Soňky
Waka
15 aprel 2024
Söweşjeň ruhdan hem güýçli
Has köp öwrenme
Press reliz
24 fewral 2024
Türkmenistan durnukly ösüşe tarap ynamly ädim ädýär: BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasy öz işine başlady
Has köp öwrenme
Surat
16 fewral 2024
Durnukly ösüş maksatlarynyň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçilerini sylaglamak dabarasy, 15-nji fewral 2024 ý.
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 maý 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.
Waka
15 aprel 2024
Söweşjeň ruhdan hem güýçli
Söweş sungatlarynyň ussatlarynyň ählisinde, uly tutluşygyň öňünden ýerine ýetirýän däbi bardyr. Bu olaryň iýýän ýörite tagamy ýa-da ýaryşlaryň öňünden diňleýän aýdymy bolup biler. Türkmenistanly ussat kikboksçy Mustafanyň däbi bolsa komediýa filmlerine tomaşa etmek bolup durýar.Ol “Söweşden öň men saz diňleýärin we komediýa filmlerine tomaşa edýärin. Men söweş barada hiç hili pikir etmeýärin. Haçan-da men ringe çykanymda, men diňe şol wagtda söweş barada pikir edip başlaýaryn” diýýär.Bu adaty bolmadyk çemeleşme ýaly görünip biler. Emma ol soňky 84 sany tutluşygyň 79-da ýeňiş gazanandygy sebäpli bu usulyň peýdalydygyny aýtmak bolar. Mustafanyň iň uly arzuwy – Türkmenistan üçin halkara derejede çykyş etmek, ýöne muňa bir päsgel bar. BMG BIÝK-yň tarapyndan ykrar edilen bosgun hökmünde onuň türkmen baýdagy astynda çykyş etmek üçin zerur bolan resminamalar Mustafada ýok.Gaçmaga mejbur bolanMustafa takmynan 30 ýyl mundan öň bary-ýogy alty ýaşynda wagty Türkmenistana geldi. Ejesi, kakasy we iki sany uly erkek dogany bilen, olar Owganystandaky giň gerimli zorluklardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçyp gaýtdylar.Mustafa we onuň iki sany erkek dogany başlangyç we orta mekdebi tamamladylar, türkmen we rus dillerini öwrendiler. Türkmenistan olaryň Watanyna öwrüldi. Şeýle hem olar sportuň meşhur milli görnüşleri bilen meşgullandylar, hususan-da, Mustafany kikboks gyzyklandyrdy.Owganystandan gaýdanlarynda olar gaty kiçi hem bolsalar, ol ýerdäki durmuşy we Türkmenistana göçüp gelişleri baradaky wakalar anyk ýadyna düşýär. “Mekdebe gidip başlanymda beýleki çagalara düşünmek, mekdebe uýgunlaşmak maňa kyn düşmedi. Sebäbi meniň häsiýetimde güýçli bolmaklyk bar” diýip, Mustafa aýdýar. Hut şol güýçli bolmaklyk häsiýeti sebäpli hem Mustafa höwesjeň-söweşijiden ussat kikboksçy we tälimçi derejelerine ýetdi.Söweşjeň ruhyMustafa ilkinji gezek bäsleşige 18 ýaşynda gatnaşdy we şondan bäri jemi 16 bäsleşikde ýeňiş gazandy. Yzygider gazanylan ýeňişler sebäpli, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik gazandy. Ýurduň ähli künjeklerinden saýlanan beýleki türgenler ýaly Mustafa hem bäsleşikden öň tutuş bir ýylyň dowamynda türgenleşik geçdi. Emma açylyş dabarasyna bary-ýogy birnäçe gün galanda ol ýaryşlardan mahrum edildi – Musatafanyň Türkmenistanyň raýaty däldigi we bosgun statusyna eýe bolandygy sebäpli, dolandyryjy halkara sport komiteti oňa Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge rugsat berilmeýändigini yglan etdi. “Bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigim üçin gaty gynandym. Ýöne ondan soň men has hem güýçli boldum” diýip, Mustafa belleýär.“Beýik kikboksçy bolmak üçin, fiziki güýçden we çydamlylykdan başga-da köp zatlar talap edilýär. Sportuň bu görnüşi üçin uly hyjuwyň bolmaly. Ondan başga-da gowy adamkärçiligiň, güýçli gylyk-häsiýetiň bolmalydyr we hiç zatdan gorkmaly däl” diýip, ol sözüni dowam etdi. Mustafa öz gynanjyny has yhlasly türgenleşiklere gönükdirdi.79 sany gazanylan ýeňişlerden ol Prezidentiň Kubogyny gazanandygyna aýratyn buýsanýar. “Bäsleşige 350-den gowrak kikboks ussatlary gatnaşdylar. Men hem bu bäsleşige gatnaşdym we Prezidentiň kubogyny gazandym. Men muňa örän buýsandym.” diýip Mustafa aýdýar. – “Soňra bolsa ussat kikboksçy bolandygym sebäpli, maňa kikboks boýunça tehniki türgeniň goşmaça kubogyny hem gowşurdylar”.Mundan başga-da, bäsleşiklere gatnaşmakdan daşary Mustafa ýerli sport klubynyň 150-den gowrak okuwçysyny, şol sanda oglanlary we gyzlary, uly ýaşlylary we beýleki hünärmenleri türgenleýär. Ýaňy-ýakynda onuň okuwçylarynyň biri Fight Nation halkara çempionatynda ýeňiş gazandy.Ýüregiňe ýakyn bolan ýer öýüňdir“Men Türkmenistanda alty ýaşymdan bäri ýaşaýaryn” diýip, Mustafa aýdýar. – “Biz özümizi türkmen hökmünde duýýarys”.“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli. Men Türkmenistanda bu käre eýe boldum. Öz maşgalam üçin pul gazanyp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin”.Men Türkmenistanyň pasportyny almak isleýärin. Men Türkmenistanyň adyndan çykyş edesim gelýär”- diýip, Mustafa aýdýar.Boksuň dolulygyna galtaşmaly sport görnüşi bolup durýandygy we Mustafanyň häzirki wagtda 32 ýaşyndadygy sebäpli, onuň bäsleşiklere gatnaşmagy üçin az wagt galan bolup biler. Emma edil häsiýeti ýaly onuň ygrarlylygy hem örän güýçli bolup, ol umydyny ýitirmeýär. “Men her gün türgenleşik geçýärin we özümi sagdyn ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn. Men öz köp maksatlaryma ýetip bilmesem-de, şägirtlerim bilen bilelikde eýýäm köp sanly ýeňişleri gazandyk. Olar bilen bir hatarda men hem özümi bäsleşikde birinji orny eýelän ýaly duýýaryn” diýip, Mustafa aýdýar.*****************Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG BIÝK tarapyndan ykrar edilen 13 sany bosgun bolup, olar ýurtda milli gaçybatalga ulgamy döredilmezden öň hasaba alnan. Olaryň hemmesi 20 ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ýaşaýarlar, türkmen dilinde erkin gürleýärler we türkmen jemgyýetine uýgunlaşan ýagdaýda ýaşaýarlar. Olaryň käbiri, mysal üçin Mustafa we onuň erkek dogany, Türkmenistanyň raýatlary bilen durmuş gurdylar we olaryň çagalary türkmen raýatlary bolup durýarlar.Ýöne olaryň bosgun statusynyň hökümet tarapyndan ykrar edilmeýändigi sebäpli (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda), 13 adamyň ählisiniň hukuk ýagdaýy kesgitsiz bolup durýar. Bu bolsa olaryň zähmet üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meselelerde päsgelçiliklere duçar bolmagyna sebäp bolýar.BMG-iň agza döwletleri tarapyndan bosgunlaryň goragyny goldamak boýunça ygtyýarlandyrylan gurama hökmünde BMG BIÝK, Türkmenistanyň hökümetini bosgunlaryň raýatlyk üçin arza bermegine mümkinçilik döretmek, esasy hukuk we hyzmatlaryň olar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek, gujak açyp garşy alan ýurduň ösüşine olaryň hem goşant goşmagyna mümkinçilik bermek arkaly ýurtdaky bosgunlaryň ýaşaýyşyny utgaşdyrmaga çagyrýar. 2023-nji ýylda Türkmenistan 2 sany bosguna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi. BMG BIÝK bu mesele boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär, şeýle-de göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýär.
1 of 5
Waka
19 fewral 2024
DÖM-iň Ýaş ilçileri Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşan goşantlary üçin sylaglandy
15-nji fewral 2024 ý. Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçilerini – DÖM-iň ilçilerini sylaglamak dabarasyny gurady. Bu çärede DÖM-iň 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýaş ilçileriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekde gazanan üstünlikleri bellenildi.
DÖM-iň ilçileri bu BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Daşary işler ministrligi we Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki başlangyjy bolup, ol Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmak boýunça işlere türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Her bir ilçi öz jemgyýetiniň işjeň lideri bolup, ol Global maksatlaryň birini saýlaýar we şol maksat barada ýaşlaryň arasynda habardarlylygy artdyrýar.
BMG-niň binasynda geçirilen dabara 60-dan gowrak ýaşlar, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we beýleki gyzyklanma bildirýänler gatnaşdylar. Dabara ýurdy durnukly ösüşe tarap alyp gitmekde saldamly goşant goşan DÖM-iň ilçileriniň öz işine ygrarlylyklaryny hormatlamagyň platformasyna öwrüldi. Dürli başlangyçlar, taslamalar we habardarlygy artdyrmak boýunça işler arkaly bu ilçiler, ähmiýetli jemgyýetçilik we daşky gurşaw meselelerini çözmekde nusgawy görelde boldular.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý ŞLAPAÇENKO: "Bu ýaşlar döwrüň hakyky gahrymanlary bolup, olar kynçylyklardan gorkmaýarlar we ýagty geljege ynanýarlar" -diýdi. "Olaryň ýadawsyz tagallalary, hyjuwy we innowasion çemeleşmesi ýurtda Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmakda we jemgyýeti bu maksatlara ýetmek üçin çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrmakda örän möhümdir."
2019-njy ýyldan başlap, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri bolmak maksady bilen “DÖM-iň ilçileri” bäsleşigine Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100-den gowrak höwesjeň gatnaşdy. Häzirki üçünji topar, ýagny 2022-2024-nji ýyllar üçin ilçiler 18 agzadan ybarat bolup, olar iýulda öz işini tamamlar we DÖM-iň ilçileriniň estafetasyny indiki topara geçirmäge taýýarlanýarlar.
Bu günki çäre geljekdäki meýilnamalary hem hem göz öňünde tutdy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy ýakyn wagtda DÖM-iň 2024-2025-nji ýyllar Ýaş ilçiligine saýlawlaryň başlaýandygyny yglan eder. Şol sebäpli hem çäräniň maksady indiki topara goşulmak isleýän ýaş gatnaşyjylaryň arasynda DÖM-iň ilçileriniň işi barada habardarlygy artdyrmakdan ybarat boldy.
Häzirki wagtda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynda okuw tejribesini geçýän hanym Sabrina Guseýnowa özüniň DÖM-iň ilçisi hökmünde gazanan tejribeleri we ilçileriň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp berdi. “DÖM-iň ilçisi bolmak bu hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak tejribe. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen Durnukly ösüş maksatlary barada habardarlylygy artdyrmagy, we adamlary bu ugurdaky çärelere işjeň gatnaşmagyny başardyk, şeýle-de bu maksatlara ýetmekde möhüm öňe gidişlik gazandyk. Jemgyýetimde we başga ýerlerde oňyn özgerişlere goşant goşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.”
Bu günki günde DÖM-iň ilçileri Türkmenistandaky halkara guramalar we döwlet edaralary tarapyndan guralýan ýokary derejeleri çärelere gatnaşýarlar. Bu çärelerde ilçiler öz garaýyşlaryny beýan edýärler we durnukly ösüşiň “hiç kimi ünsden düşürmezlik ” ýörelgesini öňe sürýärler. DÖM-iň ilçisi bolmak bu hyjuwly we höwesli adamlar üçin Türkmenistanda we dünýäde has adalatly we abadan gurmaga goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
DÖM-iň ilçileri, ýaşlaryň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan geljegi gurup biljekdiginiň aýdyň mysalydyr. Olaryň ýerine ýetirýän işi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde möhümdir. DÖM-iň ilçileriniň gazanan üstünliklerini buýsanç bilen belläp, BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary olaryň işlerini dowam etdirjek indiki ýaş liderleri goldamagy we olar üçin mümkinçilikleri döretmegi dowam edýär.
1 of 5
Waka
18 ýanwar 2024
Government of Turkmenistan, civil society and humanitarians discuss refugee emergency response
23-nji noýabr, 2024 ý. – Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, raýat jemgyýetiniň we BGM-niň Agentlikleriniň wekilleri adamlar gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda jogap çäreleri boýunça maslahatlaşmak üçin Aşgabatda jemlendiler.
Bu çäre BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (UNHCR) Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýerine ýetirilmeli işleriň ýyllyk meýilnamasy esasynda guraldy. Çäräniň maksady oňa gatnaşyjylary bosgunlary goramagyň halkara ýörelgeleri, serhetleri dolandyrmak we ejiz toparlary kesgitlemek, şeýle-de ynsanperwer işini utgaşdyrmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak ybarat boldy.
Maslahatyň başynda Türkmenistan Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň başlygy Ataýew Gurban, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa çykyş etdiler.
“Soňky on ýyllygyň dowamynda dünýädäki göçmäge mejbur bolan adamlaryň sany 100 milliondan geçdi we olaryň 34,6 million sanysy bosgunlar bolup durýar. “Bu bolsa adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda olara jogap çäreler boýunça mehanizmleriň gerekdigini görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy. – Bu maslahat Türkmenistanyň bosgunlar bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri çözmäge hem-de hökümet, raýat jemgyýeti we halkara guramalaryň arasyndaky utgaşdyrmak işlerine bitewi şekilde çemeleşmäge, şeýle-de halkara standartlary esasynda hereket etmäge ygrarlydygyny görkezýär”.
Bu maslahat BMG-niň UNHCR-ň Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen raýatsyzlygy kesgitlemegiň amallary boýunça geçirilen ýygnagyň ertesi gün geçirildi. Maslahat UNHCR-ň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2023-nji ýyla çenli bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda öz işini üstünlikli tamamlandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 13 sany bosgun we 3351 sany raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýar. UNHCR Türkmenistanyň Hökümetine göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary gorag bilen üpjün etmekde, şeýle-de kyn ýagdaýlar üçin durnukly çözgütleri tapmakda goldaw berýär.
UNHCR-ň Merkezi Aziýada alyp barýan işleri adamlary ýaşaýyş jaýlary üpjün etmegiň ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, bosgunlar baran ýerlerine uýgunlaşmagyna ýardam bermäge, raýatsyzlygy aradan aýyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen.
1 of 5
Waka
06 noýabr 2023
Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýar
Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny gurnady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşky gurşaw meseleleri barada habarly bolmaklary we howanyň üýtgemegi boýunça global göreşe işjeň gatnaşmaklary üçin möhüm itergi boldy.
Çäre Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň maksady ýaşlarda howanyň üýtgemegi, onuň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşe hem-de ekologiki durnuklylyga we bio-dürlülige ýetirýän täsiri barada habarlylygy artdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle hem bu maslahat, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak bilen baglanyşykly öňde baryjy tejribeleri durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri tapmaga gönükdirildi.
Her ýyl geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň şu ýyl Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilmegi täze girizilen üýtgeşme boldy we maslahatyň gerimini has hem giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we eko-aktiwistler bilen bu şäherleriň ýaşlarynyň arasynda bolan gürrüňdeşlikler howanyň üýtgemegi boýunça pikir alyşmaga we has işjeň gatnaşan ýaşlara Aşgabatdaky jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi. Maslahatda gurnalan gürrüňdeşlikleriň barşynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy global derejede alnyp barylýan göreşe işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny görkezidiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyndan bäri bu ugurda gazanylan üstünliklere hem baha berildi. Mundan başga, türkmen ýaşlary özleriniň geljekde Türkmenistanda amala aşyrmak üçin taslamalaryny hödürlediler, bu taslamalar hem 2024-nji ýyl üçin Işleriň meýilnamasyna girizildi. Maslahat howanyň üýtgemegi meselesine işjeň gatnaşmaga höwesli ýaşlar toparynyň döredilmegine hem badalga berdi. Bu toparyň maksady ýaşlaryň taslamalaryna goldawy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda howanyň üýtgemegine garşy göreş, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin platforma öwrüler. Maslahatda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama Türkmenistanyň ýaşlarynyň talaplaryny, şeýle hem olaryň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň işine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli syýasata, beýleki temalara garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Ýaşlar Beýannamasynyň COY18-de tanyşdyrylyşy geçiriler we ol Dubaýda geçiriljek COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň jemleýji tapgyry ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalary jemleýär. *** Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.
Her ýyl geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň şu ýyl Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilmegi täze girizilen üýtgeşme boldy we maslahatyň gerimini has hem giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we eko-aktiwistler bilen bu şäherleriň ýaşlarynyň arasynda bolan gürrüňdeşlikler howanyň üýtgemegi boýunça pikir alyşmaga we has işjeň gatnaşan ýaşlara Aşgabatdaky jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi. Maslahatda gurnalan gürrüňdeşlikleriň barşynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy global derejede alnyp barylýan göreşe işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny görkezidiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyndan bäri bu ugurda gazanylan üstünliklere hem baha berildi. Mundan başga, türkmen ýaşlary özleriniň geljekde Türkmenistanda amala aşyrmak üçin taslamalaryny hödürlediler, bu taslamalar hem 2024-nji ýyl üçin Işleriň meýilnamasyna girizildi. Maslahat howanyň üýtgemegi meselesine işjeň gatnaşmaga höwesli ýaşlar toparynyň döredilmegine hem badalga berdi. Bu toparyň maksady ýaşlaryň taslamalaryna goldawy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda howanyň üýtgemegine garşy göreş, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin platforma öwrüler. Maslahatda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama Türkmenistanyň ýaşlarynyň talaplaryny, şeýle hem olaryň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň işine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli syýasata, beýleki temalara garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Ýaşlar Beýannamasynyň COY18-de tanyşdyrylyşy geçiriler we ol Dubaýda geçiriljek COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň jemleýji tapgyry ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalary jemleýär. *** Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.
1 of 5
Waka
17 oktýabr 2023
Türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini artdymak: Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynda suw serişdeleri barada maslahatlaşyldy
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunda geçirilen çäre, ýaşlaryň gatnaşmagynda howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň maksady Türkmenistanyň ýaş neslini, olaryň pikirleriniň we teklipleriniň sebit liderleriniň tarapyndan diňleniljek çärelere işjeň gatnaşmaga höweslendirmekden ybarat boldy. Çärede howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsirine garşy göreşmegiň möhümdigini bellenildi. Bu bolsa sebitiň durnuklylygy we aýdyň geljegi üçin möhüm mesele bolup durýar.
Maslahata BMG-niň dürli agentlikleriniň wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Marti Wolli we ilçihananyň jogapkär işgärleri, hem-de BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri, 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda “Durnukly suw dolandyryşyny kämilleşdirmek arkaly oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak”, “Durnukly we gaýtalanýan sarp edilişi ösdürmek”, “Suw serişdelerini howpsuz we täsirli ulanmak” ýaly temalar boýunça çykyşlar geçirildi. Çykyşlarda howanyň üýtgemeginiň, suw serişdeleriniň, durnukly oba hojalygynyň we jogapkärçilikli sarp etmegiň arasyndaky baglanyşyk barada gyzykly pikirler beýan edildi. Şeýle hem, daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegiň howanyň üýtgemegine garşy göreşde esasy gural bolup durýandygyny belläp, ony ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini ýene bir gezek görkezdi. Geçirilen çäre Türkmenistanly ýaşlarda howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Ýaşlara öz pikirini beýan etmäge mümkinçilik döretmek bilen, maslahat howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsiri we daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegi babatynda dialogy we olara garşy çözgüt tapmak üçin hyzmatdaşlygy öňe sürdi. Şeýle hem bu maslahat Türkmenistan we bütin dünýä üçin durnukly gelejegi üpjün etmekde ýaş nesliň mümkinçiliklerini artdymak üçin möhüm ädim boldy.
1 of 5
Press reliz
26 fewral 2024
Türkmenistan durnukly ösüşe tarap ynamly ädim ädýär: BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasy öz işine başlady
Çärä esasy gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalarynyň ilçileri we işgärleri, Türkmenistandaky halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu platforma konstruktiw dialog we durnukly ösüş meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin möhüm forum döreder. Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretmek bilen, bu platforma innowasion çözgütleri tapmak arkaly Türkmenistanyň ähmiýetli ösüş elde etmegine ýardam berer. Şeýle hem bu platforma bilim, tejribe we serişde alyş-çalyşy üçin merkezleşdirilen meýdançany üpjün etmek bilen öňden bar bolan tagallalara we başlangyçlara goşant goşmak üçin niýetlenendir.
“BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasynyň döredilmegi ýurduň hususy pudagynyň inklýuziw we durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko belledi. Şeýle hem ol “Hyzmatdaşlyk etmek arkaly biz meseleleri bilelikde çözeris we hemmeler üçin ýagty geljegi gurmak ugrunda işleri alyp bararys” diýdi.
Çäräniň esasy mowzugy hususy pudagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we DÖM-i ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdy. Çykyş edenleriň käbirleri innowasiýalary, serişdeleri we hususy pudagyň tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň durnukly ösüşini tizleşdirip boljakdygy baradaky pikiri goldadylar.
Geljekde bu platforma ýurduň ösüş meýilnamasyny düzmekde we oňyn netijelere ýetmekde möhüm orun eýelär. Yzygiderli duşuşyklar we maslahatlar gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny we habarly bolmagyny üpjün eder hem-de hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşygyny ýola goýar.
Bu platforma konstruktiw dialog we durnukly ösüş meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin möhüm forum döreder. Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretmek bilen, bu platforma innowasion çözgütleri tapmak arkaly Türkmenistanyň ähmiýetli ösüş elde etmegine ýardam berer. Şeýle hem bu platforma bilim, tejribe we serişde alyş-çalyşy üçin merkezleşdirilen meýdançany üpjün etmek bilen öňden bar bolan tagallalara we başlangyçlara goşant goşmak üçin niýetlenendir.
“BMG bilen Hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk platformasynyň döredilmegi ýurduň hususy pudagynyň inklýuziw we durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko belledi. Şeýle hem ol “Hyzmatdaşlyk etmek arkaly biz meseleleri bilelikde çözeris we hemmeler üçin ýagty geljegi gurmak ugrunda işleri alyp bararys” diýdi.
Çäräniň esasy mowzugy hususy pudagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we DÖM-i ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdy. Çykyş edenleriň käbirleri innowasiýalary, serişdeleri we hususy pudagyň tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň durnukly ösüşini tizleşdirip boljakdygy baradaky pikiri goldadylar.
Geljekde bu platforma ýurduň ösüş meýilnamasyny düzmekde we oňyn netijelere ýetmekde möhüm orun eýelär. Yzygiderli duşuşyklar we maslahatlar gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny we habarly bolmagyny üpjün eder hem-de hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşygyny ýola goýar.
1 of 5
Press reliz
16 fewral 2024
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrniň orunbasarynyň duşuşygy
Duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Göni gepleşik”: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa” atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi.
Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP-28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.
Şu nukdaýnazardan taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumyna, şeýle hem forumyň çäginde geçiriljek Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tegelek stol maslahaty barada nygtadylar.
Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
1 of 5
Press reliz
17 ýanwar 2024
BSGG Türkmenistanda orta mekdep okuwçylary üçin immunizasiýa boýunça saglyk okuwlaryny geçirýär
Bu sapaklar COVID-19 ýokanjy sebäpli dörän ýagdaýa garşy göreşmek çäreleri boýunça Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin BSGG-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamasynyň (CACCR) çäginde Türkmenistanyň Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Köneürgenç, Mary, Baýramaly, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde gurnaldy.
Türkmenistanyň ähli künjeklerinde okaýan çagalar elleri dogry ýuwmakdan başlap, immun ulgamy, sanjymlar we ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm mowzuklar barada öwrendiler. Bu sapaklaryň dowamynda mekdep okuwçylary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan orta mekdep okuwçylary üçin immunitet we sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky bilimleri güýçlendirmek üçin işlenip düzülen “Immun patrul” sanly modul düşünjesi bilen tanyşdylar.
Interaktiw sapaklara gatnaşan mekdep okuwçylary BSGG-dan ýadygärlik sowgatlar aldylar.
Mekdeplerde geçýän okuw sapaklarynyň daşyndan bu goşmaça wagyz-nesihat çäreler okuwçylaryň ýokanç keseller we olaryň saglyga ýetirýän täsirleriniň baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem çagalara, olaryň maşgalalaryna we dostlaryna, öňüni alyş çäreleri görmäge we sagdyn durmuş ýörelgelerine sagdyn garaýyşlary döretmäge, sanjymlaryň netijeliligine we howpsuzlygyna bolan ynamy güýçlendirmäge üçin döredildi.
2024-nji ýylda BSGG Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin direktory #Youth4Health (Ýaşlar saglygyň tarapdarlary) ýörite başlangyjynyň çäginde, Türkmenistanyň ýaşlaryny saglyk we abadançylyk meselelerine çekmegi dowam etdirer.
1 of 5
Press reliz
11 ýanwar 2024
BSGG we ÝUSAID inçekeseli bejermekde jemgyýetleriň gatnaşygyny üpjün etmek boýunça okuw geçirdiler
BSGG-niň hünärmeni Doktor Armen Haýrapetýanyň ýolbaşçylygynda geçirlen okuw inçekesele garşy göreşmek üçin berilýän hyzmatlary netijeli durmuşa geçirmek üçin hassalara gönükdirilen lukmançylyk kömeginiň modelini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Okuwyň dowamynda, Inçekeseliň öňüni almak we bejermek merkeziniň, Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ftiziatriýa kafedrasynyň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň wekilleri bilim aldylar we bu modeli netijeli durmuşa geçirmegiň iň gowy usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar inçekeseli bejermegiň we onuň öňüni almagyň netijelerini gowulandyrmak, jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem inçekesele garşy göreşmek üçin berilýän hyzmatlaryň ählisinde adam hukuklaryny we gender taraplaryny göz öňüne tutmak üçin jemgyýetçilik esasynda goldaw hyzmatlaryny durmuşa geçirmek babatynda esasy ýörelgeler we görkezmeler bilen has çuňňur tanyşdylar.
Şeýle-de, okuwyň dowamynda jemgyýetçilik esasynda inçekesele garşy hyzmatlary we ilatyň esasy we ejiz toparlar, şol sanda belli bir sebitlerde ýaşaýan adamlar bilen işlemegiň aýratynlyklary, çagalarda inçekeseli bejermek üçin maşgala çemeleşmesi, adatdan daşary ýagdaýlarda inçekesele garşy hyzmatlaryny bermek, jemgyýetçilik esasynda goldaw hyzmatlarynyň standartlaşdyrylan bukjasynyň çykdajylaryny hasaplamagyň usulyýeti we ondan peýdalanmak ýaly mowzuklaryň üstünde durulyp geçildi.
1 of 5
Press reliz
28 dekabr 2023
Türkmen ýaşlary 2023-nji ýylda gazanan üsütnliklerini görkezdiler
Çärä BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Narine Saakýan, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we ýurtdaky diplomatik korpusyň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Forumyň we köpugurly serginiň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň 2023-nji ýylda bilim, ylym, sport, medeniýet, senagat, oba hojalygy we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünlikleri görkezildi. Bu üstünlikler ýaşlaryň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny we olaryň ýurduň abraýyny saklamak hem-de ýokarlandyrmakda möhüm orn eýeleýändiklerini görkezdi. Çäre terjribe we pikir alyşmak platforma öwrüldi, şeýle hem ýaşlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmeklerine itergi boldy.
Öz çykyşynda hanym Saakýan ýaşlary goldamagyň we olaryň durnukly ösüşe goşýan goşandynyň möhümdigi barada aýtdy. Onuň bu çärä gatnaşmagy BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýaşlar babatynda başlangyçlary öňe sürmek we goldamakda möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana ýaşlar syýasatynda, ulag ulgamynda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklaryna eýe boldy. Hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Hökümetine şu sylaglary gowşurdy:
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň adyndan Hoşallyk haty;
«Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlandyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänama;
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Gauting Supramilli Referens barlaghanasy tarapyndan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasynyň molekulýar barlaglarynyň hiline daşarky baha beriş işleriniň üstünlikli geçirilendigini tassyklaýan üç sany güwänama;
«Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama;
«Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama;
Ýaşlar maslahaty we sergisi türkmen ýaşlarynyň geljek üçin mümkinçiliklerini görkezýän ähmiteli waka boldy, şeýle-de ýurduň dürli ugurlarda ýokary standartlara ýetmek isleýändigini görkezdi.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11