin dünýä derejesinde duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlarynyň dialogy
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy “Geljegiň Sammidine” bagyşlap “Ýaşlar dialogyny” geçirdi. BMG-niň binasynda geçirilen çärä DÖM-iň ýaş ilçilerini, uniwersitet talyplaryny, aktiwistleri we ýaşlar guramalarynyň liderlerini özünde jemleýän 70-den gowrak türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Olar global meýilnamanyň geljegini kesgitlemek baradaky pikirlerini paýlaşdylar. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp baran bu gepleşigi ýaşlara howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, parahatçylygy gurmak we sanly üýtgeşmeler ýaly dünýäde ýüze çykýan möhüm meseleler boýunça öz pikirleri bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, bu çärä gatnaşyjylar täze saýlanan DÖM-iň ýaş ilçileriniň topary bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary çekmäge ygrarlydygyny görkezýär.“Geljegiň Sammidi, adamzat üçin iň möhüm meseleleri çözmek üçin bir pursatdyr” - diýip jenap Şlapaçenko belledi. “Siziň sesiňiz, siziň pikiriňiz we siziň islegleriňiz bu global kynçylyklary çözmek üçin möhümdir. Şu günki dialog diňe bir söhbetdeşlik däl, ýaşlaryň pikirleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň global gün tertibine girizilmegini üpjün etmekde wajyp ädimdir.” Ol açylyş çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň umumy gün tertibimiz” atly hasabatynda beýan eden we Geljegiň Sammidinde döwlet we hökümet baştutanlary tarapyndan kabul ediljek Geljek barada Ylalaşygyň taslamasynyň esasyny düzýän birnäçe möhüm başlangyçlara ünsi çekdi. Şeýle hem, Global sanly şertnama we geljekki nesiller üçin jarnamany Ylalaşyga goşulan möhüm resminamalar hökmünde belläp geçdi. Jenap Şlapaçenko, ýaş zehinleriň Birleşen Milletler Guramasyna goşulmagy üçin ajaýyp pursat hökmünde BMG Sekretariaty tarapyndan öňe sürlen Ýaş hünärmenler maksatnamasyny hödürledi. Bu başlangyçlaryň her biri has inklýuziw, ahlakly we hyzmatdaşlyga taýýar dünýä gurmakda möhüm rol oýnaýar. Dialog Geljek barada Ylalaşygyň bäş sütüni boýunça Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (UNRCCA), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar gaznasynyň ( ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy gpraýyň guramasynyň (BSGG) we Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy ýaly BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler esasy ugurlaryň mazmuny barada jikme-jik maglumat berdiler we Ylalaşygyň mazmuny işlenip düzülen gollanmalar bilen paýlaşdylar. Çykyşlardan soň ýaşlar bäş topara bölündi we Geljegiň Sammidinde gazanylan global şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar. Olaryň teklipleri jemlenip, Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna ýetiriler.Bu çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň has inklýuziw we täsirli ulgamy döretmekde ýaşlaryň möhüm ornuny görkezdi. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi, geljegiň ýaşlara degişlidigini we geljegiň emele gelmeginde olaryň sesiniň wajypdygyny tassyklady. Geljegiň Sammidi barada: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Geljegiň Sammidi, halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmegi maksat edinýär. Esasy öňde goýýan maksady durnukly ösüşe, halkara parahatçylyga we howpsuzlyga, ylym, tehnologiýa we innowasiýa, ýaşlar we geljek nesiller, şeýle hem global dolandyryşy özgertmek bolup durýar.
1 of 5
Waka
12 iýun 2024
COP29-a taýýarlyk: howanyň üýtgemegine goşant goşýan türkmen ýaşlarynyň ugry Dubaýdan Baku-a tarap
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikde Bütindünýä Daşky Gurşaw Gününe, geçen ýylky Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) jemine we şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek COP29-a taýýarlyk işlerine bagyşlanan çäre geçirdi.Bu çäre, COP28-iň başlyklygynyň Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem COP28-iň netijeleri we ýaşlary COP29-da karar bermek işine çekmek hem gözden geçirildi.Bu çärä BMG-ni[ ýurt boýunça toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň, diplomatik korpuslaryň wekilleri, milli hyzmatdaşlar, ýaş DÖM-iň ilçileri we eko-aktiwistler gatnaşdylar.Duşuşykda çykyş edenler - BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa – bilelikdäki işleriň möhümdigini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky ygrarlylygy güýçlendirmegi nygtadylar. Açylyş dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda durnukly çözgütleri öňe sürmekde we global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bilimiň we diplomatiýanyň orny barada belläp geçdi.Şeýle hem, maslahatda Gülşat Aýydowa ýaşlaryň başlangyçlary üçin strategiki esas döretjek 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (LCOY) beýannamasy bilen tanyşdyrdy. LCOY2023-e gatnaşanlar bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini, öwrenen sapaklaryny we geljekde global klimat sammitlerine gatnaşmak üçin näme edip biljekdigini paýlaşdylar. “Dubaýa aýak basan pursatymyzdan başlap, ýaşlar maslahatynyň joşgunly atmosferasyna çümdük, özara gatnaşyga, öwrenmäge we hyzmatdaşlyga taýýardyk. COY18-de howanyň üýtgemeginiň milli mesele däl-de, global meseledigine düşündim. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen bilelikde işläp, üýtgeşiklik döredip biljekdigimiz mende umyt we ynam döretdi. Bilelikde öwrendik, pikirlerimiz bilen paýlaşdyk, strategiýalaryň üstünde işledik. COY18-de geçirilen seminarlar we pikir alyşmalar maňa howany goramak hereketleriniň has täsirli tarapdary bolmak üçin başarnyklary we bilimleri berdi. Alan bilimimi durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.” – diýip DÖM-iň ýaş ilçisi Maral Allaberdyýewa tejribesini paýlaşdy.Çäräniň esasy wakasy, COY18-e gatnaşan türkmen wekilleriniň tejribelerini we täsirlerini öz içine alýan wideo, şeýle hem COY18-e we COP28-e gatnaşanlaryň alan sapaklaryna baha bermek boýunça oýlanyşykly pikir alyşma boldy.Geçen ýyl, üç sany - Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda we jemleýji Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnalan çäreler Global Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) bilen jemlenipdi. Ol ýerde türkmen ýaşlary öz innowasion çözgütlerini we wagyz-nesihat işlerini görkezdiler. Bu ýyl esasy üns DÖM-iň ýaş ilçilerine, talyplara we eko- aktiwistlere gönükdirildi, olar netijeli durmuşa geçirilmegi üçin öňki maslahatlarda teklip edilen çözgütleriň takyklanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar şu ýyl Baku şäherinde geçiriljek COP29-da karar kabul etmek işlerine ýaşlaryň gatnaşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi dowam ederler. Türkmen ýaşlarynyň öňki COY18-e goşan goşandy oňyn özgerişlere we durnukly geljegi emele getirmäge isleglerini görkezýär.
1 of 5
Waka
15 aprel 2024
Söweşjeň ruhdan hem güýçli
Söweş sungatlarynyň ussatlarynyň ählisinde, uly tutluşygyň öňünden ýerine ýetirýän däbi bardyr. Bu olaryň iýýän ýörite tagamy ýa-da ýaryşlaryň öňünden diňleýän aýdymy bolup biler. Türkmenistanly ussat kikboksçy Mustafanyň däbi bolsa komediýa filmlerine tomaşa etmek bolup durýar.Ol “Söweşden öň men saz diňleýärin we komediýa filmlerine tomaşa edýärin. Men söweş barada hiç hili pikir etmeýärin. Haçan-da men ringe çykanymda, men diňe şol wagtda söweş barada pikir edip başlaýaryn” diýýär.Bu adaty bolmadyk çemeleşme ýaly görünip biler. Emma ol soňky 84 sany tutluşygyň 79-da ýeňiş gazanandygy sebäpli bu usulyň peýdalydygyny aýtmak bolar. Mustafanyň iň uly arzuwy – Türkmenistan üçin halkara derejede çykyş etmek, ýöne muňa bir päsgel bar. BMG BIÝK-yň tarapyndan ykrar edilen bosgun hökmünde onuň türkmen baýdagy astynda çykyş etmek üçin zerur bolan resminamalar Mustafada ýok.Gaçmaga mejbur bolanMustafa takmynan 30 ýyl mundan öň bary-ýogy alty ýaşynda wagty Türkmenistana geldi. Ejesi, kakasy we iki sany uly erkek dogany bilen, olar Owganystandaky giň gerimli zorluklardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçyp gaýtdylar.Mustafa we onuň iki sany erkek dogany başlangyç we orta mekdebi tamamladylar, türkmen we rus dillerini öwrendiler. Türkmenistan olaryň Watanyna öwrüldi. Şeýle hem olar sportuň meşhur milli görnüşleri bilen meşgullandylar, hususan-da, Mustafany kikboks gyzyklandyrdy.Owganystandan gaýdanlarynda olar gaty kiçi hem bolsalar, ol ýerdäki durmuşy we Türkmenistana göçüp gelişleri baradaky wakalar anyk ýadyna düşýär. “Mekdebe gidip başlanymda beýleki çagalara düşünmek, mekdebe uýgunlaşmak maňa kyn düşmedi. Sebäbi meniň häsiýetimde güýçli bolmaklyk bar” diýip, Mustafa aýdýar. Hut şol güýçli bolmaklyk häsiýeti sebäpli hem Mustafa höwesjeň-söweşijiden ussat kikboksçy we tälimçi derejelerine ýetdi.Söweşjeň ruhyMustafa ilkinji gezek bäsleşige 18 ýaşynda gatnaşdy we şondan bäri jemi 16 bäsleşikde ýeňiş gazandy. Yzygider gazanylan ýeňişler sebäpli, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik gazandy. Ýurduň ähli künjeklerinden saýlanan beýleki türgenler ýaly Mustafa hem bäsleşikden öň tutuş bir ýylyň dowamynda türgenleşik geçdi. Emma açylyş dabarasyna bary-ýogy birnäçe gün galanda ol ýaryşlardan mahrum edildi – Musatafanyň Türkmenistanyň raýaty däldigi we bosgun statusyna eýe bolandygy sebäpli, dolandyryjy halkara sport komiteti oňa Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge rugsat berilmeýändigini yglan etdi. “Bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigim üçin gaty gynandym. Ýöne ondan soň men has hem güýçli boldum” diýip, Mustafa belleýär.“Beýik kikboksçy bolmak üçin, fiziki güýçden we çydamlylykdan başga-da köp zatlar talap edilýär. Sportuň bu görnüşi üçin uly hyjuwyň bolmaly. Ondan başga-da gowy adamkärçiligiň, güýçli gylyk-häsiýetiň bolmalydyr we hiç zatdan gorkmaly däl” diýip, ol sözüni dowam etdi. Mustafa öz gynanjyny has yhlasly türgenleşiklere gönükdirdi.79 sany gazanylan ýeňişlerden ol Prezidentiň Kubogyny gazanandygyna aýratyn buýsanýar. “Bäsleşige 350-den gowrak kikboks ussatlary gatnaşdylar. Men hem bu bäsleşige gatnaşdym we Prezidentiň kubogyny gazandym. Men muňa örän buýsandym.” diýip Mustafa aýdýar. – “Soňra bolsa ussat kikboksçy bolandygym sebäpli, maňa kikboks boýunça tehniki türgeniň goşmaça kubogyny hem gowşurdylar”.Mundan başga-da, bäsleşiklere gatnaşmakdan daşary Mustafa ýerli sport klubynyň 150-den gowrak okuwçysyny, şol sanda oglanlary we gyzlary, uly ýaşlylary we beýleki hünärmenleri türgenleýär. Ýaňy-ýakynda onuň okuwçylarynyň biri Fight Nation halkara çempionatynda ýeňiş gazandy.Ýüregiňe ýakyn bolan ýer öýüňdir“Men Türkmenistanda alty ýaşymdan bäri ýaşaýaryn” diýip, Mustafa aýdýar. – “Biz özümizi türkmen hökmünde duýýarys”.“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli. Men Türkmenistanda bu käre eýe boldum. Öz maşgalam üçin pul gazanyp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin”.Men Türkmenistanyň pasportyny almak isleýärin. Men Türkmenistanyň adyndan çykyş edesim gelýär”- diýip, Mustafa aýdýar.Boksuň dolulygyna galtaşmaly sport görnüşi bolup durýandygy we Mustafanyň häzirki wagtda 32 ýaşyndadygy sebäpli, onuň bäsleşiklere gatnaşmagy üçin az wagt galan bolup biler. Emma edil häsiýeti ýaly onuň ygrarlylygy hem örän güýçli bolup, ol umydyny ýitirmeýär. “Men her gün türgenleşik geçýärin we özümi sagdyn ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn. Men öz köp maksatlaryma ýetip bilmesem-de, şägirtlerim bilen bilelikde eýýäm köp sanly ýeňişleri gazandyk. Olar bilen bir hatarda men hem özümi bäsleşikde birinji orny eýelän ýaly duýýaryn” diýip, Mustafa aýdýar.*****************Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG BIÝK tarapyndan ykrar edilen 13 sany bosgun bolup, olar ýurtda milli gaçybatalga ulgamy döredilmezden öň hasaba alnan. Olaryň hemmesi 20 ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ýaşaýarlar, türkmen dilinde erkin gürleýärler we türkmen jemgyýetine uýgunlaşan ýagdaýda ýaşaýarlar. Olaryň käbiri, mysal üçin Mustafa we onuň erkek dogany, Türkmenistanyň raýatlary bilen durmuş gurdylar we olaryň çagalary türkmen raýatlary bolup durýarlar.Ýöne olaryň bosgun statusynyň hökümet tarapyndan ykrar edilmeýändigi sebäpli (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda), 13 adamyň ählisiniň hukuk ýagdaýy kesgitsiz bolup durýar. Bu bolsa olaryň zähmet üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meselelerde päsgelçiliklere duçar bolmagyna sebäp bolýar.BMG-iň agza döwletleri tarapyndan bosgunlaryň goragyny goldamak boýunça ygtyýarlandyrylan gurama hökmünde BMG BIÝK, Türkmenistanyň hökümetini bosgunlaryň raýatlyk üçin arza bermegine mümkinçilik döretmek, esasy hukuk we hyzmatlaryň olar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek, gujak açyp garşy alan ýurduň ösüşine olaryň hem goşant goşmagyna mümkinçilik bermek arkaly ýurtdaky bosgunlaryň ýaşaýyşyny utgaşdyrmaga çagyrýar. 2023-nji ýylda Türkmenistan 2 sany bosguna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi. BMG BIÝK bu mesele boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär, şeýle-de göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýär.
1 of 5
Waka
19 fewral 2024
DÖM-iň Ýaş ilçileri Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşan goşantlary üçin sylaglandy
15-nji fewral 2024 ý. Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçilerini – DÖM-iň ilçilerini sylaglamak dabarasyny gurady. Bu çärede DÖM-iň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçileriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekde gazanan üstünlikleri bellenildi.
DÖM-iň ilçileri bu BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Daşary işler ministrligi we Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki başlangyjy bolup, ol Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmak boýunça işlere türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Her bir ilçi öz jemgyýetiniň işjeň lideri bolup, ol Global maksatlaryň birini saýlaýar we şol maksat barada ýaşlaryň arasynda habardarlylygy artdyrýar.
BMG-niň binasynda geçirilen dabara 60-dan gowrak ýaşlar, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we beýleki gyzyklanma bildirýänler gatnaşdylar. Dabara ýurdy durnukly ösüşe tarap alyp gitmekde saldamly goşant goşan DÖM-iň ilçileriniň öz işine ygrarlylyklaryny hormatlamagyň platformasyna öwrüldi. Dürli başlangyçlar, taslamalar we habardarlygy artdyrmak boýunça işler arkaly bu ilçiler, ähmiýetli jemgyýetçilik we daşky gurşaw meselelerini çözmekde nusgawy görelde boldular.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý ŞLAPAÇENKO: "Bu ýaşlar döwrüň hakyky gahrymanlary bolup, olar kynçylyklardan gorkmaýarlar we ýagty geljege ynanýarlar" -diýdi. "Olaryň ýadawsyz tagallalary, hyjuwy we innowasion çemeleşmesi ýurtda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmakda we jemgyýeti bu maksatlara ýetmek üçin çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrmakda örän möhümdir."
2019-njy ýyldan başlap, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri bolmak maksady bilen “DÖM-iň ilçileri” bäsleşigine Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100-den gowrak höwesjeň gatnaşdy. Häzirki üçünji topar, ýagny 2022-2024-nji ýyllar üçin ilçiler 18 agzadan ybarat bolup, olar iýulda öz işini tamamlar we DÖM-iň ilçileriniň estafetasyny indiki topara geçirmäge taýýarlanýarlar.
Bu günki çäre geljekdäki meýilnamalary hem hem göz öňünde tutdy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy ýakyn wagtda DÖM-iň 2024-2025-nji ýyllar Ýaş ilçiligine saýlawlaryň başlaýandygyny yglan eder. Şol sebäpli hem çäräniň maksady indiki topara goşulmak isleýän ýaş gatnaşyjylaryň arasynda DÖM-iň ilçileriniň işi barada habardarlygy artdyrmakdan ybarat boldy.
Häzirki wagtda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynda okuw tejribesini geçýän hanym Sabrina Guseýnowa özüniň DÖM-iň ilçisi hökmünde gazanan tejribeleri we ilçileriň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp berdi. “DÖM-iň ilçisi bolmak bu hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak tejribe. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmagy, we adamlary bu ugurdaky çärelere işjeň gatnaşmagyny başardyk, şeýle-de bu maksatlara ýetmekde möhüm öňe gidişlik gazandyk. Jemgyýetimde we başga ýerlerde oňyn özgerişlere goşant goşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.”
Bu günki günde DÖM-iň ilçileri Türkmenistandaky halkara guramalar we döwlet edaralary tarapyndan guralýan ýokary derejeleri çärelere gatnaşýarlar. Bu çärelerde ilçiler öz garaýyşlaryny beýan edýärler we durnukly ösüşiň “hiç kimi ünsden düşürmezlik ” ýörelgesini öňe sürýärler. DÖM-iň ilçisi bolmak bu hyjuwly we höwesli adamlar üçin Türkmenistanda we dünýäde has adalatly we abadan gurmaga goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
DÖM-iň ilçileri, ýaşlaryň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan geljegi gurup biljekdiginiň aýdyň mysalydyr. Olaryň ýerine ýetirýän işi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde möhümdir. DÖM-iň ilçileriniň gazanan üstünliklerini buýsanç bilen belläp, BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary olaryň işlerini dowam etdirjek indiki ýaş liderleri goldamagy we olar üçin mümkinçilikleri döretmegi dowam edýär.
1 of 5
Press reliz
17 sentýabr 2024
Büzmeýiniň ýaşlarynyň durnukly geljek üçin eko başlangyçlary
Maslahata Azerbaýjan Respublikasynyň ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalow, Beýik Britaniýanyň ilçisi jenap Stiwen Konlon, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, şeýle hem BMGÖM-iň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri we milli ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasyndan soň ilkinji sessiýa başlady we DÖM-iň ýaş ilçileri ozalky maslahatlaryň netijelerini, tejribelerini we gazanylan üstünlerini paýlaşdylar, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky teklipleri hödürlediler. Ikinji sessiýada gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler. Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Soňra Arkadag şäherinde innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulag infrastrukturasynyň howanyň üýtgemegine täsiri we ulag pudagynda durnukly ösüş tehnologiýalary, uglerod aýak yzlaryny azaltmak üçin innowasion çözgütler ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýanyň ahyrynda her bir iş topary Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarlady. Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler.Maslahat türkmen ýaşlaryny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge we ýurduň geljegi üçin durnukly çözgütleri işläp düzmekde möhüm ädim boldy.
1 of 5
Press reliz
12 sentýabr 2024
Türkmenabatda geçirlen Ýaşlar maslahatynda howanyň üýtgemegi boýunça meselelere ýaşlaryň goşandy
Bu maslahat döwrüň daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýaşlara işjeň gatnaşmagyň ýollaryny tapmak üçin Lebap welaýatynyň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemledi. Maslahata Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Stiwen Konlon, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, 17 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, BMGÖM-iň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.Maslahat gutlag sözleri bilen başlady we BMGÖM-iň wekiliniň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny baradaky çykyşy bilen dowam etdi. Ol bu meselede halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. DÖM-iň ýaş ilçileri geçenki maslahatlaryň netijelerini hödürlediler, öz tejribelerini we daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky tekliplerini paýlaşdylar.Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler we howanyň üýtgemegi we Aral krizisiniň täsiriniň çäginde Lebap welaýatynyň biodürlüligini we ekosistemalaryny goramagyň ähmiýeti, ekologik bilim we durnukly ösüş maksatnamalary, talyplaryň daşky gurşawy goramak baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin maksatnamalary işläp düzmek we daşky gurşaw gymmatlyklaryny emele getirmekde mugallymlaryň orny ýaly möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarlanyljak netijeler barada gürrüň berdiler.Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler. Türkmenabat şäherinde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty Türkmenistanyň ýaşlarynyň global klimat meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezýän ekologiýa pudagynda bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma boldy.
1 of 5
Press reliz
11 sentýabr 2024
Maryda geçirilen Ýaşlar maslahaty howanyň üýtmegi boýunça meselelere innowasion çözgütler hödürledi
Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda geçirilen maslahat döwrüň daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga mümkinçilik döredýän Mary welaýatynyň dürli künjeginden gelen ýaşlar üçin möhüm waka boldy.Maslahata ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasynyň müdiri hanym Karolina Milow, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, şeýle hem BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň, ÝB-niň, GIZ-iň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.Açylyş dabarasyndan soň, doktor Karolina Milow Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasy bilen tanyşdyrdywe Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ilçihananyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmakdaky goşandy barada çykyş etdi. DÖM-iň ýaş ilçileri geçenki Ýaşlar maslahatlarynyň netijeleri barada çykyş edip, çäräniň mazmunyny we esasy nukdaýnazaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdiler.Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölünip, olaryň her biri daşky gurşaw meseleleriniň dürli taraplaryny we mümkin bolan çözgütleri ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda energetika kärhanalarynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, arassa energiýa çeşmelerine geçmek, energiýany tygşytlamak we durnukly ýaşaýyş durmuşy barada halka habar bermek strategiýalarynyň işlenip düzülmegi, akylly setleriň ornaşdyrylmagy we energiýany gowulandyrmak üçin ösen tehnologiýalar, şeýle hem Türkmenistanda gün we ýel energiýasynyň ösüşini öwrenmek ýaly mowzuklar ara alyp maslahatlaşyldy.Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we garaşylýan netijeleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Sessiýalaryň mowzuklaryna esaslanyp, her topar Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarladylar.Maslahatyň ahyrynda her bir iş topary öz tekliplerini hödürlediler, bu teklipler Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşular. Ýaşlar maslahaty bilen bir hatarda, Mary şäherindäki Algoritm okuw merkezinde 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky orta mekdepleriň we bilim merkezleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi boýunça Milli çagalar maslahaty geçirildi.ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň hünärmenleri “Howanyň üýtgemegi we Türkmenistanyň çagalary” atly mowzukda çykyş etdiler, şol sanda global ýylylyk, teplisanyň täsiri, energiýany tygşytlamak we daşky gurşawy goramak baradaky çagalar üçin maglumatlary paýlaşdylar, çagalaryň howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak üçin edip biljek hereketlerini oýun görnüşinde düşündirdiler. Mary şäherinde geçilen Ýaşlar maslahaty ýaşlaryň global daşky gurşaw meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýandygyny we gyzyklanmasyny görkezdi.
1 of 5
Press reliz
09 sentýabr 2024
Balkanabadyň ýaşlary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdiler
Maslahat aktual daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin Balkan sebitiniň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemledi. Çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, 17 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, BMGÖM-iň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasyndan soň BMGÖM-iň hünärmeni Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak üçin Çarçuwaly konwensiýa barada çykyş etdi. DÖM-iň ýaş ilçileri geçenki Ýaşlar maslahatlarynyň netijeleri barada çykyş edip, çäräniň mazmunyny we esasy nukdaýnazaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdiler.Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölünip, bir wagtyň özünde aýratyn otaglarda geçirilen tematiki sessiýalara gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Hazar ekologiýa başlangyjy, energiýa pudagynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, uglerod aýak yzyny azaltmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýerli gatnaşyjylar bilen daşky gurşaw bilimi artdyrmak ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we garaşylýan netijeleri düşündirdiler. Sessiýalaryň mowzuklaryna esaslanyp, her topar Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarladylar.Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler. Bu teklipler, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki goşandyny güýçlendirmeklige gönükdirilen geljekki hereketler we başlangyçlar üçin esas döreder. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty global ekologiýa meselelerine garşy göreşde ýaşlaryň garaýyşlaryny, pikirlerini we meýilnamalaryny paýlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi.
1 of 5
Press reliz
04 sentýabr 2024
Daşoguzyň ýaşlary howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlaryň başynda
Maslahat welaýatyň dürli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemledi, olara häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.Maslahata 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, talyplar, şeýle hem BMG-niň guramalarynyň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasyndan soň, ilkinji sessiýa başlady. Onda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny we goşandy barada çykyş etdiler.Türkmen ýaşlary öňki ýyllarda geçirilen maslahatlaryň netijelerini hödürlediler we ol mundan beýläkki pikir alyşmalar üçin başlangyç nokada öwrüldi. Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölünip, bir wagtyň özünde aýratyn otaglarda geçirilen tematiki sessiýalara gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar şulary öz içine aldy: oba-hojalykda topragy dikeltmäge we biodürlüligi goramaga gönükdirilen adaptasiýa; suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, suwy sarp etmegi gowlandyrmak we netijeli suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak; howanyň üýtgemegine garşy gurakçylygyň we suw joşmalarynyň täsirini azaltmagyň usullary; Aral deňziniň Türkmenistanyň çäginde tebigy baýlyklary yzygiderli dolandyrmak, Daşoguzyň seýrek görnüşlerini we tebigy ýerlerini goramak, sebitiň zaýalanan ekosistemalaryny dikeltmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy hasyllylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak. Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we garaşylýan netijeleri düşündirdiler. Sessiýalaryň mowzuklaryna esaslanyp, her topar Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarladylar.Maslahatyň ahyrynda iş toparlarynyň ýolbaşçylary öz netijelerini hödürlediler we Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşmak üçin anyk çäreleri teklip etdiler. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahaty global ekologiýa meselelerine garşy göreşde ýaşlaryň garaýyşlaryny, pikirlerini we meýilnamalaryny paýlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi. Türkmenistanyň ýaşlary ýakyn wagtda geçiriljek halkara forumlarda hödürlenjek çözgütleri taýýarlamak işine işjeň gatnaşýarlar.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11