Waka
BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurýar
Şu gün BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Giňişleýin maglumat
Soňky
Waka
02 September 2021
Koronawirusa utgaşdyrylan jogap
Has köp öwrenme
Waka
24 August 2021
BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurýar
Has köp öwrenme
Waka
13 August 2021
Biologiýa sapaklarynda ekologiýa taýdan durnukly durmuş ýörelgelerini öwretmek
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 May 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.
1 of 2
Çäre
15 May 2021
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli kampaniýasyna başlaýar
2021-nji ýylda Bütindünýä daşky gurşaw gününiň mowzugy “Ekoulgamy dikeltmek” we tebigat bilen biziň gatnaşygymyzy täzeden dikeltmek. Şeýle hem, ol howa şertleriniň krizisine garşy göreşmek we millionlarça görnüşleriň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin zeper ýetirilen we weýran bolan ekoulgamyň dikeltmegi üçin alnyp barylýan işleri köpçülikleýin ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen, 2021-2030-njy ýyllar üçin BMG-niň ekoulgamy dikeltmek boýunça onýyllygynyň resmi taýdan başlamagyny hem bellär.
Bütindünýä daşky gurşaw güni, herekete geçmek, tebigata ideg etmek we daşky gurşawy goramak baradaky borçnamalarymyzy täzelemek we Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyl üçin Meýilnamany öňe sürmek üçin mümkinçilikdir.
Jemgyýetçilik kampaniýasynyň meýilnamasy
BMG-niň düzümleýin edaralary Bütindünýä daşky gurşaw gününe bagyşlanan köpçülikleýin kampaniýanyň çäginde aşakdaky çäreleri bilelikde durmuşa geçirer:
Onlaýn wideo bäsleşigi, "Siz plastik hapalanmasyna garşy göreşmek üçin näme edersiňiz?" Bu wideo bäsleşiginiň netijesinde bäsleşigiň çäginde alnan iň oňat wideolardan düzülen “Plastmassa ýok diýiň” atly soňky wideo taýýarlanar. Bu soňky wideo BMG-niňplatformalarynda görkeziler;
Tomusky dynç alyş möwsüminde “Gökdere” jülgesinde çagalar üçin daşky gurşaw meseleleri boýunça okuw sapagy;
BMG-niň hünärmenleriniň Aşgabat şäherinde agaç ekmek çäresi.
Maksatlar
Kampaniýa ýaşlaryň we çagalaryň arasynda daşky gurşawyň saglygy baradaky habardarlygy ýokarlandyrar we olaryň plastik hapalanmasy, gaýtadan işlemek, galyndylary dolandyrmak boýunça ekologiki bilimlerini giňelder we jemgyýetiň tebigatymyzyň we öz saglygymyzyň peýdasyna garaýyşlarynyň we endikleriniň üýtgemegine ýardam eder.
Wagt möhleti: 14-nji maý - 5-nji iýun 2021-nji ýyl.
Wideo-bäsleşik barada
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralary, 5-nji iýunda bellenilýänBütindünýä daşky gurşaw güniniň öňüsyrasynda “Siz plastik hapalanmasyna garşy göreşmek üçin näme edersiňiz?” atly wideo bäsleşigi yglan etdi.
Maksady
Wideo bäsleşigiň maksady plastmassanyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ulularyň hem, çagalaryň arasynda oňyn daşky gurşaw endikleriniň ösmegine itergi bermek.
Wideo bäsleşiginiň ýumuşlary:
Özüňiz ýa-da dostlaryňyz bilen 1) plastmassa önümlerini ekologiýa taýdan amatly bolan önüm bilen nähili çalyşjakdygyňyzy görkezýän we / ýa-da 2) tebigaty we öz saglygyňyzy goramak üçin plastmassa önümini gaýtadan nähili ulanyp biljekdigiňizi hödürleýän we görkezýän gysga wideoňyzy tabşyryň. Tehniki talaplar:
Gatnaşyjylar Türkmenistanyň raýatlary bolmaly;
Wideo 15 sekunt uzyn bolmaly;
Wideo Facebook, Instagram arkaly @UN_Turkmenistan, @undp_turkmenistan, @unicef_turkmenistan, @unfpa_turkmenistan, @who_turkmenistan #PlasticFree ýa-da #PlastikÝok heştegyny ulanyp, ýa-da Türkmenistan BMG-niň IMO sahypasy (+9365) arkaly şahsy sahypalarda ýerleşdirilmelidir.
Iň oňat wideolar aşakdaky kriteriýalaryň esasynda saýlanar: 1) mazmuny düşnükli we mowzuga degişli bolmaly; 2) wideo 15 sekund uzynlykda bolmaly; 3) ssenariý özboluşly we döredijilikli bolmaly.
Wideo bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanda BMG-niň edarasynyň sowgatlary gowşurylar.
Türkmenistanda BMG-niň edarasy ýeňijileriň wideolaryndan ybarat bolan “Plastmassa ÝOK diýiň!” atly soňky wideony taýýarlar. Ol BMG-niň düzümleýin edaralarynyň köpçülikleýin habar beriş platformalarynda, şeýle hem 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne, Bütindünýä daşky gurşaw güninde BMG-niň web sahypasynda ýerleşdiriler.
Wideony tabşyrmagyň iň soňky möhleti: 2021-nji ýyl, 31-nji maý, 18.00.
Dil: Wideo görkezilen dilleriň haýsydyr birinde bolup, sözler hem goşulyp bilner: Türkmen, Iňlis we Rus.
1 of 2
Waka
13 March 2020
Koronawirusa utgaşdyrylan jogap
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Çarşenbe güni Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirus (COVID-19) keselini pandemiýa diýip häsiýetlendirdi, emma bu gözegçilik edip bolýan pandemiýadyr. Koronawirus (COVID-19) iň soňky açylan koronawirus zerarly geçýän ýokanç keseldir.
BMG gullugyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tedros Adhanom Gebreýesus öz çykyşynda "Men bir zady bellemekçi: bu keseli pandemiýa diýip häsiýetlendirmek ýurtlaryň oňa boýun synmalydygyny aňlatmaýar" – diýip belledi.
BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlary öz ýagdaýlaryna laýyklykda merkezleşdirilen ýagdaýda giňişleýin çemeleşmäni ýola goýmaga çagyrdy. COVID-19 müňlerçe adama täsir edýär, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna hem öz täsirini ýetirýär we giňden ýaýran durmuş we ykdysady netijelere sebäp bolýar. BMG ösüş boýunça işleýän guramalar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Topary ýurtlara taýýarlyk we hereket ediş meýilnamalaryny taýýarlamaga goldaw berýär.
Bu sahypa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) häzirki wagtda täze koronawirus (COVID-19) keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly maglumat çeşmelerini we görkezmeleri özünde saklaýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy keseliň ýaýramagyny yzarlamak we ýurtlara we şahsyýetlere saglygy goramak hem-de bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler barada görkezmeleri bermek ugrunda global hünärmenler, hökümetler we hyzmatdaşlar bilen ýakyndan işleşýär.
Iň täze maglumatlar üçin aşakdaky web-sahypalaryna girip görmegiňizi haýyş edýäris:
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019
Birleşen Milletler Guramasynyň çäreleri barada iň soňky habarlar: https://news.un.org/en/events/un-news-coverage-coronavirus-outbreak
BSGG-niň ýurtlar üçin görkezmesi: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019/technical
Koronawirus (COVID-19) ýagdaýy: https://experience.arcgis.com/experience/685d0ace521648f8a5beeeee1b9125cd
1 of 5
Waka
24 August 2021
BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurýar
Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň halkara giňişliginde tutýan işjeň ornuny, BMG-sy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ýuruduň global we sebitleýin häsiýetli meseleleriň çözgüdini tapmakda döredijilikli gatnaşmagyny belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda geljekde strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugurlary, esasanam, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ykdysady diwersifikasiýa, durmuş taýdan goraglylyk, adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek hem-de howanyň üýtgemeginiňtäsirlerini peseltmek ýaly ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş Sekretarynyň durnukly ösüş ugrunda we adam hukuklarynyň bähbidine, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşymilli derejede çäreleri işläp düzmek we geljekde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak maksady bilen HereketleriňOnýyllygy we ş.m. çäreleri görmek ugrunda çagyryşlaryny teklip edýän global başlangyçlary işjeň goldaýandygy üçinminnetdarlyk bildirdi.
BMG-niň Baş Sekretary tarapyndan gol çekilen ynanç hatlarynyň resmi gowşurylyş dabarasyndan we Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyndan soňra jenap Dmitriý Şlapaçenko metbugat wekillerine ýüzlendi:
“Meniň üçin onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirmek uly hormatdyr. Men BMG-niň ösüş ulgamy bilen Türkmenistanyň arasynda ýurduň durnukly ösüşi, Türkmenistanyň gülläp ösmegi we Türkmenistanyň halkynyň abadançylykda ýaşamagy üçin ähli ileri tutulýan ugurlarda strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-depugtalandyrmakda ähli tagallalary etjekdigimi tassyklaýaryn" – diýip jenap Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.
Terjimehal:
Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol Birleşen Milletler Guramasynda, ýaňy-ýakynda Günorta Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da ol Syýasy we Parahatçylygy gurmak babatyndaky meseleler boýunça bölümine we Parahatçylyk babatynda operasiýalar bölümine goldaw berdi. Şeýle hem ol Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide, Täjigistanda we Wenada ýolbaşçylyk wezipelerinde işledi.
Jenap Şlapaçenko halkara žurnalistika ugrunda bakalawr we magistr derejesine, şeýle hem Ukrainanyň Kiýew Uniwersitetinden halkara gatnaşyklary ugrunda doktorlyk derejesine, Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesine we Beýik Britaniýanyň London Ykdysadyýet Mekdebinden halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesine eýedir. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina şäherindäki Dýuk Uniwersitetinde halkara žurnalistika we jemgyýetçilik syýasaty boýunça maksatnamany tamamlady.
Jenap Şlapaçenko halkara žurnalistika ugrunda bakalawr we magistr derejesine, şeýle hem Ukrainanyň Kiýew Uniwersitetinden halkara gatnaşyklary ugrunda doktorlyk derejesine, Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesine we Beýik Britaniýanyň London Ykdysadyýet Mekdebinden halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesine eýedir. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina şäherindäki Dýuk Uniwersitetinde halkara žurnalistika we jemgyýetçilik syýasaty boýunça maksatnamany tamamlady.
1 of 5
Waka
13 August 2021
Biologiýa sapaklarynda ekologiýa taýdan durnukly durmuş ýörelgelerini öwretmek
Ýaş biologiýa mugallymy DNK-nyň gurluşy we onuň genetiki maglumatlaryny daşaýjy hökmünde ýerine ýetirýän wezipesi barada düşündirýär. Adaty türkmen mekdebinde adaty biologiýa sapagy bolup dur. Şeýle-de bolsa, has ýakyndan seretseň, bu mekdebiň şertleriniň gaty bir täsin aýratynlygy bar. Synp otagynyň ähli okuw gollanmalary plastik galyndylardan ýasalan.
Mahliýe Gurbanowa, ýaşaýyş we janly organizmler barada öwredýän ylmyň bir pudagy -biologiýa dersini okadýar. Mahliýe çagalara ýaşaýşyň dürli görnüşlerini çuňňur düşündirip, köplenç olaryň ünsüni ekologiýa, janly organizmleriň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyna çekýär. Ylym arkaly ol çagalaryň bilimini we daşky gurşawy öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar, hem-de daşky gurşawy goramak üçin ekosistemany dikeltmekde her bir adamyň tutýan ornuny nygtaýar.
Mahliýe okuw kitaplaryndaky materiallaryň üstüni ýetirmek we okuwçylara çylşyrymly ylmy düşünjeleri öwrenmäge ýardam etmek üçin okuwçylary bilen bilelikde hapalanan ýerlerden plastik galyndylaryny çöpleýär we olardan DNK, adam organlaryny, amýobalary, molekulalary, bir öýjükli haýwanlary, oňurgaly haýwanlary, şeýle hem beýleki şekillendiriş gollanmalary ýasaýar.
Bu amaly tejribe okuwçylara diňe bir okuw materiallaryny öwrenmäge ýardam etmän, eýsem tygşytly sarp etmek we galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly endiklerini üýtgetmäge kömek edýär. Bilim bermegiň şeýle usullary okuwçylara plastik galyndylaryny azaltmagyň, olary gaýtadan ulanmagyň we gaýtadan işlemegiň zerurdygyny düşünmäge itergi berýär, şeýle hem jemgyýetiň jogapkär we aladaly agzalary bolmaga ýardam edýär.
“Adamlaryň plastik ulanmak we öndürmek endikleri bütin dünýäde plastik galyndylarynyň artmagyna sebäp boldy. Plastik daşky gurşawymyza zyýan ýetirýär we saglygymyza howp salýar "- Mahliýe belleýär.
“Bilim jemgyýetiň habardarlygyny we bilimini ýokarlandyrmak, şeýle hem plastik hapalanmasyny aradan aýyrmak üçin ekologiýa taýdan amatly endikleri ösdürmekde möhüm orna eýedir. Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly meseleler barada aýdyp geçmek bilen biz okuwçylary ekologiýa taýdan amatly başlangyçlara gatnaşmaga çekýäris we olara daşky gurşaw bilen baglanyşykly global meselelerine şahsy çözgütlerini hödürlemäge mümkinçilik berýäris.”
Mundan başga-da, Mahliýe ekologiýa taýdan amatly beýleki mekdep başlangyçlarynyň çäginde daşky gurşaw medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen “Gök guşak” atly mekdep jemgyýetçilik çäresini alyp barýar. Galyndylary gaýtadan ulanmagyň ähmiýetini bellemek üçin Mahliýe we onuň okuwçylary plastik galyndylardan ajaýyp gülleri ýasaýarlar.
"Biz peýdaly we bezeg önümlerini döretmek üçin taşlanan plastik paketleri we çüýşeleri ulanýarys" – Mahliýe diýýär.
Mahliýe Köýtendagyň 8-nji mekdebiniň daşky gurşaw medeniýetini we bilimi ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini buýsanç bilen belleýär:
“Daşky gurşaw abadançylygyny üpjün etmek we ýaşlara tebigaty aýamaklygy ündemek maksady bilen alnyp barylýan döwlet syýasatyna laýyklykda, biz köplenç tebigat we daşky gurşaw barada gyzykly sapaklary gurnaýarys, ýowar geçirip, mekdeplerimizi arassa saklaýarys we planetanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin çagalara galyndylary dolandyrmagyň usullaryny öwredýäris.”
Mahliýe we beýleki mekdep mugallymlary okuwçylaryň tebigat bilen aragatnaşygyny ösdürmek, daşky gurşaw baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi, plastik hapalanmasy ýaly meselelere düşünmäge ýardam etmek, hem-de gündelik durmuşynda daşky gurşaw taýdan amatly we oňyn endikleri ulanmaga ýardam etmek üçin daşky gurşawy goramak boýunça sapaklary yzygiderli gurnaýarlar.
Bütindünýä daşky gurşaw günine bagyşlanan jemgyýetçilik maglumat kampaniýasyna gatnaşmak
Bu ýyl Mahliýe 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli BMG-niň Türkmenistanda düzümleýin edaralary tarapyndan taýýarlanan köpçülikleýin maglumat kampaniýasynyň çäginde geçirilen “Siz plastik hapalanmasyny bes etmek üçin näme ederdiňiz?” atly wideo bäsleşigine işjeň gatnaşdy we ýeňiji boldy.
Wideo bäsleşigiň netijesinde BMG-niň düzümleýin edaralary tebigaty goramak üçin plastik önümlerini ekologiýa taýdan arassa bir önüme çalyşmak ýa-da bir gezeklik ulanylýan plastik önümini gaýtadan ulanmak boýunça usullary görkezýän köp sanly gyzykly wideolary aldylar.
“BMG-niň bu wideo bäsleşigi biziň ekologiýa taýdan amatly başlangyçlarymyzy we gobal derejede daşky gurşaw meseleleriniň çözgütlerini tapmagyň ähmiýetini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik berdi. Ýeňiji bolanym meni ruhlandyrdy we ekologiýa taýdan amatly täze başlangyçlary başlamaga itergi berdi "- diýip, Mahliýe bäsleşigiň oňa eden täsiri barada aýdýar.
Daşky gurşawy barada bilim durnukly ösüşe tarap jemgyýetçilik özgerişleriniň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär we adamzadyň ösüşi ugrunda gün tertibini durmuşa geçirmäge ýol açýar. Şol bir köpçülikleýin kampaniýanyň çäginde BMGÖM-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy BMG-dan beýleki kärdeşleri bilen bilelikde Gökderede ýerleşýän “Altyn Damja” tomusky dynç alyş lagerinde çagalar üçin daşky gurşaw meseleleri boýunça okuw sapagyny geçirdi.
Bu çäre BMG-niň beýleki edaralary, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça jemgyýeti we Türkmenistanyň DÖM-nyň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlykda, Global Daşky Gurşaw Gaznasynyň maliýeleşdirýän Türkmenistanda BMGÖM-niň we Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak baradaky ministrliginiň "Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäherleriň ösüşi" atly taslamasy tarapyndan gurnaldy.
Bu çäre çagalaryň arasynda ekologiýa taýdan habardarlygy ýokarlandyrmaga we tebigata, suw baýlyklaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine ideg etmekligi we durnukly endikleri ulanmaklygy ündemage gönükdirildi.
BMGÖM-niň hünärmenleri tarapyndan, çagalaryň galyndylary dolandyrmak baradaky bilimlerini artdyrmak üçin köplenç ulanýan bu resmi däl çemeleşmesi, çagalara şagalaňly oýun görnüşinde bilimlerini we çeşmelerden rejeli peýdalanmak üçin endiklerini ösdürmäge ýardam edýär.
"Bu çäräniň esasy maksady çagalara oýnuň üsti bilen plastigyň tebigatymyza we saglygymyza salýan howpyny görkezmek, olara ekologiýa taýdan arassa usullary öwretmek we planetany halas etmekde olaryň her biriniň goşýan goşandynyň möhümdigini düşündirmekdir" – BMGÖM-niň taslamasynyň hünärmeni Jemal Durdykowa bu çäräniň maksadyny beýan edip aýtdy.
Bu köpçülikleýin maglumat kampaniýasy, syýasy mehanizmlerini gözden geçirmek, has güýçli gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak, innowasion çözgütleri hödürlemek we sarp edijileriň endiklerini üýtgemek arkaly plastik hapalanmak bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy göreşmekde milli hyzmatdaşlaryň alyp barýan tagallalaryny goldamak üçin BMGÖM-niň birnäçe başlangyçlarynyň bir bölegi boldy.
Has giňişleýin
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýokary ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň milli we halkara derejede durnukly ykdysady ösüşe laýyklykda çözülmeginiň möhümdigini we derwaýysdygyny ykrar edip, Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky birnäçe konwensiýasyna goşuldy we planetany halas etmäge gönükdirilen global tagallalara goşulmak üçin howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasyny ykrar etdi.
BMGÖM-niň ýurt boýunça edarasy suwuň we ýeriň hapalanmagy, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem howanyň hapalanmagynyň täsirini azaltmak üçin ilat ýerlerine agaç ekmek we howanyň üýtgemegine garşy pes uglerodly we durnukly çözgütleri girizmek ýaly ugurlara aýratyn üns bermek bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda milli ileri tutulýan ugurlara goldaw bermek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
BMGÖM-niň ýurt boýunça topary Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ýurduň uýgunlaşma ukybyny ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin täsirli mehanizmleri işläp düzmek işine ýolbaşçylyk edýär. BMGÖM-sy Milli hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň galyndylary dolandyrmak hem-de ýurduň howa we suw baýlyklaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek ugrunda bar bolan kadalaşdyryjy resminamalaryna täzeden garamak üçin Milli strategiýany işläp düzmekde goldaw berýär.
Häzirki wagtda BMGÖM-niň goldawy bilen ýurduň paýtagtynda köp mukdarda plastik galyndylar ýygnalýar, saýlanýar we gaýtadan işlenýär. Geçen ýyl BMGÖM-niň taslamasy bilim edaralarynda, seýilgählerde we beýleki köpçülik ýerlerinde galyndylary gaýtadan işlemek üçin gaplary ornaşdyrdy, bu bolsa 50 tonnadan gowrak plastik galyndylaryň ýygnalmagyna we gaýtadan işlenmegine sebäp boldy. Kampaniýa 8 kg plastik galyndylaryň deregine agaç nahallaryny hödürlemek bilen halky plastik galyndylary ýygnamaklyga höweslendirdi.
Daşky gurşaw barada biliminiň möhümdigine göz ýetirip, BMGÖM-sy orta mekdepleriniň okuw meýilnamasyna Climate Box -yň (Howa gutusy) ýurda laýyklykda nusgasyny girizmegi hödürledi, ol BMGÖM-niň gyzykly we interaktiw görnüşde dünýä derejesinde howanyň üýtgemegi barada möhüm maglumatlary öz içine alýan okuw gollanmasydyr. “Howa gutusy” gollanmasynyň milli nusgasy Russiýanyň ösüş ugrunda Trast gaznasynyň goldamagynda BMGÖM-niň “Howa gutusy: Bilim we howanyň üýtgemegi barada habardarlygy ýokarlandyrmak” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.
“Howa gutusynyň” 400-den gowrak nusgasynyň ýaýradylmagynyň netijesinde, ýurt boýunça ýüzlerçe mugallym bu gollanmadan alan bilimlerini ekologiýa, geografiýa, taryh we biologiýa sapaklarynda okatmagyň interaktiw usullaryny ulanyp we çagalary ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgerine iterip peýdalandy.
Mundan başga-da, BMGÖM-iň ýurt boýunça edarasy habardarlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuz we jogapkärli çözgütleri we oňyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek maksady bilen bilimleri we tejribeleri paýlaşmak üçin jemgyýetçilik bilen yzygiderli resmi däl gepleşikleri alyp barýar. Şeýle innowasion başlangyçlary adamlara antropogen hapalanmanyň adamlaryň saglygyna we ekosistema edýän täsirini düşünmäge ýardam edýär we durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin endikleriň üýtgedilmegi bu meseläniň çözgüdini tapmak ugrunda nädip goldaw berip biljekdigi baradaky maslahatlary has hem ýaýbaňlaşdyrýar.
Özgerişiklere tarap
Mahliýe mekdepde bilim beriji maksatnamalar arkaly tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we galyndylardan ýerlikli peýdalanmak baradaky ýörelgeleri öňe sürýän biologiýa mugallymydyr. Mahliýe okuwçylaryny daşky gurşaw barada alada edip başlamaga, gatnaşmaga we ýerli jemgyýetleriň daşky gurşaw barada habardarlygy ýokarlandyrmak we tebigatyň peýdasyna olaryň endiklerini üýtgetmek üçin täze bir usul oýlap tapyp we ony işe girizmegi höweslendirýär.
“Her bir adamyň amallary planetamyzy goramaga ýardam edýär. Her birimiziň endiklerimiziň täsiri uly we şeýlelik bilen, milli we global tagallalara bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýar. Indi adamzat planetar derejede betbagtçylyga gaty ýakyn bolanda, endikleri üýtgemek diňe bir isleg däl, eýsem hemmämiziň ekologiýa taýdan amatly we durnukly durmuş ýörelgelerini alyp barmagymyz üçin borjumyzdyr "- diýip Mahliýe aýdýar.
1 of 5
Waka
30 June 2021
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Aşgabatda Neşe serişdelerine we olaryň bikanun söwdasyna garşy halkara gününe bagyşlanan metbugat ýygnagyny geçirýär
Neşe serişdelerine garşy halkara güni her ýyl 26-njy iýunda bellenilip geçilýär we ol neşe serişdelerinden azat dünýäni döretmek üçin geçirmeli çäreleri we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we edaralaryndan, maýa goýum bilen üpjün edýän ýurtlaryndan 40-dan gowrak gatnaşyjy we halkara hyzmatdaşlar, şeýle hem milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri metbugat maslahatyna ýygnanyp, häzirki dünýäde neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmek we 2021-nji ýyl üçin Neşe serişdeleri boýunça täze bütindünýä hasabatyny tanyşdyrmak üçin maglumatlary we amaly çözgütleri paýlaşdylar. Şu ýylyň Neşe serişdelerine we olaryň bikanun söwdasyna garşy halkara gününiň mowzugy “Neşe serişdeleri baradaky maglumatlary paýlaşyň. Adamlary halas ediň”. Onuň maksady nädogry maglumatlara garşy göreşmek we neşe serişdeleri barada maglumatlary - saglyk töwekgelçiligi we dünýädäki neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleriň çözgütleri, subutnamalara esaslanýan öňüni alyş, bejeriş we ideg barada maglumatlary ýaýratmakdyr.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda çarçuwaly hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG ulgamynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu hyzmatdaşlyk BMG-niň 19 sany edaralaryny birleşdirýär we 2021-nji ýylda we ondan soňky döwürde Türkmenistanyň durnukly ösüşine goldaw bermekde BMG-niň gatnaşygyny has hem ýaýbaňlaşdyrmak üçin ajaýyp platformany üpjün edýär.
Metbugat ýygnagyna gatnaşyjylary garşy alyp, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili hanym Aşita Mittal neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleriň has çylşyrymlaşýandygyny, şeýle hem COVID-19 çökgünliginiň we ykdysady çökgünligiň, esasan hem, iň pes ýagdaýly adamlar üçin ýetirýän täsiriniň güýçlendirýändigini belläp geçdi. Geçen ýyl bütin dünýäde takmynan 275 million adam neşe serişdelerini ulandy, bu soňky on ýylda 22 göterim artdy. Diňe demografiki üýtgeşmeler zerarly neşe serişdelerini ulanýanlaryň sany 2030-njy ýyla çenli 11 göterim ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Pes girdejili ýurtlar bu ýokarlanmanyň uly bölegini öz içine alýar.
Neşekeşlik ýagdaýy we Türkmenistanyň Hökümetiniň neşe serişdeleri bilen baglanyşykly meselesini çözmek ugrunda alyp barýan çäreleri barada gürrüň berip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Geldimyrat Haldurdyýew Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan degişli öňüni alyş çäreleri görmek, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň ukyplaryny ýokarlandyrmak we olara tehniki goldaw bermek hem-de sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly bu aýylganç ýamanlyga garşy göreşiň alnyp barylýandygyny belledi.
Metbugat maslahatynyň çäginde esasy statistikadan we resmi çeşmelerden alnan subutnamalary, subutnamalara esaslanýan çemeleşmäni we gözleg işleri öz içine alýan 2021-nji ýylyň Neşe serişdeler boýunça täze bütindünýä hasabat tanyşdyryldy. Çykyş edenleriň çykyşlaryndan soň milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen sorag-jogap geçirildi.
1 of 5
Waka
05 July 2021
UNODC, USAID/Winrok we Türkmenistan Howpsuz migrasiýa we adam söwdasynyň we beýleki transmilli guramaçylykly jenaýatlaryň öňüni almaga gönükdirilen “Adalat üçin bilim” başlangyjynyň gurallarynyň girizilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň we akademiki edaralarynyň hünärmenlerini “Adalat üçin bilim” (E4J) başlangyjy bilen tanyşdyrdy. Bu çärä Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň wekilleri we mugallymlary gatnaşdy.
“Adalat üçin bilim” (E4J) başlangyjy başlangyç, orta we ýokary derejeli bilim derejelerine gönükdirilen bilim çäreleri arkaly jenaýatyň öňüni almak we kanunyň hökmürowanlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu çäreler mugallymlara geljekki nesli kanunyň hökmirowanlygyna zyýan ýetirip biljek we talyplary öz jemgyýetlerine we geljekki hünärlerine işjeň gatnaşmaga höweslendirip biljek meselelere has gowy düşünmek we olaryň çözgüdini tapmak üçin öwretmäge ýardam edýär” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýada Jenaýat Adalat Maksatnamasy boýunça dolandyryjysy jenap Kun Markwering belledi.
Çäräniň dowamynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi innowasiýa we interaktiw okuw materiallaryny we bilimiň ähli derejeleri üçin çäreler toplumyny hödürledi. Özbegistandan we Gazagystandan gelen bilermenler we akademiki edaralarynyň hünärmenleri bu okuw gurallaryny ulanmak we bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça tejribelerini hödürlediler.
Ösüp barýan nesli kanunçylyk ruhynda okatmagyň wajyplylygyny belläp, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň ýolbaşçysy Eleanora Walentaýn şeýle belledi: “Ylymyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitleri üçin ulanyp, Türkmenistan innowasion okuw usullaryny ulanmaga uly ähmiýet berýär, iň oňdebaryjy tejribeler düýpli öwrenilýär we durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň abraýly gözleg we bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýaýbaňlaşýar. Biz bu möhüm işlerde täze sahypany açyp, kanunyň hökmürowanlygy we adam söwdasy, şeýle hem başga transmilli guramaçylykly jenaýatyň beýleki görnüşleri ýaly global howplaryň öňüni almak ýaly möhüm ugurlary öwrenmäge mümkinçilik döredip, Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň bilim almagyna goşant goşyp bileris diýip umyt edýäris”.
Gatnaşyjylar ulanmak üçin ýa-da özbaşdak okuw serişdesi ýa-da kriminologiýa, hukuk, syýasat ylymlary, halkara gatnaşyklary, sosiologiýa we beýleki köp ugurlar boýunça okuwlary kämilleşdirmegiň serişdesi hökmünde ulanmak üçin bar bolan uniwersitet modullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar geljekki ýolbaşçylary kemala getirmäge we geljekki nesle dünýädäki jenaýatlaryň iň agyr görnüşleri bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda kuwwatlandyrmaga we DÖM 16 laýyklykda has adalatly, parahatçylykly we öz içine alyjy (inklýüziw) jemgyýetleri gurmaga ýardam etmäge niýetlenendir.
Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň esasy hukukçysy, jenap Gurban Tuşiýew öz minnetdarlygyny bildirdi we şeýle diýdi: “Bu örän gowy başlangyç bolup dur we şu gün bu ýere ýygnananlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Biz bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis diýip umyt edýäris”.
1 of 5
Press reliz
10 August 2021
Meýilleşdirilmedik göwrelilik we zenanlara garşy zorlugyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlary synagdan geçirilýär
BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde bu durmuş hyzmatlarynyň ählitaraplaýyn synagdan geçirilmegine tehniki goldaw bermek maksady bilen BMG-niň Ilat gaznasy onlaýn seminarlar gurnady.
Reproduktiw saglygy boýunça Rumyniýanyň Gündogar Ýewropa Instituty agzalan durmuş hyzmatlary boýunça okuw-seminarlaryny geçirdi we oňa saglygy goraýyş, hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň wekilleri hem-de durmuş işi boýunça hünärmenleriň topary gatnaşdy.
“Şu iki maksada ýetmek wajyp bolup durýär: her bir göwrelilik islenilýän bolmaly we her bir gyz we zenan zorlukdan azat durmuşda ýaşamaly. Geçirilen seminarlaryň maksady synagdan geçirilýän durmuş hyzmatlarynyň zenanlaryň, gyzlaryň, şol sanda maýyplygy bolanlaryň şu iki hukugynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bolmagyny üpjün etmek üçin goldaw bermekden ybaratdyr” diýip, Gündogar Ýewropa institutynyň meýilnama boýunça utgaşdyryjysy Ýelena Miçeu aýtdy. Ol “Okuw-seminarynyň esasy gatnaşyjylary durmuş hyzmatyny edýän edaralaryň wekilleri bolmagyna garamazdan, bu üç günüň dowamynda tejribe alyşmaklyk zenanlara garşy zorlygyň we meýilleşdirilmedik göwereliligiň öňüni almak boýunça durmuş hyzmatlarynyň meýilleşdirilmegi, ösdürilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da onuň mahabatlandyrylmagy bilen gyzyklanýan ähli taraplar üçin gymmatly çeşme boldy” diýip, belledi.
Bilelikdäki maksatnamada hyzmadaşlyk edýän BMG-niň edaralary jemi 12 täze ýöriteleşdirilen we ýerli derejede durmuş hyzmatyny işläp düzdüler. Meýilleşdirilmedik göwrelilik we zenanlara garşy zorlugyň öňüni almak üçin durmuş goldawyny etmeklik boýunça durmuş hyzmatlary “Beýik Eýýam” we “Keýik Okara” jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda synagdan geçirilip, bu hyzmatlara krizis ýagdaýynda maglumat we maslahat bermek, gyzgyn telefon liniýasy, howpsyz ýaşamak üçin ýer, hukuk maslahatlary, psihologiki goldaw we maslahat, öýde zorluga duçar bolan zenanlaryň we meýilleşdirilmedik göwrelilik bilen ýüzbe-ýüz bolan zenanlardyr gyzlaryň ykdysady taýdan özbaşdaklyklaryny gazanmaklary üçin berilýän goldaw girýär. Ýokarda agzalyp geçilen täze durmuş hyzmatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmekde synagdan geçiriler.
***
“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.
1 of 5
Press reliz
03 August 2021
Türkmenistanyň durmuş işi boýunça mugallymlary we hünärmenleri ABŞ-niň Kolumbiýa Uniwersitetiniň durmuş işi boýunça bilermenleriniň okuw maslahatyna gatnaşýar
Okuw maslahaty BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw jaýlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, şeýle hem, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri, durmuş işi boýunça hünärmenler we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri üçin gurnaldy.
Onlaýn görnüşde geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady gatnaşyjylaryň durmuş işinde çagalar, maşgalalar we ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlary bilen geçirýän çärelerinde aragatnaşyk we jemgyýetçilik bilen işlemek boýunça hünär kamilligiklerini artdyrmakdan ybarat boldy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar durmuş işini we durmuş hyzmatyny etmegiň etikasynyň ýörelgelerini hem-de diskriminasiýa garşy tejribeleri, şeýle hem durmuş işinde diňleme endiklerini we dilden däl bolan aragatnaşygyň usullaryny öwrendiler. Şeýle-de, olar durmuş hyzmatyny alyjylar we maksatlaýyn toparlar bilen işleşmegiň ýollaryny öwrendiler, hem-de durmuş işinde bahalandyrmak, durmuş işini meýilleşdirmek we durmuş hyzmatlaryny etmekde ulanylýan şahsy aragatnaşyk endiklerini kämilleşdirdiler.
Mundan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylar durmuş işi bilen baglanyşykly halkara guramalaryň, ýagny Durmuş işi boýunça mekdepleriň halkara birleşiginiň (IASSW) we Durmuş işi boýunça hünärmenleriň halkara federasiýasynyň (IFSW) işi bilen tanyş boldular.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň durmuş işi boýunça hünäri ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna girizmek we durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksanamanyň çaginde synagdan geçirilýän ýerli derejede hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň durnuklylygyny goldamak boýunça öz goşantlaryny goşmaklyklaryna garaşylýar.
***
Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.
1 of 5
Press reliz
28 July 2021
Adalatçynyň diwanynyň gözegçilik we gözleg işleri boýunça ukybyny ýokarlandyrmak
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy Türkmenistanda Adalatçynyň diwany “Adam hukuklaryny goraýjy milli edaralara gözegçilik etmek we gözleg işlerini geçirmek” atly ilkinji okuw tapgyryny onlaýn görnüşde geçirdi. Bu okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň adam hukuklary boýunça halkara bilermeni hanym Natalýa Uteşewa tarapyndan geçirildi.
Bu okuw Adalatçynyň diwanynyň gözegçilik we gözleg işleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Ilkinji okuwyň dowamynda edaranyň hünärmenleri adam hukuklarynyň görkezijilerini, dürli gözleg usullaryny we olaryň ulanylyşyny, şeýle hem milli adam hukuklaryny goraýjy edaralarynyň we dürli ýurtlardaky sebitleýin we tematiki adam hukuklaryny goraýjy edaralarynyň gözleg işlerinde öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar. Onlaýn okuwyň dowamynda gatnaşyjylar interaktiw onlaýn gurallary ulanyp, raýat hukuklary meseleleri boýunça gözleg taslamasyny işläp düzmegi başardylar.
Hanym Uteşewa «Milli hukuk goraýjy edaralar adam hukuklaryny goramak boýunça halkara we milli ulgamlaryň arasynda konstruktiw gatnaşygy ýola goýmaga we halkara jemgyýetçiliginiň, döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we adam hukuklary babatynda halkara ülňülerini öňe sürmek we adam hukuklary boýunça halkara ülňüleri milli kanunçylyga girizmek we ony tejribede ulanmak boýunça ylmy edaralaryň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Yzygiderli gözleg we seljeriş işleri geçirilmese Milli hukuk goraýjy edaralarynyň bu wezipelerini ýerine ýetirip bilmegi mümkin däl. Analitik resminamalary taýýarlamak milli hukuk goraýjy edaralaryň işiniň ähli derejelerinde we ähli ugurlarynda möhüm bolup durýar, çünki ol döwlet syýasatyny ösdürmek we jemgyýetçilik pikirini emele getirmegiň guraly bolup durýar».
Adalatçynyň diwanynyň hünärmenleri üçin ikinji okuw 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda meýilleşdirilýär.
1 of 5
Press reliz
19 July 2021
Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary Türkmenistanda Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi üçin Hereketleriň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça ylalaşyga geldi
BMG-niň Ýurt boýunça toparyndan, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Daşary işler ministrliginden, Ilaty zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden, Döwlet statistika komitetinden, Merkezi bankdan we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan wekilçilik edýän bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary toparyň esasy maksatlary we wezipeleri barada ylalaşdylar we toplumlaýyn maliýeleşdiriş çarçuwasy mehanizminiň çäginde dürli işler arkaly Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegini öňe sürmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Şu gün Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň döredilmegi Türkmenistanyň Addis Abeba Hereketleriniň Gün tertibi boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek babatynda global başlangyçlary milli derejede goldamaga taýýardygyny görkezýär. Garaşylmagyna görä, bu toparyň işi Türkmenistanda Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça milli tagallalara goldaw berer” - diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. we Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň w.ý.ý hanym Natia Natswlişwili belledi.
Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň maliýe meýilnamalaşdyrylyşyny we býudjetini ösdürmek, maýa goýum gurşawyny we iş gurşawyny gowulandyrmak, maýa bazarlaryny we innowasiýa maliýeleşdiriş gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan strategiki ugurlaryň ösmegine goşant goşar.
Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň esasy maksatlary:
Ösüşi maliýeleşdirmek meselesinde, hususan-da, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çemeleşmäni öwrenmek.
Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi düşünjesiniň ýörelgelerini we nazary esaslaryny, Ösüşiň maliýe bahalandyrmasy ýaly baha beriş gurallarynyň ulanylşyny öwrenmek.
Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň dürli görnüşleri we çemeleşmeleri, şol sanda Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi çemeleşmesini durmuşa geçirýän beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmek;
Milli hünärmenler üçin yzygiderli bilim çäreleriniň dowam etmegini ýeňilleşdirmek;
Türkmenistanda Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmeginiň strategiýasyny, şol sanda meýilnamasyny işläp düzmek, Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmeginiň başlangyç tapgyryna goldaw bermek, tehniki görkezmeleri üpjün etmek, amaly syýasat tekliplerini we maslahatlary işläp düzmek we hödürlemek.
1 of 5
Press reliz
14 July 2021
ÝUNFPA tarapyndan geçirilen gözleg işlerine laýyklykda aýallar we gyzlar üçin saýlaw mümkinçiliklerini giňeltmek Türkmenistana 87 million Amerikan dollaryny tygşytlamaga ýardam eder
Naýrobi şäherinde kabul edilen borçnamalardan soň, Türkmenistan ÝUNFPA-niň Jon Hopkins uniwersiteti, Wiktoriýa uniwersiteti we Waşington uniwersiteti, şeýle hem Awenir saglygy bilen hyzmatdaşlykda global usulyýeti ulanyp, işlenip düzülen, gözlegi geçirmäge başlady.
Mümkinçilikleri giňeltmek üçin esaslandyryş
“Maýa goýumlary esaslandyrmakda üç meýilnama teklip edilýär we netijeler olaryň hemmesinde maliýe we saglyk üçin peýdalary görkezýär” diýip, gözlegi geçiren ÝUNFPA-niň halkara geňeşçisi Mihai Horga belledi.
Iň oňat meýilnama aýallar we gyzlar üçin göwreli bolmakdan goraýan serişdelerininiň üpjünçiligini ýaýbaňlaşdyrmak we saýlamak boýunça mümkinçilikleri giňeltmegi göz öňüne tuýar. Bu hem, has köp aýallaryň göwreli bolmakdan goraýan serişdelerini mugt almak hukugynyň bardygyny we reproduktiw saglygy goraýyş kabinetler tarapyndan goşmaça göwreliligiň öňüni alyş usullaryny hödürlejekdigini aňladýar.
Bu meýilnama laýyklykda, maýa goýumlar 680 000-den gowrak meýilleşdirilmedik göwreliligiň we 22 500 howply bolan çaga aýyrtmagyň öňüni almaga mümkinçilik berer we ykdysady nukdaýnazardan 2030-njy ýylyň ahyryna çenli milli hökümet býujetinde 87 500 Amerikan dollardan gowrak pul möçberini tygşytlap, bularyň köpüsi adamlaryň abadançylygyny goldamakda goşundy bolar.
Maşgalany meýilleşdirmek diňe bir adam hukuklaryna degişli däldir. Ol ykdysady ösüşe goşant goşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin öňünden döreýän şertdir. Ýurtlar maşgalany meýilleşdirmegine ileri tutulýan mesele hökmünde garap, oňa maýa goýsalar, onda olar sagdyn ilata, has netijeli saglyk ulgamlaryna we güýçli ykdysadyýete goşant goşýarlar.
2017-nji ýyldan başlap, Türkmenistan ÝUNFPA-niň goldawy bilen gowşak ýagdaýdaky aýallara mugt göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bilen üpjün etmek üçin maliýe borçnamasyny üstüne aldy. Bu borçnama, enäniň saglygynyň gowulandyrmagyna we häzirki wagtda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda iň pes derejede bolan öňüni alyp bolýan eneleriň ölümini aradan aýyryp biler. Global pandemiýanyň bu gazanylanlary yzyna gaýtarmak howpy abanýandygy sebäpli, bu ugurlarda maýa goýumlaryny goýmagy dowam etdirmek zerurdyr.
Häzirki wagtdaky maýa goýumlaryny goýmak dowam edilse, ýurtda maşgalany meýilleşdirmegiň kanagatlandyrylmadyk zerurlygynyň peselmegi dowam edip biler. Emma göwreliligiň öňüni almak ýa-da onuň möhletini yza süýşürmek isleýän, ýöne döwrebap göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmaýan 15 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky 160 000 töweregi aýallar bar. Sebäpler her bir aýal üçin dürli bolup, olar berilýän hyzmatlar barada maglumatlaryň ýoklugyndan başlap, ene-atasynyň, ýanýoldaşynyň ýa-da jemgyýetiň goldawynyň ýoklugyndan, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini özbaşdak kesgitlemek ýa-da satyn almak ukybyna çenli tapawutlandyrlar.
Global pandemiýa bilen baglylykda, ÝUNFPA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tutuş ýurt boýunça 95 reproduktiw saglyk kabinetlerinde göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen üpjün edýär. Global üpjünçilik zynjyrynyň bökdençliklerine garamazdan, reproduktiw saglyk kabinetleriniň hemmesi azyndan dört sany döwrebap göwreliligiň öňüni alyş usuly bilen enjamlaşdyryldy.
ÝUNFPA-niň Türkmenistan boýunça Direktory hanym Julia Walleze şeýle belledi: “ÝUNFPA Türkmenistanyň Hökümetiniň Naýrobi şäherindäki üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýändigi bilen we 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda maşgalany meýilleşdirmegiň kanagatlandyrylmadyk zerurlygyny aradan aýyrmak üçin maýa goýumlaryny esaslandyrmak boýunça işi geçirmegi bilen gutlaýar”. “Maşgalany meýilleşdirmäge maýa goýulan her bir dollaryň, aýal-gyzlaryň has sagdyn we reproduktiw durmuşy alyp barmaga mümkinçilik bermekden başga-da, geljek dokuz ýylda saglygy goraýyş ulgamyna 7 dollardan gowrak girdeji getirjekdigini hakyky maglumatlar görkezýär.”
“ÝUNFPA hökümet bilen hemme aýal-gyzlaryň we jübüt bolup ýaşaýanlaryň, şol sanda yzda galanlaryň maşgalany meýilleşdirmek zerurlyklaryny kanagatlandyrsa, reproduktiw saglygyna bolan ähliumumy elýeterlilik meselesinde ösüşi tizleşdirmek üçin işini dowam etdirer” diýip, hanym Walleze belledi. “2021-2025-nji ýyllar üçin Hökümet/ÝUNFPA ýurt meýilnamasy we ýakynda kabul edilen “Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn gelejek” atly milli strategiýanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny gowylandyrmagyna we maliýeleşdirmegiň yzygiderli bolmagyna ýardam bermegi, şeýle hem Türkmenistanda ähli aýallaryň we gyzlaryň saýlamaga bolan hukuklaryny üpjün etmekde çemeleşmelerini goldamagy dowam eder."
Çözgütleri kabul etmek ukyby we beden azatlygy
Maşgalany meýilleşdirmek hem aýal-gyzlar üçin has giň mümkinçilikleri bermekde möhüm orna eýedir. Maýa goýum esaslandyrma işleriniň başlamagy bilen birlikde, ÝUNFPA beden azatlygyna gönükdirilen “Dünýä ilatynyň 2021-nji ýylda ýagdaýy” atly hasabatyň esasy netijelerini hödürledi.
ÝUNFPA-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça reproduktiw saglyk boýunça Sebitleýin geňeşçisi, doktor Tamar Homasuridze, aýallar üçin reproduktiw saglyk pudagynda ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeter däldiginiň dowam etmeginiň sebäpleriniň biri - bu aýallaryň zorlukdan gorkman, öz bedenlerine degişlilikde saýlamak mümkinçiliginiň çäklidigini ýa-da olaryň ýerine başga biri çözgüt kabul etjekdiginden ybaratdygyny tassyklady.
“Hasabata laýyklykda, dünýä boýunça aýallaryň ýarysyna golaýy özleriniň bedenine degişlilikde karar etmekligine esaslanyp ölçenýan beden azatlyklardan mahrum edilmegi (DÖM görkezijisi 5.6.1) we aýallaryň karar kabul etmeklerini goldaýan ýa-da çäklendirýän (DÖM görkezijisi 5.6.2) dürli ýurtlardaky kanunlaryň seljerilmegi bilen ölçenýär"- diýip, ÝUNFPA-niň Sebitleýin geňeşçisi belledi.
Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda saglygy goraýyş, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerinde we jyns gatnaşyklaryna “hawa” ýa-da “ýok” diýmek babatynda doly hukugy bolmadyk aýallaryň paýy henizem az däl: Ukrainada 19 göterimden, Gyrgyzystanda 23 göterimden, 31 göterim Albaniýada we Ermenistanda 34 göterimden ybaratdyr. Türkmenistanda aýallaryň 60 göterimi diýen ýaly bu möhüm meseleler boýunça garaşsyz karar berip bilmeýär.
DOM 5.6.1 görkezijisinde görkezilen üç ölçegden başga-da, halkara hukugy tarapyndan berk düzgünleşdirilýän we esasy adam hukuklaryny bozýan beden azatlygynyň beýleki taraplary hem bar. Bulara çaga nikasy, “abraý üçin” öldürmek, maşgala zorlugy, reproduktiw soraglarynda meýletinligiň ýoklugy, reproduktiw saglygyna degişlilikde bilim we “päkligini” barlamak synaglary degişlidir.
“Jemgyýetlerimiz we ýurtlarymyz diňe her bir adamyň öz bedenine degişlilikde karar bermek we öz gelejegini gurmaga mümkinçiligi bolan ýagdaýynda gülläp öser” diýip, doktor Homasuridze belledi. “Aýal-gyzlar öz bedenine degişlilikde iň möhüm karary bermek mümkinçilige eýe bolsalar, diňe bir erkinlik däl, eýsem saglyk we bilim ugurnda girdeji, ykdysady mümkinçilikler, işe ýerleşmek mümkinçilikleri we howpsuzlyk ýaly peýdalary hem gazanarlar. Bularyň hemmesi ählimiz üçin peýdaly boljak adalat we adam abadançylygy dünýäsini döredýär.”
Ýükläp alyň: Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maşgalany meýilleşdirmek üçin kanagatlandyrylmadyk zerurlyklary aradan aýyrmak üçin maýa goýum esaslarmasy
Okaň: Bilelikdäki “Üç sany transformasiýa netijeleriniň bahasy” atly gözleg işi
Okaň: ÝUNFPA-yň 2021-nji ýylda dünýä ilatynyň global ýagdaýy barada hasabaty
Has giňişleýin maglumat üçin, aşakda görkezilen salga ýüzleniň:
Kemal Goşlyýew
Reproduktiw saglygy boýunça milli Maksatnamanyň hünärmeni
goshliyev@unfpa.org
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
23 April 2020
Serişdeler
23 April 2020
Serişdeler
11 December 2018
Serişdeler
11 December 2018
1 / 11










